Ömrüň mertebeli menzilinde

11 Sentýabr 2024
518

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Daşoguz topragyna gadam basanyňda-da, halal zähmet çekip, ömrüni mana beslän adamlara belent sarpa goýulýandygynyň şaýady bolýarsyň. Şolaryň biri hem Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi, zähmet weterany, ene topraga yhlas siňdirip, halkyň hormatyny gazanan Soltanmyrat Seýitmyradowdyr. «Ýagşy adamyň ady köp bolarmyş» diýlişi ýaly, ýakyndan tanaýanlaryň ählisi diýen ýaly oňa «Satlyk aga» ýa-da «Satlyk başlyk» diýip ýüzlenýärler. Il içinde uly abraý-hormatdan peýdalanan Seýitmyrat aganyň döwletli maşgalasynda dünýä inen Soltanmyratjygyň saryja başyny sypalan ejesi Arazgülüň içki begenjini daşyna çykaryp: «Saryjam, saryja guzym, Satlygym!» diýen mylaýym sesini eşiden goňşy gelinler soňra bu ady alyp göteripdirler...

Her gezek oba barlanda, ýaşuly bilen didarlaşylýar. Şu gezegem şeýle boldy. Satlyk aga maşgalasy Oguljan eje, agtyk-çowluklary bolup gadyrly garşyladylar. 90 ýaşyň içindedigine garamazdan, süňňüne buýurýandygy bildirýän ýaşulynyň gürrüňlerini diňledigiňçe diňläsiň gelýär. Ol 1934-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň häzirki Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Ruhabat obasynda (öňki Gyzyl güýç obasy) dünýä inýär. Soltanmyrat maşgaladaky üç çaganyň ortanjysy eken. 1949-njy ýylda mekdebiň 8 synpyny tamamlap, obada zähmet çekip başlaýar. «Türkmen topragy gyzyl öndürýän toprak. Ata-babalarymyz «Ýykylsaň ýere ýapyş!» diýip, ýöne ýere aýdan däldirler. Ýerden örküňi üzme, oglum, ol seni eklär» diýip, pederi Seýitmyrat aganyň beren öwütleri onuň şu günki ýaly ýadynda.

Aşyrmät GURBANOW,
Türkmenistanyň ussat mugallymy.