Ählumumy abadançylygyň aýdyň menzilleri

5 Oktýabr 2023
512

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly başlangyçlary bilen dünýäde parahatçylygy, hoşniýetliligi ýörelge edinýän Türkmenistan döwletimiz halkara hyzmatdaşlygy barha berkidýär we ösdürýär.

Munuň şeýledigine Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda hormatly Prezidentimiziň sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny, şeýle hem ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze, döredijilikli başlangyçlaryny, hususan-da, ykdysady ösüşe ýardam bermek, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine, howplaryna garşy durmak, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, adam hukuklary ýaly möhüm ugurlar babatynda öňe süren başlangyçlarynyň giň seslenme tapmagynyň mysalynda hem muňa ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik.

Arslan GULGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Halkara hukuk gatnaşyklary bölüminiň esasy maslahatçysy.