"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Türkmen wekiliýeti Daşkentde «Bir guşak — bir ýol: Merkezi Aziýa döwletleri üçin täze mümkinçilikler» atly «tegelek stol» maslahatyna gatnaşdy

11-nji oktýabrda Daşkent şäherindäki Merkezi Aziýa halkara institutynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň Özbegistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda «Bir guşak — bir ýol: Merkezi Aziýa döwletleri üçin täze mümkinçilikler» atly «tegelek stol» maslahaty geçirildi. Oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada «Dunýo» habarlar agentligi habar berdi. «Tegelek stol» maslahatynyň çäginde syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýumlar, ýangyç-energetika, daşky gurşawy goramak, ýaşyl tehnologiýalar ýaly ugurlarda Merkezi Aziýa döwletleri bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan CASCA + multimodal ulag ugrunda öz ornuny pugtalandyrýar

Türkmenistan ulag-logistika ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyna özüniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Türkmenistanyň hem gatnaşýan CASCA + multimodal ulag ugrunyň  ösdürilmegi bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Gazagystanyň paýtagty Astanada 4-nji oktýabrda geçirilen “New Silk Way” VI halkara ulag-logistika işewürlik forumynda hem bu barada aýdyldy.

Köpugurlylyk, netijelilik, ýokary işjeňlik

giň gerimli çärelere mahsus aýratynlyklar boldy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda üç günläp dowam eden «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat üstünlikli tamamlandy. Ýurdumyzyň we dünýäniň döwlet hem hususy eýeçilikdäki saglygy goraýyş edaralarynyň 150-den gowragynyň, onlarça ýokary okuw mekdepleriniň, okuw-ylmy merkezleriniň, bedenterbiýe we sport düzümleriniň wekillerini bir ýere jemlän köpugurly forum degişli ulgamlarda ýetilen sepgitler bilen tanyşmakda, möhüm özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça pikirdir tejribe alyşmakda, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemekde täze gözýetimleri açdy.

Ibn Sinanyň eserleri — umumadamzat gymmatlygy

Öňňin — 11-nji oktýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirilen «Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy» atly halkara ylmy maslahat alymyň eserlerine dünýä lukmançylygynyň we ylmynyň taryhynda uly ornuň degişlidigini ýene bir ýola äşgär etdi. Öz işini umumy mejlisde hem-de ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdeplerinde guralan degişli bölümçelerde dowam eden maslahatda türkmen alymlary we halkara ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri Abu Aly ibn Sinanyň ylymda gazanan üstünlikleri, häzirki zaman lukmançylygyndaky orny, eserleriniň pelsepe aýratynlyklary, umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrmakdaky ähmiýeti, dürli ylymlar bilen baglanyşygy ýaly mowzuklar boýunça giňişleýin söhbet etdiler. Awad AL-HALAF,BAE-niň Al-Kasimiýýah uniwersitetiniň rektory:

«Ýaşyl» dünýä — umumy öýümiz

Köpugurly türkmen-britan dialogy umumy bähbitlere, döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelmek bilen, soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýokary derejelere eýe bolýar. Şu jähetden, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlonyň golaýda Mary welaýatynda saparda bolmagy bellenilmäge mynasypdyr. Saparyň çäklerinde diplomat Mary şäherinde ýerleşýän Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebine gelip gördi we okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşy bilen tanyşdy, şeýle-de bu ýerde daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi ýaly ählumumy meseleler barada gürrüňdeşlik geçdi. Diplomat Stiwen Konlon mugallymçylyk mekdebinde iňlis dili we edebiýaty mugallymlary Maral Gurbangeldiýewanyň, Ogulkeýik Rejebowanyň, Döwran Durdyýewiň iňlis dili, iňlis edebiýaty, iňlis dilini okatmagyň usulyýeti dersleri boýunça geçen sapaklaryna gatnaşyp, olarda innowasion usullaryň, şol sanda terbiýeçilik we dil öwredijilik ähmiýetli serişdeleriň işjeň ulanylyşyna, pedagogik hünärmenleriň dil taýýarlygyna ýokary baha berdi. Şeýle-de ilçä bu ýerde hereket edýän gurnaklar, olaryň alyp barýan işleri, çeper we ylmy döredijilige höwesli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen üç dilde — türkmen, iňlis, rus dillerinde geçirilýän çärelerdir maslahatlar barada gürrüň berildi.

Koreý medeniýeti tanyşdyryldy

Häzirki wagtda dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, dünýä jemgyýetçiligine işjeň goşulyşmak, ýaş nesliň daşary ýurt dillerini çuňňur özleşdirmegi nazarda tutulyp, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň birnäçesi boýunça okuw sapaklary geçilýär. Şolaryň hatarynda ýurdumyzda koreý dilini öwrenmäge hem aýratyn üns berilýär. Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 88-nji orta mekdepde hem okuwçylara dört ýyldan bäri koreý dili öwredilýär. Olar koreý dili boýunça geçilýän sapaklardan daşary her ýylda bu dil bilen baglanyşykly guralýan çärelerdir bäsleşiklere gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýärler. Düýn bu mekdepde şeýle çäreleriň nobatdakysy boldy. Oňa Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýu-Tek hem-de ilçihananyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda ilçi mekdebiň mugallymlarydyr okuwçylaryna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, koreý dilinde çap edilen kitaplary we koreý milli lybaslaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Nepisligiň sarpasy

Düýn ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda Arkadag şäherindäki «Märkaw» myhmanhanasynda «Zenan eliniň çeperligi — haly, keşde, keçede» atly halkara dialog geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan çärä Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň haly, keçe, keşde sungaty bilen baglanyşykly ulgamlarynyň tejribeli hünärmenleri, görnükli alymlary gatnaşdylar. Halkara dialogyň açylyşyndan soňra, Arkadag şäheriniň wideoşekilli tanyşdyrylyşy boldy. Bu ýerde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowa çykyş edip, ÝUNESKO bilen alnyp barylýan işjeň gatnaşyklar, bu ugurda durmuşa geçirilen işler, öňde durýan wezipeler barada gürrüň berdi. Soňra beýleki hünärmenleriň hem çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda milli medeni gymmatlyklarymyzy sarpalamak ýörelgesiniň bu günki günde dünýäde dabaralanýandygy, şunlukda, zenanlarymyzyň sungat derejesine ýetirilen gadymy el işleriniň hem uly gyzyklanma eýe bolýandygy nygtaldy.

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylyk arkaly ösüşi üpjün etmek babatda dünýä döwletleri we iri halkara guramalary bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan «Açyk gapylar» syýasaty ählumumy howpsuzlygy berkitmekde, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini tapmakda, döwletleriň we halklaryň durnukly ösüşi üçin amatly şertleri döretmekde, şeýle hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde halkara bileleşiginiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Şu jähetden, 2023-nji ýylyň 28-29-njy sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň ähmiýetini bellemek dogry bolar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tabşyrygy bilen Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýetiniň bu dostlukly döwletde geçiren ýokary derejeli duşuşyklarynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak ýörelgeleri esasynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

HALKARA DIALOGY GEÇIRILDI

Şu  gün, 12-nji  sentýabrda  Arkadag  şäheriniň   «Märkaw»  myhmanhanasynda  ÝUNESKO-nyň  işleri  barada  Türkmenistanyň  milli toparynyň  Sekretariatynyň, Türkmenistanyň  Kärdeşler  arkalaşyklarynyň  Milli  merkeziniň  we  Zenanlar  birleşiginiň  Merkezi  geňeşiniň  bilelikde  sanly  ulgam  arkaly  gurnamagynda   «Zenan  eliniň  çeperligi – haly, keşde, keçede»  atly  Halkara  dialogy  geçirildi. 

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 11-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Türkiýede doganlyk Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy

Türkmenistanda halkara ylmy forum geçirildi Aşgabat, 11-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan bilelikde guralan forum Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlandy.

Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy

Türkmenistanda halkara ylmy forum geçirildi Aşgabat, 11-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan bilelikde guralan forum Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen çuň many-mazmunly Gutlagyňyz, mähirli arzuwlaryňyz, bu maslahatyň ýokary derejede, örän netijeli geçmegi babatda döreden mümkinçilikleriňiz, goldaw-hemaýatlaryňyz üçin Size çäksiz sagbolsun aýdýarys. Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletiniň gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy, saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegi, türkmen lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegi ugrunda alyp barýan syýasatyňyzyň, halkyň medeni-ruhy gymmatlyklarynyň, beýik akyldarlarynyň umumadamzat ähmiýetli mirasynyň dünýäde dabaralandyrylmagy ugrunda köptaraply halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen beýik başlangyçlaryňyzyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Türkmenistan — sagdynlygyň ýurdy

Ýegor ZAÝSEW,BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy: — Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy 30 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edip gelýär. Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji iýulynda BSGG-niň agzalygyna kabul edildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesi milli saglygy goraýşyň ileri tutulýan ugurlary boýunça bilelikdäki möhüm taslamalaryň we maksatnamalaryň birnäçesiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsidir. Biz Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurduň jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamyndaky oňyn özgertmeleriň şaýady bolduk. Şeýlelikde, ýokanç däl keselleriň derejesini peseltmek we olaryň ösüş töwekgelçiliginiň täsirlerini aradan aýyrmak maksady bilen, Türkmenistanda temmäkä gözegçilik etmek boýunça BSGG-niň maslahatlaryna esaslanýan giň gerimli maksatnama kabul edildi. Munuň özi çilim çekýänleriň sanyny görnetin azaltmaga ýardam berdi.

Tejribe — kämillige ýol

Annaoraz ANNAORAZOW,Arkadag şäheriniň häkimliginiň jemagat hojalygynyň işini utgaşdyryjy bölüminiň başlygy: — 28-29-njy sentýabrda Gahryman Arkadagymyz Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol iş saparynda Germaniýa döwletine gitmek maňa-da miýesser etdi. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçen bu duşuşyk üstünlikli amala aşyryldy. Saparyň birinji güni ady dünýä ýaň salan Arkadag şäheriniň jemagat hojalygynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, daşary ýurtly hünärmenleriň gatnaşmaklarynda ikitaraplaýyn pikir alyşmalar geçirildi. Şolaryň hatarynda jemagat hojalygynda ulanylýan tehnikalary öndürýän birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen hem duşuşyk geçirildi.

Hyzmatdaşlygyň döwrebap nusgasy

Halk hikmetinde aýdylyşy ýaly, agzybirligiň, jebisligiň bar ýerinde abadançylyk, bagtyýarlyk örňeýär we rysgal-berekediň çeşmesi egsilmeýär. Muňa umumy ilaty, takmynan, 75 milliondan gowrak, tutýan meýdany 3,9 million inedördül kilometrden geçýän Merkezi Aziýa sebitindäki döwletleriň mysalynda has aýdyň göz ýetirmek mümkin. Häzirki wagtda hoşniýetli goňşuçylyk, ygtybarly hyzmatdaşlyk we heňňamyň synagyndan geçen köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary sebit döwletlerini has-da ysnyşdyrýar. Halkara bileleşigiň ählumumy goldawyna eýe bolýan bu köpugurly hyzmatdaşlygyň täze nusgasynyň kemala gelmegine hem sebitdäki halklaryň ynsanperwer garaýyşlarynyň, umumy bähbitleriniň birligi öz täsirini ýetirýär.

Aral — döwrüň derwaýys meselesi

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 15-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde çykyş edip, Aral deňziniň guramagy zerarly daşky gurşawa ýetirýän oňaýsyz täsirini peseltmek, çölleşmä we ýeriň ýaramazlaşmagyna garşy göreşmek, bu sebitiň arassaçylyk-epidemiologik ýagdaýyny gowulandyrmak, durmuş we ynsanperwer häsiýetli birnäçe meseleleri çözmek bilen bagly öz tekliplerini öňe sürdi. Sebit döwletleriniň ählisiniň bähbidini nazarlaýan ol teklipler döwlet Baştutanlary tarapyndan giň goldaw tapdy. Suw diňe bir köp bolanda däl, hatda az bolanda hem daşky gurşawa ýaramaz täsirini ýetirip bilýär. Muny biz soňky ýyllarda suwy barha azalýan Aral deňziniň mysalynda görüp ýörüs. Alymlar ýigriminji ýüzýyllygyň altmyşynjy ýyllarynyň ahyrlarynda suw serişdeleriniň hasabyna suwarymly ýerleriň iri möçberli taslamalarynyň durmuşa geçirilip başlanmagyny, oba hojalygy üçin Amyderýanyň we Syrderýanyň suwunyň aşa köp alynmagyny Aralyň suwunyň azalmagynyň esasy sebäbi hökmünde düşündirýärler. Netijede, Aral deňziniň suwunyň çekilmegi, sebitde käbir ekologiýa meseleleriň ýüze çykmagyna getirdi. Akademik Agajan Babaýewiň Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 2012-nji ýylda neşir edilen «Çölleriň we çölleşmegiň meseleleri» atly kitabynda berýän maglumatyna görä, Aral

Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi

Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasaty häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Owganystanda bolup geçen güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken dostlukly döwletiň halkyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde we guramagynda ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegi hem munuň aýdyň beýanydyr. Ynsanperwerlik ýüki derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma, azyk önümlerinden ybaratdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen başy başlanan we häzirki döwürde döwlet Baştutanymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri goňşy we doganlyk ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakdan ybaratdyr. Şunda türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga, asylly ynsanperwer işleriň oňyn tejribesini dowam etdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Gazagystan Respublikasynyň işewür kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, telekeçileri tarapyndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portyna iş sapary bilen geldiler

Golaýda Gazagystan Respublikasynyň işewür kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, telekeçileri tarapyndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portyna iş sapary bilen geldiler. Saparyň dowamynda myhmanlar deňiz portunyň mümkinçilikleri we kuwwaty bilen ýakyndan tanyşdylar. Myhmanlar portuň ýolagçy-parom we ýük terminallaryna baryp, her terminalyň aýratynlyklary we ýükleriň görnüşlerine görä göz öňüne tutulan häzirki zaman enjamlarynyň portuň çäginde amallary ýerine ýetirilişi bilen ýerinde tanyşdylar. Myhmanlar portuň meýdanynda uly gabaraly ýükleri ýüklemek we düşürmek üçin niýetlenen ýük göteriji tehniklarynyň işleýşine syn etdiler. Soňra myhmanlara deňiz portuň terminallaryň çäklerindäki açyk we ýapyk ammarlary hem-de gümrük ammarynyň hyzmatlary barada, ýagny deňiz portunyň gümrük ammarynda ýükleri we harytlary gümrük paçlaryny tölemezden 3 ýyla çenli saklamaga mümkinçilik berýändigi barada tanyşdyryldy. Mundan başga-da myhmanlar port tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň nyrhlary we sarp edilýän wagt barada gyzyklanma bildirdiler.

Ygtybarly hyzmatdaşlygyň ähmiýeti

Nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin işlenip taýýarlanylan «Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň 2019—2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» uglewodorod serişdeleriniň öndürilişini ýokarlandyrmak maksadynda daşary ýurt kompaniýalary bilen önümi paýlaşmak hakynda şertnamalar we ylalaşyklar boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek göz öňünde tutulýar. Nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin işlenip taýýarlanylan «Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň 2019—2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» uglewodorod serişdeleriniň öndürilişini ýokarlandyrmak maksadynda daşary ýurt kompaniýalary bilen önümi paýlaşmak hakynda şertnamalar we ylalaşyklar boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek göz öňünde tutulýar.