Bir goşgynyň iki terjimesi

20 Awgust 2024
136

Käteler ylham bilen paýhasyň dil tapyşyp bilmeýän pursatlary bolýar. Bu döredijiligiň ähli görnüşlerine mahsus ýagdaý. Pikirleriň yzygiderliligi, manylaryň çuňlugy, sözleriň täsirliligi eseriň ähmiýetini artdyrýar. Ýazyjy ýa-da terjimeçi üçin söz we many külalyň elindäki laý ýa-da nanbaýyň öňündäki hamyr ýalydyr, oňa näçe yhlas siňdirilse, şonça-da ýugrumyny ýetirip, oňa ajaýyp öwüşgin çaýyp bolýar. «Ýugrumy ýetirilen hamyrlaryň çöregi datly bolýar» diýen düşünje hem bar.

Terjime sungatynda hem hut şeýle diýip bolar. Türkmençe aňlatmak ýa-da ýaňzytmak isleýän manylaryň jaýdar terjimesi gabat gelýänçä, şol sözleri hepdeläp ýa aýlap däl, eýsem, ýyllap hem gursagyňda götermeli bolýar. «Sadaplar asmandan inýän ýagyş damjalarynyň iň durusyny gursagynda saklap, ony ajaýyp düre öwürýärler» diýip okapdym.

Rus dilinden terjime eden
Hajy KAKALYÝEW