«Turkmendenizderyayollary» agentliginde Yslam Ösüş Bankynyň wekilleriniň we Singapur hyzmatdaşlyk kärhanasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi

3 Oktýabr 2023
516

Golaýda «Turkmendenizderyayollary» agentliginiň edara binasynda “Turkmendenizderyayollary” agentliginiň wekilleri bilen Yslam Ösüş Bankynyň (YÖB) wekilleriniň, şeýle hem Singapur hyzmatdaşlyk kärhanasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan hökümeti bilen Yslam Ösüş Bankynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, Bank Türkmenistanyň milli söwda floty üçin 2 sany Ro-Pax paromynyň gurluşygyny maliýeleşdirmegi meýilleşdirýär.