"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

«Sanly bilim – 2024» boýunça Bütindünýä konferensiýasyna gatnaşyjylar pudagyň ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

29-31 ýanwar aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde «Sanly bilim – 2024» boýunça Bütindünýä maslahaty geçirildi. Oňa 70 ýurtdan 800-den gowrak wekiller bilen birlikde, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekiliýeti hem-de 20-den gowrak daşary ýurtly bilim ulgamynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Sanly bilim boýunça Bütindünýä maslahatynyň guramaçylarynyň esasy maksady, ösen tehnologiýalary ulanyp, bilimi täze derejä çykarmakdan ybaratdyr diýlip bellenip geçildi.

Gazagystan Türkmenistan, Hytaý we Özbegistan bilen üstaşyr geçiş mümkinçiliklerini ýokarlandyrar

Gazagystanyň Hökümeti Hytaý, Özbegistan we Türkmenistan bilen serhetdäki gözegçilik nokatlaryny doly derejede döwrebaplaşdyrmaga başlaýar. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň maliýe ministriniň orunbasary Ýerzjan Birjanow Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Merkezi aragatnaşyk gullugynda geçirilen metbugat ýygnagynda mälim etdi. Bu çäreler ýurduň üstaşyr geçiş mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak we goňşy ýurtlar bilen söwda dolanyşygyny artdyrmak maksady bilen amala aşyrylýar. Döwrebaplaşdyryş işleri ozalky desgalary aýryp, täze barlag nokatlarynyň gurluşygyny öz içine alýar.

Russiýa geljekde hem Türkmenistanyň ulag taslamalaryna gatnaşmagy dowam etdirer

Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň çäklerinde Russiýa geljekde hem Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň ulag taslamalaryna gatnaşmagy dowam etdirer. Bu barada Russiýanyň Hökümetiniň wise-premýeri Alekseý Owerçuk beýleki yklymüsti ulag geçelgelerinde bar bolan meseleleriň çäginde degişli ulag geçelgesiniň barha artýan ähmiýetini göz öňünde tutup belläp geçdi. Bu barada "TASS" habarlar agentligi mälim edýär. "Biz awtomobil we demir ýollaryny ösdürmegi hem-de Mongoloýadaky, Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Täjigistandaky, Türkmenistandaky, Azerbaýjandaky, Ermenistandaky we Eýrandaky degişli taslamalara gatnaşmagy meýilleşdirýäris. Biz Owganüsti demir ýolunyň gurluşygyna gyzyklanma bildirýäris, Aziýa we Afrika ýurtlary bilen deňiz aragatnaşygyny hem ösdürýäris" diýip, Russiýanyň Hökümetiniň agzasy aýtdy.

Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde dürli ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýär

GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew “MIR” teleýaýlymyna interwýusynda Arkalaşygyň giňişliginde integrasiýa taslamalarynda Türkmenistanyň eýeleýän orny barada gürrüň berdi — Men Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda eýeleýän orny, onuň integrasiýa taslamalaryna gatnaşmagy barada gürrüň bermek mümkinçiligine şatdyryn.

TRACECA maksatnamasyna gatnaşýan türki dilli ýurtlaryň gümrük hyzmatlarynyň ýeke-täk portaly dörediler

TRACECA halkara maksatnamasyna gatnaşýan ýurtlaryň gümrük gulluklary elektron hyzmatlarynyň ýeke-täk tranzit portalyny döretmek bilen bagly çarçuwaly şertnamany taýýarlaýarlar. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet gümrük komitetiniň Baş gümrük dolandyryş müdirliginiň gümrük düzgünleşdiriş departamentiniň başlygy Jafar Guluzade «Trend» saýtynyň habarçysyna gürrüň berdi. — Biz Azerbaýjanda döwletiň şu ugurda zerur bolan içerki işleriniň ählisini amala aşyrdyk. Häzirki wagtda halkara üstaşyr geçelgesine gatnaşýan türk dilli ýurtlaryň şeýle hereketleriniň tamamlanmagyna garaşýarys. Şondan soň gümrük hyzmatlarynyň ýek-täk tranzit portaly dörediler. Degişli çarçuwaly şertnama boýunça netijeli işleri alnyp barylýar — diýip, Guluzade sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Merkezi Aziýa bilen Ýewropany özara baglanyşdyrar

Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde sişenbe güni geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” başlangyjynyň Maýadarlar forumynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary Seýitguly Baýseýidow Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda arabaglanyşygy üpjün edýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň sebit üçin esasy deňiz merkezi hökmünde strategiki ornuny belläp geçdi.  Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRACECA) halkara ulag geçelgesi Türkmenistanyň deňiz ulag pudagynyň mümkinçiligini ep-esli ýokarlandyrdy. Seýitguly Baýseýidow ykdysady ösüşi we söwdanyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň täze mümkinçiliklere hem-de özüne çekiji häsiýete eýe bolandygyny hem aýtdy.

RŽD Türkmenistanda wekilhanasyny açmagy meýilleşdirýär

Russiýa Federasiýasynyň «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» (RŽD) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanda öz wekilhanasyny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada TASS habar berýär. Habarda bellenilişine görä, RŽD-niň wekiliýetiniň Aşgabada saparynyň dowamynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi. Gepleşikde taraplar Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Gyzylarbatdaky awtoulag abatlaýyş zawodynyň durkuny täzelemek we ýeke-täk logistika operatory döretmek meselesi boýunça pikir alyşdylar. Mundan başga-da, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin, Russiýanyň demirýol edarasynyň Türkmenistanda wekilhanasyny açmak we Russiýanyň Demirýollary korporatiw uniwersitetinde türkmen demirýol işgärlerini taýýarlamak, Arkadag we Aşgabat şäherlerini birleşdirjek Türkmenistanda ilkinji elektrik otlynyň gatnawyny ýola goýmak ýaly meselelere garadylar.

Türkmen wekiliýeti Ýewrokomissiýanyň wekili we ispan kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew bilen Ýewrokomissiýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça baş direktoryň orunbasary Miriam Ferranyň arasynda geçirilen duşuşyk. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Belgiýanyň Brýussel şäherinde geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” başlangyjynyň Maýadarlar forumynyň çäginde sişenbe güni Ýewropa Komissiýasynyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça baş direktoryň orunbasary Miriam Ferran we Ispaniýanyň “S2 Grupo SL” kompaniýasynyň Ýewropa boýunça baş müdiri Regis Pýer Kazenawe bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Halkara habarlar

Hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy Golaýda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky hemişelik wekili W.Hajiýew Bütindünýä poçta birleşiginiň Baş direktory Masahiko Metoki bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini, şeýle-de aýry-aýry ugurlarda özara gatnaşyklaryň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

«Akylly» şäheriň lukmançylyk klasteri

Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini, ýagny bir maksatly özara arabaglanyşykly derman we saglyk maksatly serişdeleri öndürýän lukmançylyk edaralaryny döretmek boýunça yglan edilen halkara bäsleşiginde Germaniýanyň «Goetzpartners Emerging Markets GmbH» kompaniýasy ýeňiji boldy. Mälim bolşy ýaly, Milli Liderimiz Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça yglan edilen halkara bäsleşiginde ýeňiji bolan GFR-iň maslahat beriş kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, işlenip taýýarlanylan taslamany ýerine ýetirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň GFR tarapyndan hödürlenjek anyk tekliplere garamaga taýýardygyny belledi. Alym Arkadagymyz ýurdumyzda daşary ýurtly hünärmenleriň, işewür düzümleriniň netijeli iş alyp barmaklary ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigini, türkmen tebigatynda, şol sanda Garagum sährasynda eksport ugurly harytlary öndürmek üçin ägirt uly çig mal serişdeler gorunyň bardygyna ünsi çekdi.

Türkmenistan — Germaniýa: hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygy ilerledip

Aşgabat, 30-njy ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmen-german deňeşdirme-hukuk öwreniş maglumat merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam bermek” atly sebitleýin maksatnamasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň degişli edaralarynyň wekilleri, agzalan institutyň ylmy işgärleri gatnaşdylar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Bitarap Watanymyz dünýäniň ähli döwletleri bilen giň gerimli, netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Türkmenistanyň öňden gelýän we esasy hyzmatdaşlarynyň biri hem Germaniýa Federatiw Respublikasydyr. Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar dostlukly, yzygiderli häsiýete eýedir. Däp bolan döwletara dialog okgunly ösüşe eýe bolup, dürli ugurlary, şol sanda hukuk ulgamyny hem öz içine alýar. Ýurdumyzda bu ulgamda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmelerde öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek we iş ýüzünde peýdalanmak, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanun çykaryjylyk işine ornaşdyrmak möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi köpýyllyk netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda amatly mümkinçilikleri açýar.

Demir ýol ulaglary pudagynda halkara derejeli duşuşyk geçirildi

Düýn Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginde  Russiýa Federasiýasynyň “РЖД” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekiliýeti bilen «Türkmendemirýollary» agentliginiň hünärmenleriniň halkara derejesindäki duşuşygy boldy. Duşuşykda iki döwletiň arasynda halkara ulag geçelgelerini has-da işjeňleşdirmek şol sanda, demirgazyk-günorta ugry boýunça ýük gatnatmalaryny ösdürmek barada derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy: - ikitaraplaýyn ylalaşylan taslamalar tapgyrlaýyn işe girizmek şol sanda: Gyzylarbat şäherinde ýerleşýän “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Wagon abatlaýyş zawodyny döwrebaplaşdyrmak, Aşgabat-Arkadag şäherleriniň arasynda elektrikleşdirilen demir ýoluny gurmak we bu aralykda ýolagçy-ekspress otlusyny ýola goýmak, logistika ulgamyny ösdürmek, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak, Russiýa Federasiýasynyň “РЖД” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenistanda açylan wekilhanasy we türkmen demirýolçularyny “РЖД”-niň Demir ýol uniwersitetinde okatmak ýaly meseleleriň üstünde durlup geçildi.

Türkmen wekiliýeti Brýusselde ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçirilýän Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” başlangyjynyň Maýadarlar forumynyň çäginde duşenbe güni birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu barada “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň foruma gatnaşýan wekilleri habar berdiler. Türkmen wekiliýeti Ýewropa Bileleşiginiň ulag boýunça komissary Adina Welean, Ýewropa maýa goýum bankynyň wise-prezidenti Tereza Çerwinskaýa, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Bakyt Torobaýew, Latwiýa Respublikasynyň ulag ministri Kaspars Brişkens, ÝHHG-nyň ykdysady we daşky gurşaw işleri boýunça utgaşdyryjy býurosynyň orunbasary Ralf Ernst, “Royal IHC” kompaniýasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça satuw müdiri Hans Hesen, OPEC gaznasynyň Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika (MENA) boýunça sebitleýin direktory Musab Alomar we “Arterail” kompaniýasynyň wekilleri bilen aýratynlykda duşuşdy.

Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ulag merkezine öwrülmäge taýýardygyny mälim etdi

Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ýük daşamak babatda möhüm üstaşyr merkeze öwrülmek üçin ähli zerur infrastruktura eýe. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew Brýusselde geçirilýän Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça «Global Gateway» maýa goýum forumynda eden çykyşynda mälim etdi. «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň habar bermegine görä, B.Annaýew öz çykyşynda soňky ýyllarda Türkmenistan ulag infrastrukturasyna, hususan-da, 5000 km-den gowrak demir ýollaryň çekilmegine, ýylda 17 million tonna ýük geçirmäge ukyply bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna, täze howa menzilleriniň we Aşgabat — Türkmenabatyň gurluşygyna işjeň maýa goýandygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda ulag-üstaşyr geçelgesiniň geçirijiligini ösdürmek boýunça çäre geçirildi

Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklarynyň harby gullukçylary ýükler barada deslapky maglumatlary alyşmak boýunça geçirilen bilelikdäki okuw çäresine gatnaşdylar. Ol Farap awtoýollary (Türkmenistan) we Alat (Özbegistan) gümrük nokatlarynda geçirildi. Ýakynda geçirilen çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi (UNODC) bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça» Ählumumy maksatnamasynyň çäklerinde guraldy.

Türkmenistan — Germaniýa: hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygy ilerledip

Aşgabat, 30-njy ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmen-german deňeşdirme-hukuk öwreniş maglumat merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam bermek” atly sebitleýin maksatnamasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň degişli edaralarynyň wekilleri, agzalan institutyň ylmy işgärleri gatnaşdylar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Bitarap Watanymyz dünýäniň ähli döwletleri bilen giň gerimli, netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Türkmenistanyň öňden gelýän we esasy hyzmatdaşlarynyň biri hem Germaniýa Federatiw Respublikasydyr. Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar dostlukly, yzygiderli häsiýete eýedir. Däp bolan döwletara dialog okgunly ösüşe eýe bolup, dürli ugurlary, şol sanda hukuk ulgamyny hem öz içine alýar. Ýurdumyzda bu ulgamda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmelerde öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek we iş ýüzünde peýdalanmak, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanun çykaryjylyk işine ornaşdyrmak möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi köpýyllyk netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda amatly mümkinçilikleri açýar.

Bilelikdäki işiň mümkinçilikleri maslahatlaşylýar

Şu günler Russiýa Federasiýasynyň «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» (RŽD) açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary S.Pawlowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyzda saparda bolýar. Onuň çäklerinde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda demir ýol ulaglary pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri we bu ugurdaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň geljekki ugurlary, öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylýar. Saparyň çäklerinde “Rossiýskiýe železnyýe dorogi” açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary S.Pawlowyň “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy A.Atamyradow bilen geçiren duşuşygynda myhman ýurdumyzyň ulag-logistika düzüminiň ösüş tapgyrlary, üstaşyr ulag geçelgeleriniň ýagdaýy, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin bar bolan mümkinçilikler bilen tanyşdyryldy. Wekiliýetiň ýolbaşçysy Türkmenistanda halkara ähmiýetli ulag ýollaryny peýdalanmak boýunça döredilen şertleriň derejesine ýokary baha berip, munuň halkara gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm şertini emele getirýändigini nygtady.

Halkara habarlar

Parlamentara gatnaşyklar işjeňleşdirilýär Ýakynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Maşalow Malaýziýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Tan Sri Dato Johari Abdul bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Mejlisi bilen Malaýziýanyň Parlamentiniň arasynda döredilen parlamentara dostluk toparynyň kanun çykaryjylyk edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm gurala öwrülendigini aýratyn nygtap, bu babatda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler.

Hyzmatdaşlygyň ynsanperwer ýoly

Kitaplar adamzat ösüşiniň, onuň kämillige ýetmeginiň ilkinji basgançagydyr. Kitap ähli ylymlaryň açary hasaplanýar. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly edebi-filosofik eseriniň ýapon dilinde neşir edilmegi Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda şanly waka öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby türkmen halkynyň taryhyna has giňişleýin garamaga, dünýäniň ylmy, ykdysady, medeni ösüşine goşan uly goşandyna düşünmäge, halkymyzyň milli özboluşlylygy, däp-dessurlary, durmuş ýörelgeleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Kitabyň Sukuba uniwersiteti tarapyndan ýapon diline terjime edilendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň martynda Ýaponiýada iş saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa bilim, ylmy barlaglary geçirmek ulgamynda özara alyşmalar boýunça halkara okuw maksatnamasyna ýardam berendigi üçin Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory diýen alymlyk derejesi berlipdi. Geçen ýylyň sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygynda Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitapda Ýaponiýa hakynda ençeme maglumatlaryň ýerleşdirilendigini, hususan-da, häzirki

Kabulda sebitdäki ýurtlar bilen üstaşyr-ulag we söwda hyzmatdaşlygy ugrunda duşuşyk geçirildi

Şu gün Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde bu ýurda goňşy bolan ýurtlaryň wekilleriniň we geňeşmelere gyzyklanma bildiren döwletleriň ilçileriniň gatnaşmagynda Sebtleýin hyzmatdaşlyk başlangyjynyň çäginde duşuşyk geçirildi. Bu barada «Ariana News» habar berýär. Bellenilişi ýaly, duşuşyga gatnaşanlaryň arasynda Türkmenistanyň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Russiýanyň, Hytaýyň, Eýranyň, Pakistanyň, Özbegistanyň, Indoneziýanyň we Gyrgyzystanyň wekilleri bar. Forumyň barşynda sebitdäki ýurtlar bilen Owganystanyň arasynda oňyn özara gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurulygy, bu ugurda tagallalaryň utgaşdyrylmagy, şeýle-de ykdysady mümkinçilikleri artdyrmak üçin, netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.