"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Dur­muş gur­maz­dan ozal

Dogan JÜJELOGLY,türk ýazyjysy, psiholog (Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

KÄDILI GÜÝZ TAGAMY

Güýz paslynyň gelmegi bilen adamyň organizminde witamin zerurlygy ýüze çykyp bilýär. Şol sebäpden gündelik iýmitimizde witaminlere baý bolan önümleri köpräk iýmegimiz hökmandyr. Şeýle önümleriň biride kädidir. Kädiden taýýarlanýan naharlar dürli görnüşli bolup, içi etli howur peçde taýýarlanýan görnüşi köpleriň söýgüsini gazanandyr. Žurnalyň bu gezekki sanynda onuň taýýarlanylyşyny size ýetirmegi makul bildik.. GEREKLI ÖNÜMLER:

Ene süýdi — sagdynlygyň kepili

«Türkmenistan Sport»: № 3 (23), 2024 Her ýy­lyň 1 — 7-nji aw­gus­ty ara­ly­gyn­da «Ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­giň bü­tin­dün­ýä hep­de­li­gi» bel­le­nil­ýär. Bu hep­de­lik il­kin­ji ge­zek 1992-nji ýyl­da Ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­mek bo­ýun­ça Bü­tin­dün­ýä bir­leş­me­si ta­ra­pyn­dan bel­le­ni­lip, hä­zir­ki wagt­da ÝU­NI­SEF, BSGG ýa­ly ab­raý­ly gu­ra­ma­lar ta­ra­pyn­dan gol­da­nyl­ýar.

ABU ALY IBN SINANYŇ ÖZ PERZENDINE BEREN NESIHATLARYNDAN

Myhmana iş buýurma. ***

Eneler — dünýämiziň görki

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda türkmen zenanlarynyň mertebesi belent tutulyp, olaryň zähmet ukyplaryny doly derejede açmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň zenanlary ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýärler. Olaryň arasynda başarjaň ýolbaşçylar, alymlar, mugallymlardyr lukmanlar, telekeçiler, syýasatçylar hem-de diplomatlar bar. Ýöne olar, ilkinji nobatda, aladaçyl enelerdir, wepaly ýanýoldaşlardyr, mähirli uýalar we gyzlardyr, maşgala ojaklarynyň eli çeper eýeleridir. Ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Zenanlaryň abadan ýaşaýşyny üpjün edýän ýeňillikler bolsa yzygiderli kämilleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda bu barada gymmatly maglumatlar getirilýär. Dürli rowaýatlardyr tymsallaryň üsti bilen zenan mukaddesligi açylýar.

Maşgalam — baş galam

Her bir maşgala çaga üçin durmuşy mekdepdir. «Agaç miwesinden, ynsan balasyndan tanalar» diýen pähimi durmuş eleginden geçirip gelýän halkymyz perzendine, onuň edep-terbiýesine, aň-paýhasyna örän ähmiýet beripdir. Bu ýörelge milli däp-dessurlarymyzda, yrym-ygtykatlarymyzda hem aýdyň şöhlelenýär. Ýagty jahan bilen tanşan gününden başlap, ene-mamalarymyzyň çaga üçin edýän arzuwlarynda, heňe salýan owazly hüwdülerinde çaganyň geljekki durmuş menzilleri dogrusynda ýagşy umyt-arzuwlar beýan edilýär. Halkymyzyň perzendine bolan söýgüsini çagasy üçin tutýan toýlarynda, onuň üçin edýän bimöçber aladalarynda görmek bolýar.

Çagany — ýaşdan, edebi — başdan

Çagalaryň kalbynyň, hakydasynyň ak kagyz ýaly arassadygyny hemmämiz bilýäris. Çaga näme öwretseň, ol şony hem kabul edýär. Şonuň üçin ata-babalarymyzdan miras bolup gelýän asylly ýörelgelere berk eýerýän halkymyz çaga terbiýesine örän çynlakaý çemeleşýär. Bu işde ilki ata-enäniň, soň ony gurşap alýan jemgyýetiň ähmiýeti örän uludyr. Şol sebäpli hem biziň ýurdumyzda watansöýüji, bilimli, giň dünýägaraýyşly nesilleri kemala getirmek üçin örän uly işler amala aşyrylýar. Çaga terbiýesiniň ilkinji binýady maşgalada goýulýar. Merdana halkymyzyň aňyrdan gelýän ýaşaýyş-durmuş kadalary haýsy maşgalada göwnejaý berjaý edilse, şol öýde hemmetaraplaýyn sagdyn, halal, päkize, ilhalar nesil ýetişýär. Terbiýeçilik işi ululardan pähim-parasatlylygy, oýlanşyklylygy talap edýär. Maşgala terbiýesi ýaşlary taplaýar we kämillik ýoluna atarýar. Halkymyzyň ula hormat goýmak, kiçini sarpalamak baradaky maşgala edebi nesilden-nesle geçip, häzirki günlerde hem berk berjaý edilýär. Bu asylly ýörelgelere eýermekligi ýaş nesillerimize çagalykdan endik etdirilýär.

Asylly ýörelgeleriň gözbaşy

Zähmetsöýer, halal, päk ahlakly, ruhubelent şahsyýeti kemala getirmek halkymyzyň milli terbiýeçilik mekdebiniň gözbaşynda durýan ýörelgedir. Şonuň üçinem häzirki döwürde ýaş nesle berilýän terbiýäniň halallyk we halal zähmet bilen utgaşykly alnyp barylmagyna uly ähmiýet berilýär. Çünki jemgyýetiň we döwletiň abadançylygy her bir raýatyň ahlak kämilligi bilen berk baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde halkymyzyň durmuş derejesi ýokarlanýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, päk ýürekden zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ajaýyp zamanamyzda türkmen maşgalasyna agzybirlik, halallyk, birek-birege hormat goýmak, sabyr-kanagatlylyk ýaly iň gowy gylyk-häsiýetler mahsusdyr. Ata-babalarymyzyň döreden «Halal zähmet — baky döwlet» diýen pähimi halkymyzda tutanýerli zähmete, halal gazanja uly hormat goýulýandygyny, eşretli ýaşaýşa ýetmek üçin halal zähmet çekmelidigini görkezýär. Eger-de adam ýaşlykdan bilim almaga we zähmet çekmäge uýgunlaşsa, ol durmuş ýolunda kynçylyk çekmeýär. Şoňa görä-de, ýaş nesillere mekdep ýyllaryndan kämil terbiýe berip, zähmet çekmäge endik etdirmek terbiýeçilik ulgamynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir.

Bä­bek to­ýy

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Her bir türk­men maş­ga­la­sy ça­ga dün­ýä ine­nin­den, maş­ga­la tä­ze bir ki­çi­jik yn­sa­nyň ge­lip go­şul­ma­gy­ny uly buý­sanç-şat­lyk bi­len bel­läp, ony toý tut­mak bi­len gar­şy al­ýar. Mu­ňa «Bä­bek to­ýy», kä­bir we­la­ýat­lar­da «Piş­me to­ýy» di­ýil­ýär. Bu to­ýa her bir tä­ze dur­muş gu­ran maş­ga­la uly hö­wes bi­len ga­raş­ýar. Ge­lin edi­ni­len­de tä­ze gel­niň ete­gi­ne ogul bä­be­giň atyl­ma­gy­nyň hem «Tä­ze gel­niň aýa­gy ýer tut­sun, ör­ňe­sin-kö­pel­sin» di­ýen ma­ny­sy bar. Şeý­le hem toý gat­la­ma­sy bi­şi­ri­len­de «Tä­ze maş­ga­la hem ile go­şu­lyp, gat-gat bo­lup kö­pel­sin» di­ýip, yrym edil­ýär. Mu­nuň özi türk­me­niň «Kö­pe­lip köl bol!» di­ýen aja­ýyp ar­zuw­la­ry­nyň, uly maş­ga­la bo­lup ag­zy­bir ýa­şa­mak ba­ra­da­ky ýag­şy ni­ýet-pä­li­niň dur­mu­şy be­ýa­ny­dyr.

Dinozawr şekilindäki galam gutusy

Mähriban çagalar, okuw möwsümi başlady. Biz hem şu sanymyzda okuw esbaplarynyň biri bolan galam gutujygynyň ýasalyşyny öwretmekçi. Bu galam gutymyz dinozawrjygyň şekilinde bolar. Bu naşyja, gowuja dinozawrjyk. Ol ähliňiziň gowy görüp synlaýan «Gowy dinozawr» atly multfilmiňizdäki baş gahrymany ýadyňa salyp dur. Geliň, onda bilelikde galam gutujygyny ýasamaga başlalyň! Gerekli esbaplar:

Datly tagam

Mähriban çagalar, täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ähliňiz uly güýç, hyjuw bilen ak mekdeplere gatnap başladyňyz. Okuwda geçilýän her bir sapagy doly özleşdirmegiňiz, sagdyn bolmagyňyz üçin wagtly-wagtynda iýip-içmegiňiz, oňat naharlanmagyňyz, esasan-da, ertirlik edinmegiňiz zerurdyr. Biz hem şu sanymyzda ertirlik saçagyňyzy bezejek ýene bir tagamy — gabakly çelpegi taýýarlamagy öwredýäris. Gerekli önümler:

Ömrüň mertebeli menzilinde

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Daşoguz topragyna gadam basanyňda-da, halal zähmet çekip, ömrüni mana beslän adamlara belent sarpa goýulýandygynyň şaýady bolýarsyň. Şolaryň biri hem Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi, zähmet weterany, ene topraga yhlas siňdirip, halkyň hormatyny gazanan Soltanmyrat Seýitmyradowdyr. «Ýagşy adamyň ady köp bolarmyş» diýlişi ýaly, ýakyndan tanaýanlaryň ählisi diýen ýaly oňa «Satlyk aga» ýa-da «Satlyk başlyk» diýip ýüzlenýärler. Il içinde uly abraý-hormatdan peýdalanan Seýitmyrat aganyň döwletli maşgalasynda dünýä inen Soltanmyratjygyň saryja başyny sypalan ejesi Arazgülüň içki begenjini daşyna çykaryp: «Saryjam, saryja guzym, Satlygym!» diýen mylaýym sesini eşiden goňşy gelinler soňra bu ady alyp göteripdirler... Her gezek oba barlanda, ýaşuly bilen didarlaşylýar. Şu gezegem şeýle boldy. Satlyk aga maşgalasy Oguljan eje, agtyk-çowluklary bolup gadyrly garşyladylar. 90 ýaşyň içindedigine garamazdan, süňňüne buýurýandygy bildirýän ýaşulynyň gürrüňlerini diňledigiňçe diňläsiň gelýär. Ol 1934-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň häzirki Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Ruhabat obasynda (öňki Gyzyl güýç obasy) dünýä inýär. Soltanmyrat maşgaladaky üç çaganyň ortanjysy eken. 1949-njy ýylda mekdebiň 8 synpyny tamamlap, obada zähmet çekip başlaýar. «Türkmen topragy gyzyl öndürýän toprak. Ata-babalarymyz «Ýykylsaň ýere ýapy

Ene — dünýäniň görki

«Ene» diýen ýekeje sözüň aňyrsynda daglar ýaly belent many ýatyr. Ene ýüreginde nurly güneş kimin gyzgyn mähir, tolkun atýan ummanlar deýin möwçli söýgi ýerleşýär. Ene — gudrat, ene — keramat. Dünýäniň bahar-ýazy, ýaşaýşyň ýaraşygy eneleriň barlygy bilen şöhlelenýär. Ene — her birimiziň göz açyp gören, diňe görer göz bilen däl-de, eýsem ýürek urgusy bilen kabul eden, göwün ganaty bilen guçan mähribanymyz. Ene — dünýädäki bar ajaýyplykdan üstün gelýän keşbiň eýesi. Şeýle bolansoň, her kim öz ejesini dünýädäki iň owadan, iň mähriban we iň hamrak ynsan hasaplaýar. Rowaýatda aýdylyşyna görä, ejesinden azaşyp aglaýan oglanjykdan: «Ejeň nähiliräk aýal, daş keşbi nähili bolmaly?» diýip, soranlarynda, oglanjyk ejesini «Ejem — iň owadan aýal» diýip suratlandyrypdyr. Ene mähriniň çaga ýüregini çoýýan ýylysy dünýädäki ähli gözelliklerden belentde durýar. Adamzat üçin eneden mährem, eneden eziz, eneden ýakyn ýaradylyş ýokdur. Eziz Watan bilen mähriban ene ynsanyň iň arzyly mukaddeslikleridir. Eneler — maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy. Häzirki zaman jemgyýetinde maşgala ojagyny berkitmek, kämil dünýägaraýyşly, sagdyn nesilleri kemala getirmek ýaly hyzmatlary bilen, eneler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerine örän uly goşant goşýarlar. Türkmen eneleri maşgala ojagynyň ýylysyny, nesil-neberesiniň abraýyny, jemgyýetiň ahlak binýatlaryny, ynsanperwer ýörelgelerini, däplerini gorap

Ene mähriniň gudraty

Türkmen halkynyň Milli Lideri alym Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda «Ene — beýikleri dünýä inderýän beýiklik» diýip belleýär. Hakykatdan-da, üç harpdan ybarat «ENE» sözüniň mazmunynda ymgyr dünýä jemlenýär. Ene — howa! Diýmek, ene — başlangyç! Ene — daragt! Diýmek, ene — dowamat, bagtyýar geljek! Şonuň üçin halkymyz asyrlaryň dowamynda ene hormatyny keramat derejesine göterip, olaryň ruhuna, keşbine tagzym edipdir. Goňurdepäniň, Parfiýanyň taryhy tapyndylary we beýleki arheologiýa maglumatlary bu pikiri aýdyň tassyklaýar. Dünýä inen çaganyň, ilki bilen, nazarynyň didarlaşýan ýüzi onuň üçin ýerdäki perişdesi bolan mähriban enesidir. Ene hakda, onuň mukaddesligi, gyzgyn mähir-şepagaty, çäksiz söýgüsi hakynda aýdym aýtmadyk bagşy, saz çalmadyk sazanda, goşgy düzmedik şahyr ýok bolsa gerek... Enäniň ady, onuň gözel, mährem keşbi bakydyr, sönmeýän nurdur! Çaga ilkinji mähir-söýgini öz mährem enesinden alýar. Enäniň süýdi ýaly halallygy, hüwdüsi ýaly şirin mukamy, eli ýaly mylaýym melhemi hiç ýerden tapyp bolmajakdygy şübhesiz hakykat. Ene diňe bir adamzat nesliniň gudratyny dowam etdiriji bolman, eýsem, ol maşgala ojagynyň eýesi hem diregidir.

Ukyňyz gelýärmi?

Iş wagtynda ukynyň tutmagy hemmämize mälim ýagdaý bolsa gerek. Kämahal şeýleräk pursatlar bolýar, iş wagtynda gözleriňiz özüňize boýun egmeýär. Şeýle pursatlarda uky bilen göreşmek üçin näme etmeli? — Sowuk suw. Kofe däl, sowuk suw (buz aralaşan bolsa has hem gowy) ukudan açylmagyňyza kömek eder. Mundan başga-da, sowuk suw bedeni ýeterlik suw bilen üpjün edýär we metabolizm tizligini artdyrýar.

Köp bolsa-da, az ýaly

Çagalyk pursatlaryň göz öňüňde janlananda, eneli-ataly günleriň näçe köp bolan hem bolsa, az ýaly görünýär. Sebäbi olaryň ýyly mährinden, söýgüsinden, mährem keşbinden, didaryndan hiç ganma ýok. Güler ýüzleri hemişe göz öňüňde baky heýkel bolup, zybanyndan çykan hoştap, ýakymly sözleri gulagyňda ýaňlanyp dur. Dünýäde olary hiç bir mukaddeslik bilen deňäp bolmaýar. Gyz maşgalanyň durmuşynda ejäniň orny has hem uly. Sebäbi ol her bir duýgyňy gözüňden aňyp, saňa syrdaş bolýan EJE! Ejemiň alty aýlyjak wagtym meni gujagyna alyp düşen suratyny günde diýen ýaly synlaýaryn, käbäm bilen didarlaşýaryn. «Eje jan, käbäm, sen ýanymda bolsaň bolmaýarmy?» diýip, onuň bilen hyýaly sözleşýärin. Göwnüme bolmasa, ol: «Gyzym, men mydama-da seniň ýanyňda ahyryn» diýýän ýaly. Ol dogrudan hem şeýle bolmaly, sebäbi käwagt başlan işiňe ugur tapman, dümtünäýýän halatyňda ýa-da başyňa bir iş düşüp, ejizleseň hem ejeň saňa medet-hemaýat berýär. Ol ýuwaşlyk bilen gulagyňa çawuş çakýan ýaly bolýar. Kalbyňda ýaňlanan owazy ruhuňy galkyndyrýar, bedeniňe güýç-kuwwat berýär.

Gyzym gözel — edebi ozal

Halkyň içinde biri bilen guda bolunjak bolsa: «Enesini gör-de, gyzyny al» diýilýär. Sebäbi gyz maşgala enesiniň görüm-göreldesine eýerip kemala gelýär, oňa enäniň edep-ekramy, hüý-häsiýeti, hereketleri geçýär. Gyzyň enesiniň hereketlerini gaýtalasy gelýär. «Ýagşy ene — ýagşy gyza görelde» bolanda, enäniň perzendine bolan söýgüsi, mähri gyz maşgalanyň durmuşyna şamçyrag bolup şöhle saçýar. Biz maşgalada bäş gyz bolup ulaldyk. Ejem agşamlaryna, el işlerini etmäge üýşenimizde geçmişimiziň hakyky edep mekdebine degişli «Melike Danyşment ýa-da müň sowal» atly dessandan gürrüň bererdi. «Dessanda «Gelin-gyzlara näme ýaraşar?» diýlen sowala: «Gelin-gyzlara utanç-haýa ýaraşar» diýlip, jogap berilýär. Gyz maşgalanyň gözelligi, esasan, onuň gylyk-häsiýetinde, edebinde jemlenýär. Edepli-ekramly, mähir-mylakatly, asylly gelin-gyzlarymyz mydama görüm-göreldäniň nusgasy bolup ýaşamalydyr» diýip, käbäm ýagşy gylyk-häsiýetlere ünsümizi çekerdi.

Döwrüň bagtly enesi

Enä barýan ýol... Bu ýoluň sogaby, ýakymy, ýalkawy barada näçe gürrüň etseňem, az görünýär. Bu ýoly her bir ynsan balasy özüne mukaddes saýýar. Bu ýola düşen badyňa ýadawlyk diýen zatdan nam-nyşan galmaýandygy barada köp gezekler oýlanýarsyň. «Ejemlere barýaryn!» diýip, göwnühoş halda töweregiňe mähir bilen bakýansyň. Hamana diýersiň, bu ýol ene paýhasyna eýlenen müdimi nesihatlardan nemlenen ýalydyr. Mähriban käbäňiň mylaýym sesi, ruhuňa medet berýän mylakatly keşbi seni bu barlykda bagtly edýändir. Şol gezek goýny 360 pirli toprakda döredijilik toparymyz bilen iş saparynda bolan günlerimizde welaýatyň uzak ýaşly enesi bilen didarlaşyp, onuň baý durmuş tejribesi barada söhbetdeş bolmak üçin ýola düşenimizde göwünler şeýle ahwallar bilen doludy. Bize ýolbelet bolup barýan Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni Güljemal Nazarowanyň gürrüň bermegine görä, Äşe Babaýewa 1932-nji ýylda dünýä inýär. Ömrüniň köp bölegini ýaşlara bilim-terbiýe bermäge bagyş edýär. 1956-njy ýylda ýanýoldaşy Ata Karaýew bilen Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky 22-nji orta mekdepde mugallym bolup zähmet ýoluna başlaýar. Agzybir maşgalada 4 gyzy, 2 ogly terbiýeläp ýetişdirýärler. Ajaýyp zamanamyzda ene 21 agtygyna, 42 çowlugyna guwanýar.

Miweleri we gök önümleri gyşa taýýarlamak

Her möwsümiň iýmitleriniň özüne mahsus tagamy, süýjüligi we ýakymy bolýar. Iň esasy bolsa, olaryň ýokumlylygyny saklamak. Tomus paslynda gyşa huruşlyk taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bu döwür öý bikeleriniň hysyrdysy köp bolýar. Tomus-güýz aýlary gelin-gyzlarymyz datly ir-iýmişlerden, miwelerden dürli şiredir mürepbeleri, duza basylan önümleri taýýarlamak bilen meşgul bolýarlar. Tebigatyň eçilen peşgeşini diňe bir çüýşe gaplara gaplaman, başga-da birnäçe usullar arkaly olaryň dürli görnüşlerini taýýarlaýarlar. Şol usullaryň biri-de gök önümleri we miweleri doňdurmak we guratmakdyr.

Jalbary nähili gysgaltmaly?

Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen her öýde, her hojalykda okuw köýneklerini tikmek we jalbarlary taýynlamak işleri bilen meşgul bolunýar. Satyn alynýan taýýar kostýum—jalbarlaryň aglabasynyň üstki beden ölçegleri gabat gelse-de, jalbarlaryň aşagynyň uzynrak gelýän wagtyna köp duş gelinýär. Şeýle ýagdaýda, okuwçy jalbarlaryny öý usulynda nädip gysgaldyp bileris? Geliň, öwreneliň. Gerekli esbaplar: