«C&A» egin-eşik dükanlar tory Ýewropada 100 sany dükan açmagy meýilleşdirýär

26 Noýabr 2023
548

Belgiýanyň, Germaniýanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň egin-eşik dükanlar tory — «C&A» geljek üç ýylda geografiýasyny giňeltmegi meýilleşdirýär. Has dogrusy, «C&A» Ýewropa ýurtlarynyň şäher merkezlerinde 100 sany täze söwda nokadyny açmagy maksat edinýär. Bu barada Germaniýadaky «C&A» egin-eşik dükanlar torunyň baş dolandyryjysy Karsten Horn mälim etdi.

Onuň sözlerine görä, «C&A» egin-eşik dükanlary ýakyn 3 ýylda Rumyniýa, Polşa, Italiýa ýaly modanyň ösen ýurtlarynda, Germaniýanyň Gamburg, Berlin şäherlerinde peýda bolar. 2024-nji ýyla çenli bolsa Madrid, Amsterdam, Pariž, Milan şäherlerinde egin-eşik dükanlarynyň täze tapgyry müşderilere hyzmat edip başlar.

Taýýarlan: Şabasan Berdiýew,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.