"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Türkmen-täjik dostlugy

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow iki gün­lük res­mi sa­par bi­len Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­syn­da bol­dy. Ýo­ka­ry de­re­je­li gep­le­şik­le­riň öňü­sy­ra­syn­da Mil­li Li­de­ri­miz Du­şen­be şä­he­ri­niň baş meý­dan­ça­sy bo­lan «Dus­ti» meý­dan­ça­sy­na bar­dy. Şol ýer­de il­kin­ji tä­jik döw­le­ti bo­lan Sa­ma­ny­lar döw­le­ti­niň 1100 ýyl­ly­gy­nyň hor­ma­ty­na Mil­li yla­la­şy­gyň we Tä­ji­gis­ta­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­me­gi­niň ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my hem-de tä­jik­le­riň döw­le­ti­niň il­kin­ji emi­ri Is­mo­il So­mo­ni­niň ýa­dy­gär­li­gi ýer­leş­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow da­ba­ra­ly ýag­daý­da tä­jik döw­le­ti­ni esas­lan­dy­ry­jy gah­ry­ma­nyň ýa­dy­gär­li­gi­ne gül des­se­si­ni goý­dy.

Saglygyň gadryny bilgil...

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şeý­le­lik­de, türk­me­nis­tan­ly­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça köpsan­ly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň Sag­ly­gy go­raý­şyň ha­bar­lar mer­ke­zi wa­tan­daş­la­ry­my­za sag­ly­gy go­ra­mak bi­len bag­ly mas­la­hat­la­ry hö­dür­le­ýär.

Sport çäreleri ýaýbaňlandyryldy

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­du­na öw­rü­len Wa­ta­ny­my­zyň äh­li kün­je­gin­de ap­rel aýy­nyň gel­me­gi bi­len sport çä­re­le­ri, ýa­ryş­la­ry, Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar giň­den ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. 2024-nji «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň ap­rel aýy­nyň il­kin­ji gün­le­rin­de Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da, Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­rin­de ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport we sag­dyn dur­muş çä­re­le­ri­niň me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi, Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi, de­giş­li mi­nistr­lik­ler we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry, we­la­ýat­la­ryň, Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­ri­niň hä­kim­lik­le­ri, Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry ta­ra­pyn­dan dür­li sport çä­re­le­ri­niň en­çe­me­si gu­ral­dy.

Hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şy­na taý­ýar­lyk

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­myz sport döw­le­ti­ne, paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat bol­sa iri hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän me­ka­ny­na öw­rül­di. Çün­ki ýur­du­myz­da sport bi­len meş­gul­lan­mak üçin dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler ýo­ka­ry de­re­je­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­la­nyp, Türk­me­nis­ta­nyň sport ug­run­da köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mä­ge ýar­dam ber­ýär. Ýur­du­my­zyň hal­ka­ra sport hyz­mat­daş­ly­gy­nyň has-da iler­le­me­gi­ne go­şant goş­jak şeý­le sport ýa­ryş­la­ry­nyň bi­ri-de 15 — 20-nji ap­rel ara­ly­gyn­da paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän Hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şy­dyr. Bu ýa­ry­şy ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek üçin de­giş­li res­mi­na­ma­lar we me­ýil­na­ma­lar esa­syn­da berk taý­ýar­lyk gö­rül­ýär.

Türk­me­nis­tan­da fi­ji­tal-sport

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da spor­tuň äh­li gör­nüş­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Mu­ny «Gel­je­giň oýun­la­ry» ha­sap­lan­ýan fi­ji­tal-sport oýun­la­ry­nyň türk­men ýaş­la­ry­nyň ara­syn­da giň­den meş­hur­ly­ga eýe bol­ma­gy, türk­men tür­gen­le­ri­niň spor­tuň bu gör­nü­şin­de ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri hem aý­dyň gör­kez­ýär.

Sportda innowasiýalar

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, 1 — 6-njy ap­rel ara­ly­gyn­da Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­tyn­da «He­re­ket­li we san­ly sport — sport­da in­no­wa­si­ýa­lar» at­ly spor­tuň tä­ze fi­ji­tal gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýa­ryş­lar ýaý­baň­lan­dy.

Medeni-sport çäreleri

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Her ýy­lyň 7-nji ap­re­lin­de bel­le­ni­lip ge­çil­ýän Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty wa­gyz et­mä­ge ba­gyş­la­nan dür­li me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler top­lum­la­ry iş­jeň gu­ral­ýar.

Dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň ha­zy­na­sy

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­matly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň asyl­ly baş­lan­gyç­la­ry my­na­syp orun alan me­de­ni sy­ýa­sat üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Türk­men me­de­ni­ýe­ti­ni, ede­bi­ýa­ty­ny bol­sa Gün­do­ga­ryň akyl­da­ry­na öw­rü­len Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­syz göz öňü­ne ge­tir­mek müm­kin däl. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, be­ýik şa­hy­ryň hem-de fi­lo­so­fyň dö­re­di­ji­li­gi yl­my esas­da ýur­du­myz­da, da­şa­ry döw­let­ler­de gi­ňiş­le­ýin we çuň­ňur öw­re­nil­ýär. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň tä­ze joş­gun­da, be­lent ruh­da ýaň­lan­ýan şyg­ry­ýe­ti hä­zir­ki dö­wür­de dün­ýä­niň halk­la­ry bi­len dost­luk, goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek, hal­ka­ra yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak ýa­ly hal­ky­my­zyň asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­niň wasp­çy­sy­na öw­rül­di.

Py­ra­gy­nyň döw­let­li­lik tag­ly­ma­ty

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Ga­raş­syz we ba­ky Bi­ta­rap Di­ýa­ry­myz­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry­ netijesinde biz öz hal­ky­my­zyň Oguz han pe­de­ri­miz­den göz­baş alyp gaýd­ýan bäş müňýyl­lyk ta­ry­hy­na, üm­mül­mez ru­hy-me­de­ni mi­ra­sy­na tä­ze na­zar bi­len has aý­dyň göz aý­lap, türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň uç-gy­rak­syz be­re­ket­li meý­da­nyn­da um­ma­syz iş­le­ri bi­ti­rip gi­den ägirt­le­riň az bol­man­dy­gy­na bir­kem­siz göz ýe­tir­ýä­ris. Şeý­le-de bol­sa türk­men top­ra­gyn­da do­gup-dö­rän şa­hyr­la­ryň ara­syn­da iň naý­ba­şy mil­li şa­hyr hu­ku­gy­na ebe­di­lik eýe bo­lan «be­ýik şa­hyr», «hak­dan içen şa­hyr», «ha­ly­pa şa­hyr» di­ýil­se türk­me­niň ýe­di ýaş­ly­syn­dan ýet­miş ýaş­ly­sy­na çen­li uly-ki­çi­si­niň göz öňün­de il­ki bi­len mil­li şy­gry­ýe­ti­mi­ziň söz­ba­şy we göz­ba­şy sa­ýyl­ýan hez­re­ti Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň nu­ra­na keş­bi jan­lan­ýar.

Ser­het­siz fut­bol

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Gü­lüs­tan şä­he­rin­de 2024-nji ýy­lyň 23 — 30-njy mar­ty ara­ly­gyn­da «Now­ruz — 2024» «Ser­het­siz fut­bol» di­ýen at bi­len Hal­ka­ra ça­ga­lar-ýet­gin­jek­ler ýa­ry­şy ge­çi­ril­di.

Sport —bagt­ly gel­jek

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gy­zy­lar­bat et­rap Ge­ňe­şi we beý­le­ki jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri bi­len bi­le­lik­de et­ra­byň 10-njy or­ta mek­de­bi­niň okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­nü­ni my­na­syp gar­şy­la­mak we ýaş­la­ry spor­ta çek­mek mak­sa­dy bi­len, «Sport — bagt­ly gel­jek» at­ly wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Bu du­şu­şyk Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzyň ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň saz­la­şyk­ly ösü­şi, ola­ryň jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş­da ýa­şa­mak­la­ry üçin al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, öň­de goý­lan we­zi­pe­ler, şeý­le-de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len guraldy. Wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gyn­da çy­kyş eden­ler et­ra­by­myz­da sport ul­ga­myn­da yzy­gi­der­li al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler dog­ru­syn­da, ýaş­la­ry­my­zy spor­ta gö­nük­dir­mek­de gur­nal­ýan çä­re­ler ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin aý­dyp ber­di­ler. Wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gy­nyň ahy­ryn­da şeý­le aja­ýyp müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za we Arka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za bi­möç­ber al­kyş söz­le­ri aý­dyl­dy.

Be­den maşk­la­ry

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Soň­ky ýyl­lar­da hor­mat­ly Pre­zi­den­timiziň baş­da dur­ma­gyn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni dur­mu­şyň ka­da­sy­na öwür­ýän, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len çyn­la­kaý meş­gul­lan­ýan adam­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, alym­la­ryň ber­ýän mag­lu­ma­ty­na gö­rä, her bäş aýal maş­ga­la­dan, er­kek ki­şi­le­riň bol­sa her üçü­sin­den di­ňe bi­ri­si ýü­rek da­mar­la­ry­ny ke­sel­ler­den go­ra­ýan be­den maşk­la­ry­ny dog­ry we ge­rek­li muk­dar­da ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler. Sport ada­myň be­den hem ru­hy sy­na­la­ry­ny tap­la­ýar, sag­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ýar, dem alyş, ýü­rek-da­mar hem süňk-myş­sa ul­gam­la­ry­nyň iş­leý­şi­ni ka­da­laş­dyr­ýar.

Söz manysyn biler bolsaňyz

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Atamyň öljegini bilen bolsam...

Ylym dün­ýä­si­niň ägir­di

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­myz mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy, şeý­le-de mil­li ta­ry­hy­my­zy asyl dur­kun­da do­ly öw­ren­me­gi­mi­zi gaý­ta­ryp ber­di. Ibn Si­na Ür­genç (hä­zir­ki Kö­ne­ür­genç) şa­sy Aly ben Ma­mu­nyň köş­gü­niň ýa­nyn­da­ky ylym öýün­de özi ýa­ly da­na alym­lar, luk­man­lar bi­len bi­le­lik­de ylym bi­len meş­gul­lan­ýar. Gu­jur-gaý­ra­ty­nyň joş ur­ýan wag­ty ta­ny­mal alym­lar, akyl­dar­lar, luk­man­lar bi­len gat­na­şyk­da bol­ma­gy Ibn Si­na ok­gun­ly öňe git­mä­ge ýar­dam ed­ýär. 

Düýş (Hekaýa)

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Adam guş ýa­ly uçup bil­ýär diý­se­ler, me­nem ynan­maz­dym. «Ýer­den bir aýa­gy­ňy üz­me» di­ýer­dim. Ýö­ne bu me­niň öz dur­mu­şym­da bol­dy otu­ry­ber­di. Şol wa­ka ýa­dy­ma dü­şen­de ýü­züm­de üýt­ge­şik gü­lüm­se­me, ýaş­ly­gy­my ýat­lad­ýan hy­ruç ge­le­ni­ni özü­mem duý­ýa­ryn. Go­wu­sy, sö­zü­mi uzal­dyp otur­man gür­rüň be­re­ýin.

Syýahatçylyga bagyşlanan mas­la­hat

«7/24. tm» №14 (201), 01.04.2024 2024-nji ýy­lyň 27-nji mar­tyn­da paý­tag­ty­myz­yň «Ýyl­dyz» myh­man­ha­na­syn­da «Türk­me­nis­tan­da sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry we müm­kin­çi­lik­le­ri» at­ly hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di. Fo­ru­ma hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri, Türkmenistanyň da­şa­ry döw­let­le­riň bu ugur­da ýö­ri­te­le­şen kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, şol san­da Tür­ki­ýä­niň, Gru­zi­ýa­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň, Azer­baý­ja­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Hy­ta­ýyň, Ger­ma­ni­ýa­nyň, Ýa­po­ni­ýa­nyň, Şwe­si­ýa­nyň, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň, Şri-Lan­ka­nyň ugur­daş dü­züm­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry hem-de we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Gymmatly sowgat

«7/24. tm» №14 (201), 01.04.2024 Dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň bä­şin­ji oja­gy bo­lan ýur­du­myz­da ösen me­de­ni­ýe­tiň ala­mat­la­ry, ýa­dy­gär­lik­le­ri sak­lan­ýar. Hä­zir­ki wagt­da şöh­rat­ly türk­men ta­ry­hy­ny düýp­li öw­ren­mek, ga­dy­my ru­hy we mad­dy gym­mat­lyk­la­ry­ny ýü­ze çy­kar­mak, ola­ry dün­ýä iç­re da­ba­ra­lan­dyr­mak döw­rü­mi­ziň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri bo­l­up dur­ýar. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň sün­nä­läp bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ge­ti­ren aja­ýyp me­de­ni­ýe­ti we sun­ga­ty bu gün­ki ýaş ne­sil­ler üçin dö­re­di­ji­lik göz­leg­le­ri­niň çeş­me­si, ruh­lan­dy­ry­jy güýç bo­lup çy­kyş ed­ýär.

Ar­ka­dag şä­he­rin­de olim­pia­da ge­çi­ril­di

«7/24. tm» №14 (201), 01.04.2024 2024-nji ýy­lyň 26-njy mar­tyn­da Arkadag şä­he­rin­de mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da ma­te­ma­ti­ka der­si bo­ýun­ça hal­ka­ra olim­pia­da ba­dal­ga be­ril­di. Hal­ka­ra ma­te­ma­ti­ka olim­pia­da­sy Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ho­wan­dar­lyk et­me­gin­de gu­ral­dy.

Sag­dyn jem­gy­ýet — kuw­wat­ly döw­let

«7/24. tm» №14 (201), 01.04.2024 Sag­dyn jem­gy­ýet — yk­dy­sa­dy ösüş­le­riň ke­pi­li. Sag­dyn­lyk ru­hu­be­lent­li­gi üp­jün ed­ýär, iş­jeň­li­gi art­dyr­ýar. Her bir yk­dy­sa­dy taý­dan kuw­wat­ly döw­let öz ra­ýat­la­ry­nyň sag­dyn bol­ma­gy ug­run­da ta­gal­la ed­ýär. Çün­ki äh­li pu­dak­la­ryň ösü­şi jem­gy­ýe­tiň sag­dyn­ly­gy­na gö­nü­den-gö­ni bag­ly­dyr.

Halkymyz hakynda asylly alada

«7/24. tm» №14 (201), 01.04.2024 Her ýy­lyň 7-nji ap­re­li Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni hök­mün­de giň­den bel­len­ilip ge­çil­ýär. Dün­ýä ýurt­la­ryn­da 1950-nji ýyl­dan bä­ri bel­li bo­lan bu baý­ram­çy­lyk Garaş­syz­lyk ýyllarynda Türk­me­nistan­da hem dür­li sag­lyk we me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­le­ri­ne bes­le­ni­lýär.