"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Çar ýana uzaýan dostluk ýollary

Halkymyzda ýol, köpri gurmak sogap iş hasaplanýar. Ata-babalarymyzyň «Ýol gurduran, köpri gurduran kişiniň alkyş-sogapdan ýüki ýetik bolarmyş» diýen jümlesi hem bu hakykata doly laýyk gelýär. Elbetde, ýol gurmak — mukaddes iş. Biz häzirki wagtda dosta barýan, dünýä ýurtlaryny birleşdirýän ýollary gurmagyň haýyr-sogabynyň näderejede ähmiýetlidigini öz gündelik durmuşymyzda aýdyň görýäris. Şu babatda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol gurmak, dostluk ýollaryny uzaltmak boýunça başlangyçlarynyň bütin dünýäde giňden ykrar edilendigi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Täze taryhy döwürde şeýle asylly işler Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamyny ösdürmegi häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Şoňa görä-de, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, ulag ulgamyny halkara ölçeglere laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda netijeli çäreler görülýär.

Halkara giňişlikde

Türkmenistanyň mümkinçilikleri — «ADIPEC 2023» sergisinde Türkmenistanyň energetika pudagyna degişli wekiliýet Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilen «ADIPEC 2023» halkara nebitgaz sergisine gatnaşdy. Ýurdumyzyň düýn — 5-nji oktýabrda öz işini tamamlan iri gözden geçirilişdäki diwarlygynda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, şeýle-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy öz mümkinçiliklerini görkezdi.

«Merkezi Aziýa — Germaniýa» hyzmatdaşlygynyň täze tapgyry

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 28-29-njy sentýabrda Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş sapary döwletara gatnaşyklary berkitmekde hem-de türkmen-german hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmakda nobatdaky möhüm ädim boldy. Saparyň maksatnamasyna ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we GFR-iň wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň derejesinde möhüm duşuşyklaryň birnäçesi girizildi. Köptaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli meýdançasy

Kämil başlangyçlara badalga

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 28-29-njy sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen parahatçylykly hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary netijeleri gazanýandygynyň nobatdaky beýany boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň iş saparynyň dowamynda «Merkezi Aziýa — Germaniýa» duşuşygynda döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda BMG-niň ýörelgelerine we kadalaryna esaslanýan Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş edendigini nygtamak bilen: öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýeti, ykdysady ösüş meselesinde ählumumy özara baglanyşyk, halkara giňişlikde energiýa serişdelerini ygtybarly üstaşyr geçirmek, täze ulag geçelgelerini döretmek bilen bagly ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýeti babatda beýan edenleriniň gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn goldanylmagy we dünýäde oňyn seslenme döretmegi diýseň buýsançly boldy.

Ählumumy abadançylygyň aýdyň menzilleri

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly başlangyçlary bilen dünýäde parahatçylygy, hoşniýetliligi ýörelge edinýän Türkmenistan döwletimiz halkara hyzmatdaşlygy barha berkidýär we ösdürýär. Munuň şeýledigine Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda hormatly Prezidentimiziň sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny, şeýle hem ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze, döredijilikli başlangyçlaryny, hususan-da, ykdysady ösüşe ýardam bermek, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine, howplaryna garşy durmak, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, adam hukuklary ýaly möhüm ugurlar babatynda öňe süren başlangyçlarynyň giň seslenme tapmagynyň mysalynda hem muňa ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik.

Beýik işleriň ykrarnamasy

Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, ösdürmekde, halkara giňişlikde ilerletmekde dünýäde ykrar edilen Lider hökmünde tanalýan Gahryman Arkadagymyzyň şahsy goşandy örän uludyr. 2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak hakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň Çözgüdiniň kabul edilmegi ähli halkymyzyň buýsanjyny has-da belende göteren hoş habar boldy. Milli Liderimiz abraýly sylagyň gowşurylyş dabarasynda: «Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany meni halklarymyzyň dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň bähbidine ähli güýç-gaýratymy we durmuş tejribämi gaýgyrman mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekmäge borçly edýär» diýip belledi. Magtymguly Pyragynyň sözlerini, doganlyk halklaryň pähimlerini mysal getirip, ata-babalarymyzyň hemişe jebislige çagyrandygy, şoňa görä-de, häzirki günde syýasatda, ykdysadyýetde, ynsanperwer meselelerde pederlerimiziň ýoluny dowam etdirýändigimiz hakynda çuň manyly çykyş etdi.

Türkmenistan bilen Germaniýa ulag we kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Berlin şäherinde iş saparynda bolan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-iň işewürlerini ulag we kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy. Bu barada Gahryman Arkadagymyz Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyndaky çykyşynda beýan etdi.

Ýaşlar dialogy: parahatçylygyň bähbidine

Öňňin Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» ady bilen halkara ýaşlar forumy geçirildi. Forum Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar syýasaty bilen baglanyşykly ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynydyr wekillerini, Hytaý Halk Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Liwiýadan, Azerbaýjan Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan ýaşlary, şeýle hem halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň işgärlerini bir ýere jemledi. Biz halkara foruma gatnaşyjylaryň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolup, olaryň pikir-garaýyşlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Netijeli gatnaşyklar ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk we «Açyk gapylar» ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirilýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli ösdürmek ugrunda uly işleri alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» başlangyjy dünýä giňişliginde özara gatnaşyklaryň täze ýörelgesi hökmünde ykrar edildi. Eziz Watanymyz durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam bermek, halkara gatnaşyklaryň has ynsanperwer bolmagyna goşant goşmak ýaly esasy wezipeleri durmuşa geçirýär, dünýäniň dürli ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär. Ine, 28-29-njy sentýabrda Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Germaniýa» görnüşindäki wekiliýetleriň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşyp, birnäçe başlangyçlary öňe sürmegi hem munuň aýdyň görkezijileriniň biri boldy.

Halkara hyzmatdaşlygynda täze başlangyçlar

Hormatly Prezidentimiziň 19-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşyp, sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler boýunça ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlaryny, ählumumy abadançylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm, täze başlangyçlar bilen çykyş etmegi taryhy ähmiýetli waka boldy. Azyk meselesini çözmekde Birleşen Milletler Guramasyna doly ýardam bermek Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça işiniň möhüm ugry bolup durýar. Döwletleriň we sebitleriň azyk serişdelerine elýeterli bolmagy bilen bagly meselelere seredilende, agzybirligiň, tutanýerliligiň, aýgytlylygyň zerurdygyny bellemek bilen, islendik adamyň aýrylmaz hukugy, ozaly bilen, çagalaryň sagdyn we kadaly ösüşiniň esasy şerti hökmünde doly bahaly iýmite kepillendirmeleriň möhümdigine ünsi çeken hormatly Prezidentimiz bu işde syýasat, ideologiýa we ýagdaý bilen bagly päsgelçilikleri ýeňip geçýän aýgytly çözgütleriň, täze çemeleşmeleriň zerurdygyny nygtady. Bu çäräni ylalaşylan möhletlerde Aşgabatda geçirmek üçin şertleri döretmäge Türkmenistanyň taýýardygy hem mälim edildi.

Ýaşlar dialogy pugtalandyrylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny berkden tutan ýaşlar syýasatyny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň berkarar Watanymyzyň ösmegi ugrundaky durmuşa geçirýän beýik işleri ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň rowaçlandyrylmagyna, döwletimiziň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky abraýynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilýär. Bu günki günde ýaşlara giň mümkinçilikler döredilýär, olaryň ylym-bilim öwrenmeklerine, öz başarnyklaryny durmuşa geçirmeklerine ähli şertler bar. Şonuň üçin hem ýaşlar ýurdumyzyň ösüşine goşant goşýarlar, röwşen geljege ynamly barýarlar.

Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki möhüm ädim

Halkara gatnaşyklaryny ösdürmek, sebit we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu ýylyň 28 – 29-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş sapary hem döwletara gatnaşyklaryny berkitmekde hem-de türkmen-german hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmakda nobatdaky möhüm ädim boldy. Saparyň maksatnamasyna ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we GFR-iň wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň derejesinde möhüm duşuşyklaryň birnäçesi girizildi. Şunuň bilen birlikde, GFR-iň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda möhüm ähmiýetli köptaraplaýyn çäräniň guralmagy Ýewropanyň bu döwletiniň halkara giňişliginde durnukly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde uly abraýa eýe bolan Türkmenistan, şeýle hem Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Halkara kiberhowpsuzlyk ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi

2023-nji ýylyň 3-4-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilýän ilkinji Kiberhowpsuzlyk boýunça «Cyber Security Central Eurasia 2023» atly halkara maslahatynyň 1-nji iş güni dowam edýär.   Maslahata gatnaşan dünýäniň onlarça döwletiniň 130 kompaniýasynyň 250-den gowrak ygtyýarlandyrylan wekilleri, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen taslamalaryň aragatnaşyk pudagyna ähmiýeti barada giňişleýin durup geçdiler.

2023-nji ýylyň 3-4-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Kiberhowpsuzlyk boýunça  «CSS 2023» atly halkara maslahaty geçirilýär

Guramaçylykly we ýokary derejede geçirilýän Kiberhowpsuzlyk boýunça «CSS 2023» atly halkara maslahatynyň 1-nji iş gününe dünýäniň onlarça döwletiniň ygtyýarlandyrylan wekilleri hem-de «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygynyň ýolbaşçylyk etmeginde wekiliýeti gatnaşdylar. Kiberhowpsuzlyk boýunça «CSS 2023» atly halkara maslahatynda sebit boýunça maglumatlaryň kiber howplara garşy goraglylygyny üpjün etmek, döwrebap sanly çözgütleri işläp düzmek, bu ugurda tejribe alyşmak we sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de netijeli ösdürmek baradaky halkara derejeli meselelere möhüm ähmiýet berildi.

Türkmenistanda halkara ýaşlar forumy geçirildi

Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogy döredildi Arkadag şäheri, 2-nji oktýabr (TDH). Şu gün Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ýaşlaryň dünýäde durnukly geljegi gurmak ugrunda artýan ornuna bagyşlanyp, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumy geçirildi.

«Türkmenaragatnaşyk» we tor çözgütleriniň öňdebaryjy ýapon üpjünçisi hyzmatdaşlyga gönükdirilendir

Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçylary bilen «NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti.» kompaniýasynyň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Mälim bolşy ýaly, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly organ bolup, Ýaponiýanyň NEC (Nippon Electric Corporation) bolsa, dünýädäki elektron, kompýuter tehnikalaryny we telekommunikasiýa enjamlaryny öndürýän iň uly kompaniýalaryň biridir.

«Turkmendenizderyayollary» agentliginde Yslam Ösüş Bankynyň wekilleriniň we Singapur hyzmatdaşlyk kärhanasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi

Golaýda «Turkmendenizderyayollary» agentliginiň edara binasynda “Turkmendenizderyayollary” agentliginiň wekilleri bilen Yslam Ösüş Bankynyň (YÖB) wekilleriniň, şeýle hem Singapur hyzmatdaşlyk kärhanasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan hökümeti bilen Yslam Ösüş Bankynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, Bank Türkmenistanyň milli söwda floty üçin 2 sany Ro-Pax paromynyň gurluşygyny maliýeleşdirmegi meýilleşdirýär.

Türkmenistanda halkara ýaşlar forumy geçirildi

Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogy döredildi Arkadag şäheri, 2-nji oktýabr (TDH). Şu gün Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ýaşlaryň dünýäde durnukly geljegi gurmak ugrunda artýan ornuna bagyşlanyp, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumy geçirildi.

Türkmen-german ykdysady hyzmatdaşlygynyň gerimi giňeýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 28-29-njy sentýabrda Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş sapary syýasy hem işewürlik ugurly wakalara baýlygy bilen tapawutlandy. Gahryman Arkadagymyzyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýet Baştutanlary bilen bilelikde german işewürleri bilen geçirilen köptaraplaýyn duşuşyga gatnaşmagy, saparyň çäginde guralan Türkmen-german işewürlik maslahatydyr ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň geçiren iş duşuşyklary özara bähbitli ykdysady hem işewürlik hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna baha berip, onuň geljekki mümkinçiliklerini ýakyndan ara alyp maslahatlaşmaga amatly şertleri döretdi. Biz saparyň dowamynda öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolup, olaryň türkmen bazarynda iş alyp barmak babatdaky pikir-garaýyşlary bilen gyzyklandyk.

Türkmen-german hyzmatdaşlygy: aýdyň maksatlar, anyk teklipler

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş sapary iki ýurduň dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny nobatdaky gezek görkezdi. Umumadamzat ähmiýetli tagallalar