Netijeli gatnaşyklar ösdürilýär

3 Oktýabr 2023
859

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk we «Açyk gapylar» ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirilýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli ösdürmek ugrunda uly işleri alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» başlangyjy dünýä giňişliginde özara gatnaşyklaryň täze ýörelgesi hökmünde ykrar edildi.

Eziz Watanymyz durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam bermek, halkara gatnaşyklaryň has ynsanperwer bolmagyna goşant goşmak ýaly esasy wezipeleri durmuşa geçirýär, dünýäniň dürli ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär. Ine, 28-29-njy sentýabrda Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Germaniýa» görnüşindäki wekiliýetleriň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşyp, birnäçe başlangyçlary öňe sürmegi hem munuň aýdyň görkezijileriniň biri boldy.

Oguloraz HABYBOWA,
Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.