Toprak — bereket çeşmesi

12 Ýanwar 2021
1984

— Ekerançylykda özüne ussat diýdirmegi başarýan, eýeçiligindäki ýere siňdiren alyn derinden bereket tapýan daýhanlar hojalygymyzda az däl. Şolaryň biri hem zähmetsöýer daýhan, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Döwran Täçmyradowdyr — diýip, Serdar etrabynyň «Paraw» daýhan birleşiginiň başlygy Aşyr Geldinazarow ýaşyl maýsaly meýdanyň gyrasyndan egnine pilini atyp, dogumly ýöräp gelýän ýaş ýigide tarap garap durşuna buýsançly gürledi. — Geçen ýylyň galla oragy möwsüminde daýhan birleşigimiz boýunça 2152 tonna guşgursak dänäni Watan harmanyna tabşyryp, uly üstünligiň eýesi bolduk. Şeýle ajaýyp netijäni gazanmagymyzda 5 gektar kärende ýeriniň her gektaryndan 42 sentner hasyl alan şu ussat kärendeçi gallaçynyň hem goşandy az bolmady — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Hawa, kärendeçi daýhan Döwran Täçmyradow halal zähmet çekip, rysgal-döwletiň, berekediň eýesi boldy. Ol — halal baýamaklygyň ýoluny daýhançylykdan tapanlaryň biri. Arly ýyllar çekilen irginsiz zähmet, ene topraga siňdirilen yhlas kiçigöwünli, pespäl ynsana şan-şöhrat getirdi. Örküni topraga baglap, daýhançylyk kesbini ýetginjeklikden dowam edip gelýän ýigidiň päk yhlasyny onuň ýetişdirýän boldumly hasylynyň mukdarynda-da, ýokary hilinde-de aýdyň görmek bolýar. «Azapsyz ýeriň ady ýok» diýleni. Daýhan ýigidiň aýdyşy ýaly, ýere yhlas bilen ýapyşsaň, ondan bol hasyl alyp bolýar.

Ene ANNAMYRADOWA,
Serdar şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň nakgaş mugallymy.