Maglumat merkezi we Ýewropa bilen baglanyşdyrýan sanly köpri – “Türkmenaragatnaşygyň” taslamalary Londonda maslahatlaşyldy

26 Noýabr 2023
313

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi maýa goýumlary çekmek we optiki süýümli kabelleri we serwer enjamlaryny öndürýän kärhanalary, maglumat merkezini döretmek ýaly birnäçe taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyga taýýardyr. Bu barada agentligiň başlygynyň orunbasary Nurmyrat Rejepow 22-23-nji noýabrda Londonda geçirilen “Türkmenistan - maýa goýum we ösüş” atly forumda eden çykyşynda mälim etdi.

Rejepow hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde Türkmenistanyň “akylly” şäherleri üçin IT hyzmatlaryny we dolandyryş ulgamlaryny ösdürmekdir diýdi. Şeýle hem, ol iň täze simsiz aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny öz içine alýan Aşgabat şäher telefon ulgamyny döwrebaplaşdyrmak taslamasyna daşary ýurtly işewürleriň we maýadarlaryň ünsüni çekdi.