"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Og­lan bi­len der­ýa (He­ka­ýa)

Çinua Açebe (doly ady Albert Çinualumogu Açebe) 1930-njy ýylyň 16-njy noýabrynda dünýä indi. Ol nigeriýaly ýazyjy, şahyr hem-de edebiýatşynas. Söz ussady 1958-nji ýylda neşir edilen «Things Fall Apart» («Ähli zat dargady») atly ilkinji romany bilen meşhurdyr. Bu roman häzirki zaman afrikan ýazyjysynyň iň köp okalýan hem-de terjime edilen kitabydyr. Munuň üçin ýazyjy 2007-nji ýylda Halkara Buker baýragynyň eýesi boldy. Romanda ýewropalylaryň Afrika topraklaryna gelşi beýan edilýär. Ýazyjy 2013-nji ýylyň 21-nji martynda aradan çykýar. Çiki on bir ýaşasa-da, öz dogduk obasyndan başga hiç ýere çykyp görmändi. Bir gün ejesi ony daýysynyň ýanyna — Onitşa ýaşamaga ugratjakdygyny aýtdy. Ilki Çiki muňa örän begendi. Oba durmuşy ony halys irizipdi, uly şähere gidesi gelýärdi. Ol Onitşa barada köp gyzykly zat eşidipdi. Daýysynyň hyzmatkäri Maýkl ony şähere alyp gidende, ýolda şäher barada birnäçe gyzykly zatlary gürrüň berdi. Meselem, Onitşada suw ýörite turbalardan akyp dur, suwy näçe ulanasyň gelse ulanybermeli. Suw getirmek üçin ýol söküp, bir ýere gidip gelmek hökman däl. Çiki muňa kän bir ynanyp baranokdy. Ýöne Maýkl sag eliniň başam barmagyny diline degrip, çep elini asmana galdyryp ant içensoň, oňa ynanaýmak galypdy. Çikiniň begenjini aýdyp-diýer ýaly däldi. Indi ol suw getirmek üçin her gün daň bilen derýa gitmeli bolmaz. Suwa gidilýän ýol şeýle bir nätekizdi welin,

Su­rat­keş­lik hö­we­si (He­ka­ýa)

Wladimir ŽELEZNIKOW, rus ýazyjysy Oglanjyk uçaryň içinde oturan ýerinden, äpişgeden gözlerini aýyrman, asmany synlaýardy. Gün nuruny saçyp durdy. Onuň şöhlesi gözleriňi gamaşdyrýardy, oglan şonda-da synlamagyny dowam edýärdi.

Dar­baz gi­den­de (He­ka­ýa)

Abdurofe RABIÝEW, täjik ýazyjysy 1

Agu Sihw­ka­ hakykaty beýan edýär

Ýaan RANNAP, eston ýazyjysy (Okuwçy Agu Sihwkanyň gündeliginden)

«Köňülleri birleşdirýän sungat» atly bäsleşige

Zulfiýa Isroilowa (1915-1996)Özbegistanyň halk şahyry, terjimeçi, žurnalist. Agtyk

Jon Tol­ki­niň äle­mi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde dünýä edebiýatynyň nusgalarynyň düýpli öwrenilmegine aýratyn üns berilýär. Daşary ýurt edebiýaty bilen içgin tanyşmak we özleşdirmek adamzadyň iň gadymy döwürlerden häzirki güne çenli ösüş tapgyrlaryny yzarlamaga, döwürleriň özara baglanyşygyna aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Şonuň esasynda hem, her bir adam şu günki günde ençeme wakany başdan geçirip, ýagty geljege sary ynamly ädim ädip bilýär. Çünki Ýer ýüzünde ykrar edilen edebi miras ähli halklaryň ruhy medeniýetini baýlaşdyrýar. Bu hem ösüp gelýän ýaş nesliň dünýä edebiýatynyň beýik üstünliklerini, milli hem çeper özboluşlylygyny öwrenmeklerini, olaryň watana wepaly, ilhalar ynsanlar bolup ýetişmeklerini şertlendirýär. Dünýä edebiýatynyň giň gerimli düşünjesi gönüden-göni söz sungaty bilen baglanyşyklydyr. Mälim bolşy ýaly, sözler söz düzümlerini, sözlemleri emele getirýärler. Birnäçe sözlemleriň üstünde işlemek bilen, pikir täzeçilligi we mazmuny bilen tapawutlanýan uly tekst düzüp bolýar. Şeýlelikde, sözleýşiň iň kiçi birligi hasaplanýan sözüň üsti bilen täze bir özboluşly dünýäni döretmek bolýar. Netijede, diňe hyýaly dünýä däl, eýsem, şonuň bilen birlikde, öz geografiýasyna, ülkelerine belet we aýry-aýry dillerde gürleýän dürli halklaryň toparyny

Dur­mu­şy sö­ýüp ýa­şa­mak (Es­se)

Lin Tsiňsüän,hytaý ýazyjysy Bu dünýäde ýaşap ýören adamlaryň kösenjem, ýitgilerem, üstünlikleridir bagtly pursatlaram biri-biriniňkä çalymdaş. Emma, nämüçindir käbir kişi täsirli, bagtly ýaşamagy başarýar, kä kişi bolsa ömürboýy kösenip geçýär. Bu zatlaryň sebäbi olaryň ýaşaýşa bolan garaýşyndadyr. Köňülleriniň tälim almak ukyby hem munda ullakan orun eýeleýär. Şonuň üçin dünýäde bagtly ýaşajak bolsaňyz, ilkinji etmeli zadyňyz — elmydama kämillige tarap ymtylyň, asyl durkuňyzy kämilleşdirjek boluň.

Syr­lar ha­zy­na­sy

Döredijilikde kämillige ýeten adamyň ykbal ýoly bilen gyzyklanyp başladygyň, ol kişiniň özüňe mälim bolan eserleriniň aňyrsynda gizlenip ýatan syrly pursatlaryň, pynhan duýgularyň üstünden barýarsyň. Şonda hyýalyňdaky pursatlar, duýgular näçe aç-açan, aýdyň boldugyça, şonça-da syra, tersine, pynhanlyklaram näçe gizlendigiçe, şonça-da aç-açanlyga öwrülýändir diýen pikirler peýda bolup başlaýar. Bu ahwal dünýäniň altyn hazynasynyň ýiti şuglaly öwüşginlerine ýugrulan eserleri bilen türkmen edebiýatyna täzelik getiren ýazyjy Akmyrat Şirowda nähilikä? Muňa, özüni döredijiligiň ykbal hem pikir menzillerine, durmuşyň köp synagly, jepaly ýollaryna meýletin ýollan, güzaply ylham daglaryna meýletin «sürgün» eden ýazyjynyň şahsy gündeliginde galdyran ýazgylaryna ser salanymyzda-da, bellibir derejede düşünmek mümkin. Akmyrat Şirowyň gysgajyk terjimehalyna göz gezdirenimizde hem, onuň her hili ruhy ahwalatlary başdan geçirendigine göz ýetirmek bolýar. Ýazyjynyň gysgajyk terjimehaly şeýle: «Ýazyjy Akmyrat Şirow 1947-nji ýylda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynda daýhan maşgalasynda dogulýar. Ol etrabyň 1-nji orta mekdebinde 11 ýyllyk orta bilimi alandan soň, şol wagtky M. Gorkiý (häzirki Magtymguly) adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus filologiýasy fakultetine okuwa girip, ony 1971-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar.

Ak­my­rat Şirow ba­ra­da aý­dy­lan­lar­dan:

Akmyrat Şirow päkligiň, halallygyň, ylhamlylygyň, hoşniýetliligiň nusgasydy. Ol diňe edebiýat üçin doglupdy. Şoňa ygrarly bolubam ýaşady. A.Şirow öz pikir hem duýgy giňişligi bilen dünýä edebiýatyna goşant goşmagy başardy. Nobatguly REJEBOW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy.

«Özüň­den so­ňam özü­ňi gal­dyr­ma­ly...»

Akmyrat ŞIROW  Gadyrly okyjylar! Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyň türkmen hem-de dünýä edebiýatynda uly yz galdyran, eserleriniň agramly bölegini rus dilinde döreden ýazyjy Akmyrat Şirowyň ýandepderçesindäki ýazgylaryndan eden terjimeleriniň birnäçe pursatlaryny «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň üsti bilen size hödürlemegi maksat edindik. Bu ýazgylar toplumy zehinli türkmen ýazyjysy A. Şirowyň durmuş hem döredijilik dünýäsi bilen has giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik döreder diýip umyt edýäris.

Gissar jülgesiniň dürdäne edebiýaty

Bir wagtlar bu ýerler dünýäde özüniň tapylgysyz lagly-merjenleri bilen tanalypdyr. Häzirki döwürde tutuş Gissar jülgesi ajaýyp edebiýaty bilen hem dünýäde meşhurdyr. Täjik edebiýatynyň ilkinji ýazuw çeşmeleri gadymy halk döredijilik eserlerini şöhlelendirip, Merkezi Aziýanyň, Eýranyň we Owganystanyň ýazuw ýadygärliklerinde öz beýanyny tapýar. Halk döredijiligi, aýratynam, onuň ertekiler şahasy täjik nusgawy edebiýaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Tä­ze do­gan Aý (He­ka­ýa)

Abdulhamid SAMADOW,täjik ýazyjysy Ýeke ogul bolansoň läliksiredilýär, ene-atasy tarapyndan tüýs ýürekden söýülýär. Ejesi, güle seredýän ýaly, ony yhlas bilen ösdürýär, kakasy oglunyň edil leýlisaçyň ýapraklary ýaly saçynyň her taryny aýaýar, onuň ýüzüne siňegiň gonmagyna hem ýol bermeýär. Ýok, elbetde, oglanyň özünden uly gyz dogany hem bar. Ol diýseň görmegeý, uzyn saçly, gara gözli, gara gaşly, mydama öý işleri bilen hysyrdanyp ýörendir, öýde ejesine kömek edýär. Hortap hem-de gaty garran enesi bolsa, oglanyň we onuň gyz doganynyň bir gülüň iki baldagydygyny, ene-atanyň öýüni bezeýän goşa bilbildigini ýygy-ýygydan gaýtalaýardy: ogul geljekde kakasynyň hem-de ejesiniň arkadaýanjy, gyz bolsa ejesiniň hemaýatkäri bolar. Şol pursatlarda şatlanmakdan ýaňa oglanyň gözleri ýalpyldap, şöhle saçýar, ýüregi buýsançdan pürepür bolýar. Oňa derek gyz doganynyň ýüzi weli has agraslanýar, nazary bolsa uzaklara bir ýerlere gönügip, gorkuly alakjaýar, ol bildirmezden tukatlanýar. Bu bolsa oglana ýaramaýar.

Bir goşgynyň iki terjimesi

Käteler ylham bilen paýhasyň dil tapyşyp bilmeýän pursatlary bolýar. Bu döredijiligiň ähli görnüşlerine mahsus ýagdaý. Pikirleriň yzygiderliligi, manylaryň çuňlugy, sözleriň täsirliligi eseriň ähmiýetini artdyrýar. Ýazyjy ýa-da terjimeçi üçin söz we many külalyň elindäki laý ýa-da nanbaýyň öňündäki hamyr ýalydyr, oňa näçe yhlas siňdirilse, şonça-da ýugrumyny ýetirip, oňa ajaýyp öwüşgin çaýyp bolýar. «Ýugrumy ýetirilen hamyrlaryň çöregi datly bolýar» diýen düşünje hem bar. Terjime sungatynda hem hut şeýle diýip bolar. Türkmençe aňlatmak ýa-da ýaňzytmak isleýän manylaryň jaýdar terjimesi gabat gelýänçä, şol sözleri hepdeläp ýa aýlap däl, eýsem, ýyllap hem gursagyňda götermeli bolýar. «Sadaplar asmandan inýän ýagyş damjalarynyň iň durusyny gursagynda saklap, ony ajaýyp düre öwürýärler» diýip okapdym.

Ba­ron Mýun­hau­ze­niň baş­dan ge­çi­ren­le­ri (Po­west)

Erik RASPE,nemes ýazyjysy Üçekdäki at

Haý­wan­la­ry­myň kys­sa­sy (Ýat­la­ma-oçerk­ler)

Aleksandr DÝUMA,fransuz ýazyjysy I

Ga­ýyp - adam (Hy­ýa­ly ro­man)

Gerbert UELLS,iňlis ýazyjysy XII bap

Aw­raam Lin­koln (Ro­man)

Dmitriý OLEÝNIKOW,rus ýazyjysy (Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

Atom en­dik­ler

Jeýms KLIR,amerikan ýazyjysy Giriş

Aýgytly kararlar — durmuşymyzy özgerdýän güýç

Durmuşda aljyradýan pursatlar az däl. Aýny wagtynda hem-de ýerinde aýgytly hereket etmek babatda ýeterlik düşünje edindik diýsegem, başyna baryp bilmeýän ýerlerimiz ýa-da bärden gaýdýan ýagdaýlarymyz bar. Şeýle pursatlarda okan, eşiden, gören zatlarymyzdan ýadymyza düşýänlerine bil baglamaly bolýarys. «Ýadymyza düşýänleri» diýýänimiň sebäbi, näme üçindir akylly-başly pikirleriň, jaýdar jogaplaryň köpüsi pursat elden gidensoň ýa-da wagty ötensoň has köp ýadymyza düşýän ýaly, «şol wagt şeýtmeli ekenim», «şeýle diýen bolsam, boljagam ekeni» diýip, ýarym ahmyrly oýlanmalara gark bolýarys. Ýöne ahmyrlar we armanlar durmuşymyzdan hiç zady üýtgedip bilmeýär. Şonuň üçin ýene-de ynsany garysyna galdyrjak göwün göteriji jümlelere ýüzlenmeli bolýarys. Şeýle günleriň birinde elime düşen bir eser duýgy-düşünjelerimiň düýpli özgermegine sebäp boldy. «Dünýä edebiýaty» žurnalynda çap edilen Entoni Robbinsiň «Özüňdäki ägirtligi oýar!» atly eseri, hut meniň üçin ýazylan ýalydy. Eseri ilki birlaý okap çykdym. Soňra ýene-de gaýtadan okadym. Muňa-da kanagat etmän, içindäki has maňza batýan sözleri depderime belläp aldym. Häli-häzirlerem şol belliklerime gaýtadan göz aýlap, maksada okgunlylygymy, yhlaslylygymy «çarhlap» durýaryn. Entoni Robbinsiň eserinden belläp alan sözlerimiň käbiri şulardy: Eger-de durmuşymyzy öz isleýşimizçe gurasymyz gelýän bolsa, onda hereketlerimize yzygiderli gözegçilik

Wik­tor Was­ne­sow

(1848 — 1926) Belli rus suratkeşi Wiktor Wasnesow folklor we taryhy nakgaşçylygyň ussady hasaplanýar. Onuň döredijiligi rus şekillendiriş sungatynyň ösüşinde wajyp orny eýeleýär.