Paýtagtymyzda ilkinji gezek Azyk önümçiliginiň halkara sergisi geçiriler

26 Noýabr 2023
641

28 — 30-njy noýabr aralygynda ak mermerli Aşgabatda ilkinji gezek Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Türkmenistan — 2023» atly halkara sergisi geçiriler. Bu halkara sergini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň «Sofuar» kompaniýasy bilelikde guraýar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek bu gözden geçirilişde milli ykdysadyýetimiziň innowasiýalara esaslanýan ösüş ýolunda gazanan ägirt uly sepgitleri, şeýle hem daşary ýurtly enjamlary öndürijileriň öňdebaryjy tejribeleri we işläp taýýarlamalary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik dörediler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy.