Gazagystan Respublikasynyň işewür kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, telekeçileri tarapyndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portyna iş sapary bilen geldiler

11 Oktýabr 2023
605

Golaýda Gazagystan Respublikasynyň işewür kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, telekeçileri tarapyndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portyna iş sapary bilen geldiler. Saparyň dowamynda myhmanlar deňiz portunyň mümkinçilikleri we kuwwaty bilen ýakyndan tanyşdylar. Myhmanlar portuň ýolagçy-parom we ýük terminallaryna baryp, her terminalyň aýratynlyklary we ýükleriň görnüşlerine görä göz öňüne tutulan häzirki zaman enjamlarynyň portuň çäginde amallary ýerine ýetirilişi bilen ýerinde tanyşdylar.

Myhmanlar portuň meýdanynda uly gabaraly ýükleri ýüklemek we düşürmek üçin niýetlenen ýük göteriji tehniklarynyň işleýşine syn etdiler. Soňra myhmanlara deňiz portuň terminallaryň çäklerindäki açyk we ýapyk ammarlary hem-de gümrük ammarynyň hyzmatlary barada, ýagny deňiz portunyň gümrük ammarynda ýükleri we harytlary gümrük paçlaryny tölemezden 3 ýyla çenli saklamaga mümkinçilik berýändigi barada tanyşdyryldy. Mundan başga-da myhmanlar port tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň nyrhlary we sarp edilýän wagt barada gyzyklanma bildirdiler.