Koreý medeniýeti tanyşdyryldy

13 Oktýabr 2023
432

Häzirki wagtda dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, dünýä jemgyýetçiligine işjeň goşulyşmak, ýaş nesliň daşary ýurt dillerini çuňňur özleşdirmegi nazarda tutulyp, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň birnäçesi boýunça okuw sapaklary geçilýär. Şolaryň hatarynda ýurdumyzda koreý dilini öwrenmäge hem aýratyn üns berilýär.

Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 88-nji orta mekdepde hem okuwçylara dört ýyldan bäri koreý dili öwredilýär. Olar koreý dili boýunça geçilýän sapaklardan daşary her ýylda bu dil bilen baglanyşykly guralýan çärelerdir bäsleşiklere gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýärler. Düýn bu mekdepde şeýle çäreleriň nobatdakysy boldy. Oňa Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýu-Tek hem-de ilçihananyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda ilçi mekdebiň mugallymlarydyr okuwçylaryna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, koreý dilinde çap edilen kitaplary we koreý milli lybaslaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby. Surata düşüren Ahmet TÜRŞEKOW.