Gazagystan Türkmenistan, Hytaý we Özbegistan bilen üstaşyr geçiş mümkinçiliklerini ýokarlandyrar

2 Fewral 2024
282

Gazagystanyň Hökümeti Hytaý, Özbegistan we Türkmenistan bilen serhetdäki gözegçilik nokatlaryny doly derejede döwrebaplaşdyrmaga başlaýar. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň maliýe ministriniň orunbasary Ýerzjan Birjanow Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Merkezi aragatnaşyk gullugynda geçirilen metbugat ýygnagynda mälim etdi.

Bu çäreler ýurduň üstaşyr geçiş mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak we goňşy ýurtlar bilen söwda dolanyşygyny artdyrmak maksady bilen amala aşyrylýar. Döwrebaplaşdyryş işleri ozalky desgalary aýryp, täze barlag nokatlarynyň gurluşygyny öz içine alýar.