Barlaghananyň mümkinçilikleri
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolan oba hojalygyny, şol sanda maldarçylyk pudagyny hem ylmy esasda ösdürmekde uly tagalla edýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem ilatyň maldarçylyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, mallaryň baş sanyny artdyrmak, olaryň tohumçylyk-seçgi işlerini alyp barmak, önümliligini ýokarlandyrmak we ot-iýmlik binýadyny berkitmek babatynda degişli işleri geçirmek boýunça anyk wezipeler goýuldy. Şu wezipelerden ugur alyp, häzirki wagtda maldarçylyk pudagynda hem uly özgertmeler amala aşyrylýar. Dowardarçylyk Türkmenistanda maldarçylygyň kämilleşen, esasy pudaklarynyň biridir. Ýurdumyzyň özboluşly tebigy we howa şertleri bu pudagyň üstünlikli ýaýbaňlanmagy üçin örän amatlydyr.