"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Durnukly ulag ulgamy — durnukly ösüşe goşant

Aşgabatda halkara forum geçirildi Aşgabat, 26-njy noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Ýer ýüzünde ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Türkmen-german işewürlik forumy: netijeli hyzmatdaşlyga tarap

20-nji noýabrda Berlinde Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň howandarlygynda Humboldt Carre Berlin kongres merkeziniň mejlisler zalynda Türkmen-german işewürlik forumy geçirildi. Iki tarapyň 200-den gowrak wekilini bir ýere ýygnan bu foruma Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewiň ýolbaşçylygyndaky topar, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, şeýle hem milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hereket edýän 50-ä golaý Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar. German tarapyna bolsa Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniňdir iri kompaniýalarynyň, şeýle-de ätiýaçlandyryş, howa gatnawlary, ulag-logistika, sanly ulgam boýunça maslahat beriş, dag-magdan we gurluşyk boýunça hyzmatlary, inženerçilik işleri, elektrik, senagat, aragatnaşyk enjamlarynyň, gurluşyk serişdeleriniň, oba hojalyk tehnikasynyň, ulag serişdeleriniň, saglygy goraýyş enjamlarynyň önümçiligi, azyk, dokma, nebitgaz, himiýa, saglygy goraýyş we derman senagaty, daşky gurşawy goramak, syýahatçylyk, programma üpjünçiligi ýaly dürli ugurlarda iş alyp barýan onlarça kompaniýalaryň agzalary wekilçilik etdiler. Türkmen-german işewürlik forumy iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Londonda Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine ýokary baha berildi

22-23-nji noýabrda Londonda geçirilen «Türkmenistan: maýa goýum we ösüş» atly foruma Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti, onuň düzüminde ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary, hususy telekeçiler gatnaşdylar. Iki günlük forumyň dowamynda ykdysadyýetiň soňky gazananlaryna bagyşlanan wideoroliklere, ikitaraplaýyn gepleşiklere aýratyn orun berildi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow forumda eden çykyşynda ýurduň senagat baýlyklaryny, möhüm ugurlardaky geljegi uly taslamalary, maýa goýumlary üçin ygtybarly kanuny kepillikleri barada giňişleýin durup geçdi.

«Mars» kompaniýasy «Hotel chocolat» kompaniýasyny satyn alýar

«Mars Inc.» amerikan kompaniýasy premium şokoladyny öndüriji «Hotel Chocolat Group Plc» britan kompaniýasyny 534 million funt sterlinge (662 million amerikan dollary) satyn alýar. Geleşigiň şertine görä, «Mars» «Hotel Chocolat» paýnamalaryna geçen hepdäniň çarşenbe günündäki söwdalaşyk bahasyndanam (139 pens) 2,7 esse köp (375 pens) tölär.

Paýtagtymyzda ilkinji gezek Azyk önümçiliginiň halkara sergisi geçiriler

28 — 30-njy noýabr aralygynda ak mermerli Aşgabatda ilkinji gezek Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Türkmenistan — 2023» atly halkara sergisi geçiriler. Bu halkara sergini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň «Sofuar» kompaniýasy bilelikde guraýar. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek bu gözden geçirilişde milli ykdysadyýetimiziň innowasiýalara esaslanýan ösüş ýolunda gazanan ägirt uly sepgitleri, şeýle hem daşary ýurtly enjamlary öndürijileriň öňdebaryjy tejribeleri we işläp taýýarlamalary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik dörediler.

«C&A» egin-eşik dükanlar tory Ýewropada 100 sany dükan açmagy meýilleşdirýär

Belgiýanyň, Germaniýanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň egin-eşik dükanlar tory — «C&A» geljek üç ýylda geografiýasyny giňeltmegi meýilleşdirýär. Has dogrusy, «C&A» Ýewropa ýurtlarynyň şäher merkezlerinde 100 sany täze söwda nokadyny açmagy maksat edinýär. Bu barada Germaniýadaky «C&A» egin-eşik dükanlar torunyň baş dolandyryjysy Karsten Horn mälim etdi. Onuň sözlerine görä, «C&A» egin-eşik dükanlary ýakyn 3 ýylda Rumyniýa, Polşa, Italiýa ýaly modanyň ösen ýurtlarynda, Germaniýanyň Gamburg, Berlin şäherlerinde peýda bolar. 2024-nji ýyla çenli bolsa Madrid, Amsterdam, Pariž, Milan şäherlerinde egin-eşik dükanlarynyň täze tapgyry müşderilere hyzmat edip başlar.

Britan ykdysadyýeti: düýnden ertire

XVIII asyrda Beýik Britaniýa dünýäniň senagat taýdan ösen ilkinji döwletidi. XIX asyrda tehnologiýa artykmaçlygy bilen dünýä ykdysadyýetinde möhüm orny eýeledi. Baryp-ha, 1870-nji ýylda dünýäniň jemi içerki önüminiň 9,1 göterimini tutdy. Geçen asyryň başlaryndan 40-njy ýyllary aralygynda ykdysadyýetinde birneme kynçylyklara sezewar bolýar. Şeýle-de bolsa XXI asyrda britanlar dünýäniň iň möhüm güýjüne öwrülýär. Ösen sosial bazar ykdysadyýeti bilen Beýik Britaniýa jemi içerki önümi boýunça dünýäniň 6-njy, satyn alyş güýji bilen 9-njy, adam başyna düşýän jemi içerki önümi bilen 21-nji döwleti hasaplanýar. Geografik taýdan kiçi ýurt bolandygyna garamazdan, 2022-nji ýylda 67 million ilaty we 3,1 trillion amerikan dollarlyk jemi içerki önümi bilen Ýewropada 2-nji ýeri eýeledi. Häzirki wagtda iňlisleriň esasy eksport harytlary mineral ýangyçlar, mehaniki enjamlar, çig nebit, altyn bolup, olar Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Niderlandlar Patyşalygyna, Germaniýa, Irlandiýa ugradylýar.

Türkmenistan we «Dragon Oil»: maýa goýum hyzmatdaşlygy

2000-nji ýyldan bäri «Dragon Oil» kompaniýasy Önümi paýlaşmak şertnamasy esasynda Türkmenistanda üstünlikli iş alyp barýar. Kompaniýanyň Türkmenistandaky esasy işi «Jeýtun» we «Jygalybeg» nebit ýataklaryny özleşdirmek arkaly Hazar deňziniň türkmen böleginde, Çeleken şertnamasynyň çäginde uglewodorod öndürmekden ybaratdyr. Kompaniýa 22 ýylyň dowamynda guýulary burawlamak hem-de önümçilik desgalaryny gurmak maksady bilen, 8 milliard amerikan dollaryndan gowrak pul sarp etdi we 437 million barrel nebit çykardy. Häzirki wagtda kompaniýada 2 müňden gowrak hünärmen zähmet çekip, olaryň aglaba bölegi türkmen raýatlarydyr. Kompaniýanyň baş direktory Ali Al Jarwanyň sözlerine görä, baş edarasy Dubaý şäherinde ýerleşýän «Dragon Oil Holdings» Türkmenistanda we Yrakda alyp barýan işleriniň gerimini giňeltmek maksady bilen, çig nebit önümçiligini gündelik 120 müň barrele çenli ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar. Häzirki wagtda eýeçiligindäki şahamçalarynda günde 180 müň barrel nebit öndürilýär we bu görkezijini 2026-njy ýyla çenli 300 müň barrele ýetirmek meýilleşdirilýär.

Näme üçin ýene Osaka?!

Sözbaşy tarp ýerden goýlan ýaly bolup biler. Ýöne işewürlik bilen iş salyşýan adamlar gürrüňiň «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi bilen baglanyşygynyň bardygyny aňan bolsalar gerek. Hakykatdan-da, Ýer ýüzüniň 150-den gowrak ýurdunyň, iri halkara guramalaryň 25 sanysynyň millionlarça wekilini bir ýere jemlejek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi üçin bu gezek ýene näme sebäpden Osaka şäheri saýlandyka? Taryha ser salanymyzda, Osakada mundan ozal hem «EKSPO» Bütindünýä sergisiniň geçirilendigini görýäris. Has dogrusy, dünýäniň iň abraýly sergisi bu şäherde iki gezek: 1970-nji ýylyň 15-nji marty — 13-nji sentýabry aralygynda «Adamzat üçin ösüş we sazlaşyk», şeýle-de 1990-njy ýylyň 1-nji aprelinden 30-njy sentýabryna çenli «Tebigatyň we adamzadyň bilelikde sazlaşykly bolmagy» temasy bilen geçirildi. «Durmuşymyz üçin geljekki jemgyýeti döretmek» atly tema bagyşlanan bu gezekki dünýäniň iň iri gözden geçirilişi 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabry aralygynda myhmanlary kabul eder. Deslapky maglumatlara görä, halkara sergä 30 milliona golaý adamyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýel we Gün energiýasy arkaly işleýän dünýäde ilkinji ýüzýän balykçylyk hojalygy

Hytaýyň ýel energiýasyny işläp taýýarlaýan öňdebaryjy «Longyuan» kompaniýasy bilen «Shanghai Electric» turbina öndüriji kompaniýasy dünýäde ilkinji ýüzýän ýel we Gün energiýasy bilen üpjün edilen balykçylyk hojalygyny işe goýberdi. Bu desga Hytaýyň Fuszýan welaýatynyň Nanri adasynyň golaýynda ýerleşýär. «Longyuan» we «Shanghai Electric» kompaniýalary 2021-nji ýylda dünýädäki ilkinji akwa medeniýetli balykçylyk hojalygyny ýel we Gün energiýasy bilen üpjün edip, suwa goýbermegi meýilleşdirýändigini mälim edipdiler. Ýüzýän energiýa platformasy Hytaýyň milli energetika meýilnamalarynyň resmi bir bölegi bolup durýar.

Ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

Häzirki ajaýyp döwrümizde Türkmenistanyň öňe sürýän beýik başlangyçlary dünýäde belent ykrarnama eýe bolýar. Ýurdumyz umumadamzat bähbitli, durnukly ösüşiň aýdyň ugurlary esasynda belent maksatlar bilen dünýäniň nazaryny jemleýär. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň halk we umumadamzat bähbitlidigini aýdyň beýan edýär. Ynha, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde ilkinji gezek Bütindünýä durnukly ulag gününiň bellenilmegi hem aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda her ýylyň 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. Ýurdumyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri, halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekde ýola goýulýan başlangyçlar aýratyn many-mazmuna eýedir. Ulag ulgamynda hem hyzmatdaşlygy ösdürmek, bu babatda netijeli işleri alyp barmak esasy ugurlaryň biridir. Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň geçirilmegi hem bu ugruň ösdürilmeginde tagallalary birleşdirmek, hoşniýetli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly asylly ýörelgelerden ugur alýar.

Go­lun­da eý­ýa­myň be­ýik iş­le­ri

«7/24. tm» № 49 (184) 27.11.2023 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Prezidentimi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da ýo­ka­ry hü­när­li, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn, mak­sa­da ok­gun­ly, giň göz­ýe­tim­li, iň kä­mil in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ra erk edip bil­ýän, döw­rüň tä­ze­lik­le­rin­den ha­bar­ly, äh­li ylym­lar­dan baş çy­ka­ryp bil­ýän ýaş­la­ry ter­bi­ýe­le­mek il­kin­ji no­bat­da­ky we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da kes­git­len­di. Öň­de goý­lan mak­sat­na­ma­lar esa­syn­da ýur­du­myz­da ýaş ra­ýat­la­ryň sag­dyn ös­me­gi hem-de ke­ma­la gel­me­gi, ola­ryň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, dö­re­di­ji­lik­li iş­le­me­gi, alan bi­lim­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mek­le­ri üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär. Şu ba­bat­da ýaş­la­ryň ara­syn­da dür­li ugur­la­ra gö­nük­di­ri­len bäs­le­şik­ler, ýa­ryş­lar, fo­rum­lar, mas­la­hat­lar yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär.

«Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara

Hormatly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilýän «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Maglumat merkezi we Ýewropa bilen baglanyşdyrýan sanly köpri – “Türkmenaragatnaşygyň” taslamalary Londonda maslahatlaşyldy

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi maýa goýumlary çekmek we optiki süýümli kabelleri we serwer enjamlaryny öndürýän kärhanalary, maglumat merkezini döretmek ýaly birnäçe taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyga taýýardyr. Bu barada agentligiň başlygynyň orunbasary Nurmyrat Rejepow 22-23-nji noýabrda Londonda geçirilen “Türkmenistan - maýa goýum we ösüş” atly forumda eden çykyşynda mälim etdi. Rejepow hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde Türkmenistanyň “akylly” şäherleri üçin IT hyzmatlaryny we dolandyryş ulgamlaryny ösdürmekdir diýdi. Şeýle hem, ol iň täze simsiz aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny öz içine alýan Aşgabat şäher telefon ulgamyny döwrebaplaşdyrmak taslamasyna daşary ýurtly işewürleriň we maýadarlaryň ünsüni çekdi.

Doganlyk daragty gül açýar

Ajaýyp zamanamyzyň sergin säherlerinde dogýan her bir Gün bize asylly işler bilen baglanyşykly hoş habarlary buşlaýar. Il-günüň hatyrasyna amal edilýän şol beýik işleriň netijesinde bagtyýar durmuşyň binýady tutulýar. Hoşniýetlilikden, ynsanperwerlikden, birek-birege ynanyşmakdan gözbaş alýan halk bähbitli wakalara şaýat bolmak ýurduň ýagty geljegine bolan beýik ynamy döredýär. Beýik danalaryň belleýşi ýaly, haýsy mekanda eneleriň arzuwy hasyl bolýan bolsa, diýmek, şol ýurtda asudalyk, agzybirlik, bagtyýarlyk höküm sürýändir. Çünki dünýäniň islendik künjeginde ýaşaýan eneleriň ählisiniň arzuwy çagalarynyň asuda mekanda okap, zähmet çekip, sapaly durmuşda ýaşamagy bilen baglanyşyklydyr. Bu gün biziň ýurdumyz hem dilleri dogaly eneleriň, berkarar döwlet islän parasatly gojalaryň arzuwlarynyň wysal bolan mekanydyr. Il-ýurt bähbitli, taryhy ähmiýetli wakalara gözli şaýat bolanyňda, ata Watanymyzyň ösüş-özgerişlerine mynasyp goşant goşmaga, has-da önjeýli zähmet çekmäge ruhlanýarsyň. Hoşniýetli gatnaşyklaryň täze mümkinçilikleri

Gözel binalary bilen görklenýän şäher

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetiren hoş habar — 2-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde paýtagtymyz Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Mermer paýtagtymyzyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan dünýäniň iň gözel we tehnologik taýdan ösen şäherleriniň biri hökmünde ykrar edilip, «Dizaýn» ugurly döredijilik şäherine öwrülmegi «Aziýanyň merjeni» hasaplanýan baş şäherimiziň şan-şöhratyny ýene-de bir gezek Arşa göterdi. Biz bu gün «Gurýan döwlet gurpludyr» diýen jümläni ata Watanymyzyň mysalynda açyk-aýdyň görýäris. Çünki Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwleti gurýan, döredýän ýurt hökmünde bütin dünýäde tanalýar. Obalarymyzy, şäherlerimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen Döwlet maksatnamalarynyň, şähergurluşyk-binagärlik ýörelgeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde eziz Diýarymyz häzirki wagtda tutuşlygyna gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Sanlyja ýylyň içinde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň tanalmaz ýaly derejede ösüp-özgermegi, ýurdumyzyň dürli künjeginde täze oba-şäherleriň döremegi, dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap binalar toplumlarynyň gurulmagy döwrümiziň beýik arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň yhlas-zehininiň, tutanýerli zähmetiniň ajaýyp miwesidir.

Türkmenistan we Finlýandiýa ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ýola goýýar

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Finlýandiýanyň «Nurminen Logistics» kompaniýasy Londonda «Türkmenistan — maýa goýum we ösüş» atly maýa goýum forumynyň çäginde halkara ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdi. «Nurminen Logistics» häzirki zaman we ekologiýa taýdan arassa gaplary ulanmak bilen, Aziýa bilen Skandinawiýanyň arasynda demir ýol daşamalaryny amala aşyrýar. Kompaniýanyň logistika pudagynda 130 ýyldan gowrak tejribesi bar we ol öz mümkinçiliklerini hem-de çözgütlerini yzygiderli ösdürýär.

Türkmenistan bäsdeşlige ukyply logistika kompaniýalaryň döredilmegine aýratyn üns berýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilýän «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen Gutlag iberdi. Onda nygtalyşyna görä, Türkmenistan bäsdeşlige ukyply milli logistika kompaniýalarynyň emele gelmegine aýratyn üns berýär. Ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, döwletimiziň ulag pudagynyň mümkinçiliklerini has-da pugtalandyrmakda, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmekde we durmuşa geçirmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» möhüm orun eýeleýär.

Londondaky maýa goýum forumy

Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiliklerini dünýä ýaýdy Ählumumylaşma hadysasy geografik taýdan uzaklygyň Ýer ýüzüniň islendik künjegindäki ýurtlaryň birek-birek bilen ýakynlaşmagy üçin bökdençlik däldigini barha aýdyň görkezýär. Bu gün haýsy yklymda ýerleşýändigine garamazdan, ykdysadyýet we ykdysady gatnaşyklar döwletleri hyzmatdaşlara, zerurlyklar bolsa pikirdeşlere öwürýär. 22-23-nji noýabrda Beýik Britaniýanyň paýtagty Londonda geçirilen «Türkmenistan: maýa goýum we ösüş» atly forumyň mysalynda-da muny doly delillendirip bolar. Temza derýasyny etekläp oturan bu gadymy şäher ýurdumyzyň ykdysady we maýa goýum mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirýän köp sanly ýurtdan 74 sany kompaniýanyň 150-den gowrak wekilini bir meýdança jemledi. Olaryň aglabasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Malaýziýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň dürli ugurlarda iş alyp barýan öňdebaryjy düzümlerine wekilçilik edýärler.

Ählumumy ösüşe goşant goşýan tagallalar

Şu ýylyň maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen her ýylyň 26-njy noýabryny «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Bu şanly sene mynasybetli 26-njy noýabrda Aşgabatda «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. Utgaşykly görnüşde guraljak foruma BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, halkara ulag düzümleriniň, ulag kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara giňişlikde ulag diplomatiýasyny durmuşa geçirmekde gazanýan üstünlikleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Häzirki döwürde ulag-logistika ulgamy sebitleri we dünýäniň kontinentlerini birleşdirýän güýje öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup durýar. Şoňa görä-de, bu geografik ýagdaýdan we beýleki mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanarys» diýen sözleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini dabaralandyrýar. BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda ulag-logistika ulgamynyň ählumumy ösüşine ýardam edýän täze mümkinçilikleri we çözgütleri gözlemek boýunça Kararnamalaryň birnäçesini kabul etdi. Olaryň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň bu ugurda öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň dünýä jem