"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Paralimpiýaçy türgenler sylaglandy

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň «Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty» sport top­lu­myn­da ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, çempion bolan tür­gen­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Ola­ra Gah­ry­man Arkadagy­my­zyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyn­dan sow­gat­lar, şeý­le-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly ki­ta­by gow­şu­ryl­dy.

Sagdyn nesil — ruhubelent nesil

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 Be­dew ba­dy bi­len öňe bar­ýan Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Di­ýa­ry­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si bi­len her gü­nü­miz şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Dur­mu­şyň esa­sy ugur­la­ry sag­dyn dur­muş bi­len bag­la­nyş­dy­ryl­ýar. Ýurt­da al­nyp ba­ryl­ýan döw­let äh­mi­ýet­li iş­le­riň baş tag­ly­ma­ty hök­mün­de sag­dyn­lyk, bag­ty­ýar­lyk we dost­luk dur­mu­şa geç­ýän mak­sat­na­ma­lar­da hal­kyň gyz­gyn gol­da­wy bi­len ama­la aşyry­lýar. 2024-nji ýy­lyň ap­rel aýy­nyň tu­tuş do­wa­myn­da ge­çi­ril­ýän dür­li gör­nüş­li sport ýa­ryş­la­ry, yl­my-ama­ly mas­la­hat­lar we ser­gi ýur­du­myz­da yn­san sag­ly­gy­nyň ala­da­sy­nyň edil­ýän­di­gin­den, be­den­ter­bi­ýä we spor­ta aý­ra­tyn hor­mat go­ýul­ýan­dy­gyn­dan ny­şan­dyr.

Ylahy päkligiň ölçeg daşy

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 Hal­ky­myz öz aja­ýyp ru­hy gym­mat­lyk­la­ry bi­len he­mi­şe bü­tin dün­ýä­de meş­hur­lyk ga­za­nyp gel­ýän ga­dy­my halk­dyr. Ol ru­hy gym­mat­lyk­lar wagt geç­di­gi­çe türk­men hal­ky­nyň mer­te­be­si­ni bar­ha be­lent de­re­je­le­re gö­ter­ýär. Ola­ryň bir to­pa­ry di­ňe bir hal­ky­my­zyň ara­syn­da däl, eý­sem tür­ki, Gün­do­gar we beý­le­ki dün­ýä halk­la­ry­nyň ara­syn­da hem mu­kad­des­lik ha­sap­lan­ýar. Şeý­le mu­kad­des­lik­le­riň bi­ri-de be­ýik türk­men nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň çe­per söz dö­re­di­ji­lik mi­ra­sy­dyr.

Halkara bäsleşik badalga aldy

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 Spor­t bilen be­den­ter­bi­ýä aý­ra­tyn üns be­ril­ýän ýur­du­myz­da spor­tuň to­mus­ky gör­nüş­le­ri bi­len bir ha­tar­da gyş­ky gör­nüş­le­ri­niň hem ýaş­la­ryň ara­syn­da giň­den ýaý­baň­lan­ma­gy­na oňyn şert­ler dö­re­dil­ýär. 15 — 20-nji ap­rel ara­ly­gyn­da paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ril­ýän Hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şy hem bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň öňe iler­le­me­gi­ne ýar­dam ber­jek no­bat­da­ky tap­gyr­dyr.

Hal­ka­ra hok­keý ýa­ry­şy­na 10 to­par gat­na­şar

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 15 — 20-nji ap­rel ara­ly­gyn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek Hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şyna 10 döw­let­den 10 to­par gat­na­şar. Olar Türk­me­nis­ta­nyň «Gal­kan», Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň «Fe­niks», Oman Sol­tan­ly­gy­nyň «Oman Khan­jars», Bah­reýn Pa­ty­şa­ly­gy­nyň «Bah­reýn», Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň «Ak­mo­la», Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň «Gü­müş Pa­ten­ler», Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň «Dor­doý», Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň «Or­his-Ka­zan», Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň «Ice Box» we Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň «Wo­lat» hok­keý to­par­la­ry­dyr.

Mö­hüm çä­rä ba­dal­ga

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri Gah­ry­man Arkadagymyzyň ba­şy­ny baş­la­ma­gyn­da, Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň tä­ze üs­tün­lik­le­ri eýe­le­ýän aja­ýyp za­ma­ny­dyr. Şu gün paý­tag­ty­myz­da­ky Gyş­ky oýun­lar sport top­lu­myn­da ba­dal­ga al­jak Hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şy bu aý­dy­lan­la­ryň no­bat­da­ky aý­dyň be­ýa­ny­dyr.

Amerikaly sport ussatlarynyň aýdanlarydan

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 Nä­çe ge­zek ýy­ky­lan­dy­gy­myz däl-de, nä­çe ge­zek tu­rup sö­weş­me­gi do­wam et­di­ren­di­gi­miz mö­hüm­dir.

San­ly ul­ga­myň üstün­lik­le­ri

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 Hä­zir­ki wagt­da teh­no­lo­gi­ýa­nyň we yl­myň ösü­şi gün­sa­ýyn däl-de, sa­gatsa­ýyn öz­ger­ýär. Is­len­dik kär­de üs­tün­lik­le­re eýe bol­mak üçin dün­ýä­niň ösen tej­ri­be­si­ne sal­gy­lan­ma­ly. XXI asyrda adamzat durmuşyny teh­nologiýasyz göz öňüne ge­tirip bol­ma­ýar. Biziň gündelik işimiz elektron enjamlary, tehnologiýa do­lanyşygy bilen berk bagly boldy. Şol sanda san­ly aragat­naşyk ulgamynyň işi barha kämil­leş­ýär. Soňky ýyllarda san­ly aragatnaşyk ulgamynyň hyzmat ediş tizli-gi-de has ýokarlan­dy. Bu ulgamyň işi­niň ilerlemegi Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň ägirt uly tagallalary bilen älem giňişligine goýberilen «Türkmen Älem 52°E» emeli aragatnaşyk hem­rasyndan gözbaş alýar. Aragatnaşyk hemramyzyň işe giri­zilmegi Türkmenistanyň taryhy üçin möhüm wakala­ryň bi­ri­dir.

Suwda ýüzmegiň ynsan saglygyna täsiri

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 Suw­da ýüz­mek diý­len­de, sportuň görnüşi göz öňüne gelse-de, suw­da ýüz­mek — bu gö­wün aç­mak we güý­men­je ýaly dü­şün­jeleri-de öz içine alýar. Suw­da ýüz­mek, il­ki bi­len, he­re­ket­li oýun­dyr. Tür­gen özi bil­mez­den, ýüzüşiň do­wa­myn­da kän ener­gi­ýa­ sarp ed­ýär. Kim ag­ra­my­ny aý­ra­sy gel­se, myş­sa we ýü­rek-da­mar ul­ga­my­ny kadalaşdyrmak is­le­se, şeýle ýagdaýlarda luk­man­lar suw­da ýüz­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler. Şeý­le­lik­de, adam suw­da ýüz­mek ar­ka­ly sag­ly­gy bi­len bag­ly bir­to­par ýü­ze çyk­jak ýag­daý­la­ryň öňü­ni al­ýar.

Türk­men­ba­şy­nyň Hal­ka­ra de­ňiz por­ty — yk­lym­la­ry bag­la­nyş­dy­ry­jy mer­kez

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 Soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan köpugur­ly lo­gis­ti­ka ul­ga­my­ny dö­ret­mek tas­la­ma­la­ry­ny iş­jeň dur­mu­şa ge­çir­ýär, hu­su­san-da, de­ňiz ulag­la­ry pu­da­gy­nyň inf­rast­ruk­tu­ra­sy gi­ňe­ýär. 2018-nji ýyl­da işe gi­ri­zi­len şeý­le uly des­ga­la­ryň bi­ri hem Ha­za­ryň ke­na­ryn­da­ky Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­dyr.

Ýag­şy ni­ýe­tiň yn­san öm­rü­ne tä­si­ri

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 Ada­myň oňat ni­ýet­de, ýag­şy dü­şün­je­de bol­ma­gy onuň ýa­şaý­şa bo­lan oňat ga­raý­şy­ny art­dyr­ýar. Hatda dur­muş­da şa­dy­ýan, göw­na­çyk ýa­şa­mak­ly­ga-da uly ýar­dam ber­ýär. Bel­ki, şo­nuň üçin­dir, «Amal­lar ni­ýet­le­re gö­rä» di­ýil­ýän­dir.

Algyr (Hekaýa)

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 Agyr sü­ri­ni gi­je­si bi­len ot­la­dyp, ir­den go­şa sü­rüp ge­ti­ren ço­pan­dyr ço­luk guş­luk çag­la­ry ga­ra öýüň köl­ege­sin­de how­luk­man na­har edin­di­ler. Çö­ket­lik­de bu­lut ýa­ly ag­nap ýa­tan sü­ri­niň bir gap­da­lyn­da düş­bi we gal­jaň ýaş kö­pek Al­gyr eser­deň­lik bi­len diň­şir­ge­nip otyr­dy.

Fotožurnalistikanyň möhüm žanry

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 Fo­to­re­por­taž («re­por­ta­ge» — fran­suz di­lin­den ter­ji­me edi­len­de «in­for­mir­le­mek, mag­lu­mat ber­mek» diý­me­gi aň­lad­ýar) su­ra­ta dü­şür­me­giň öz­baş­dak žan­ry hök­mün­de žur­na­lis­ti­ka pu­da­gyn­da Ýew­ro­pa döw­let­le­ri­niň ara­syn­da ge­çen asy­ryň or­ta­la­ryn­da ýü­ze çy­kyp­dyr. Bir­nä­çe da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni bil­ýän ne­mes ýu­ris­ti Erih So­lo­mon il­kin­ji fo­to­re­port­ýor­la­ryň bi­ri­dir. Ol ge­çen asy­ryň 20-nji ýyl­la­ry­nyň ahy­ryn­da­ky hal­ka­ra sy­ýa­sat­çy­la­ryň Mil­let­ler li­ga­sy­nyň kon­fe­ren­si­ýa­syn­da bo­lup geç­ýän giz­lin du­şu­şyk­la­ry­ny as­sy­ryn­lyk bi­len su­ra­ta alyp­dyr. Şon­dan bä­ri ga­zet-žur­nal­la­ryň su­rat­çy­la­ry onuň bu hä­si­ýe­ti­ni özü­ne gö­rel­de edi­nip, bo­lup geç­ýän wa­ka­nyň su­ra­ty­ny alyp, hal­ka ýaý­ra­dyp ug­rap­dyr­lar. Bu gün fo­to­re­por­taž bi­len di­ňe bir pro­fes­sio­nal fo­to­re­port­ýor­lar meş­gul­lan­ma­ýar­lar. Eý­sem, elin­de san­ly (sif­ro­woý) ka­me­ra­sy bo­lan is­len­dik ada­myň «pur­sat tu­tup bil­mek» we esa­sy wa­ka­nyň mer­ke­zin­den su­rat al­mak müm­kin­çi­li­gi bar­dyr. Fo­to­re­por­taž hä­zir­ki wagt­da bi­ziň gün­de­lik dur­mu­şy­myz­da giň­den ula­nyl­ýar. Iň ýö­ne­keý­je my­sa­ly hök­mün­de sy­ýa­hat edi­len­de, ge­ze­len­je gi­di­len­de, şü­we­leň­ler­de dü­şü­ril­ýän er­kin su­rat­la­ry al­mak bo­lar.

Müň­ýyl­lyk­lar­dan söz aç­ýan ki­tap

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Türk­men hal­ky­nyň baý, ede­bi mi­ra­sy bir syr­ly ki­tap my­sa­ly, onuň sa­hy­pa­la­ry­ny aç­dy­gyň­ça, ta­ry­hyň um­ma­syz baý­ly­gy, giz­le­nip ýa­tan syr­ly gi­ňiş­lik­le­ri açy­lar gi­der. Ine, hal­ky­my­zyň şöh­rat­ly ta­ry­hy ba­ra­da söz aç­ýan şeý­le ki­tap­la­ryň bi­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Änew — müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýet» at­ly tä­ze ki­ta­by eli­mi­ze go­wuş­dy. 2024-nji ýyl­da Änew şä­he­ri­niň «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li ne­şir edi­len bu ki­tap türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy ösüş­le­ri­ni be­ýan ed­ýän gym­mat­ly eser­dir.

Türkmenistan — sport ýurdy

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Gök­de­pe et­ra­by­nyň Ba­ba­rap oba­syn­da­ky Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ýaş Olim­pi­ýa­çy­la­ry taý­ýar­la­ýan sport mek­dep-in­ter­na­tyn­da ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da ki­çi fut­bol bo­ýun­ça Ahal we­la­ýa­ty­nyň bi­rin­ji­li­gi ge­çi­ril­di. Ýa­ry­şa we­la­ýa­tyň şä­her we et­rap­la­ryn­dan 6 to­par gat­naş­dy.

Sagdyn çaga – sagdyn geljek

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň dö­re­dil­me­gi­niň üç ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Ar­ka­dag şä­her hä­kim­li­gi­niň mej­lis­ler ja­ýyn­da «Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň yn­san­per­wer­li­ge esas­lan­ýan ta­ry­hy baş­lan­gyç­la­ry: Ho­wan­dar­ly­gyň we ça­ga­la­ra mä­hir­li ga­raý­şyň nus­ga­lyk tej­ri­be­si» at­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Hem­mä­mi­ziň bil­şi­miz ýa­ly, 2021-nji ýy­lyň 29-njy mar­tyn­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len Hö­kü­met mej­li­sin­de Mil­li Li­de­ri­miz Gahryman Ar­ka­da­gy­myz Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­ny dö­ret­mek ha­kyn­da döw­let­li Ka­ra­ra gol çek­di.

Tür­gen­le­ri sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň «Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty» sport top­lu­myn­da ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, al­tyn me­dal­la­ry ga­za­nan tür­gen­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Ola­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň adyn­dan sow­gat­lar, şeý­le-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy” at­ly ki­ta­by gow­şu­ryl­dy.

Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li we­lo­si­ped­li ýö­riş ge­çi­ril­di

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýe-sport, sag­dyn dur­muş we me­de­ni mak­sat­ly çä­re­le­ri ge­çi­ril­di. Bu çä­re­ler jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni iş­jeň or­naş­dyr­mak, ösüp gel­ýän ýaş nes­li sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga giň­den çek­mek, ra­ýat­la­ry­my­zyň be­den sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, ada­myň öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny uzalt­mak mak­sa­dy bi­len gu­ral­ýar.

Dünýädäki iň uly aýsberg ummanda ýüzýär

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Dünýäniň iň uly we gadymy aýsbergi soňky onýyllykdan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek hereket edip başlady. «A23a» diýlip atlandyrylýan Antarktidadaky aýsberg 4000 inedördül kilometre golaý meýdany tutýar we Nýu-Ýork şäheriniň, takmynan, üç essesine barabardyr.

Änew — türki dünýäsiniň medeni paýtagty

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň mil­li me­de­ni ul­ga­my be­lent sep­git­le­re ýet­ýär. Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de Arkadag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri­mi­ziň, me­de­ni ojak­la­ry­my­zyň şan-şöh­ra­ty dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi hem türk­men me­de­ni­ýe­ti­ni dün­ýä ýaý­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lan wa­ka­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­di. Bu çöz­güt tür­ki dün­ýä­si­niň 2022-nji ýyl­da me­de­ni paý­tag­ty bo­lan Bur­sa şä­he­rin­de ge­çi­ri­len TÜRK­SOÝ-nyň me­de­ni­ýet mi­nistr­le­ri­niň he­mi­şe­lik ge­ňe­şi­niň 39-njy mej­li­sin­de ka­bul edi­lip­di.