Ibn Sinanyň eserleri — umumadamzat gymmatlygy

13 Oktýabr 2023
498

Öňňin — 11-nji oktýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirilen «Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy» atly halkara ylmy maslahat alymyň eserlerine dünýä lukmançylygynyň we ylmynyň taryhynda uly ornuň degişlidigini ýene bir ýola äşgär etdi. Öz işini umumy mejlisde hem-de ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdeplerinde guralan degişli bölümçelerde dowam eden maslahatda türkmen alymlary we halkara ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri Abu Aly ibn Sinanyň ylymda gazanan üstünlikleri, häzirki zaman lukmançylygyndaky orny, eserleriniň pelsepe aýratynlyklary, umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrmakdaky ähmiýeti, dürli ylymlar bilen baglanyşygy ýaly mowzuklar boýunça giňişleýin söhbet etdiler.

Awad AL-HALAF,
BAE-niň Al-Kasimiýýah uniwersitetiniň rektory:

Ýazga geçiren Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan».