Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Merkezi Aziýa bilen Ýewropany özara baglanyşdyrar

1 Fewral 2024
346

Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde sişenbe güni geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” başlangyjynyň Maýadarlar forumynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary Seýitguly Baýseýidow Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda arabaglanyşygy üpjün edýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň sebit üçin esasy deňiz merkezi hökmünde strategiki ornuny belläp geçdi. 

Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRACECA) halkara ulag geçelgesi Türkmenistanyň deňiz ulag pudagynyň mümkinçiligini ep-esli ýokarlandyrdy. Seýitguly Baýseýidow ykdysady ösüşi we söwdanyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň täze mümkinçiliklere hem-de özüne çekiji häsiýete eýe bolandygyny hem aýtdy.