Og­lan bi­len der­ýa (He­ka­ýa)

20 Awgust 2024
170

Çinua Açebe (doly ady Albert Çinualumogu Açebe) 1930-njy ýylyň 16-njy noýabrynda dünýä indi. Ol nigeriýaly ýazyjy, şahyr hem-de edebiýatşynas. Söz ussady 1958-nji ýylda neşir edilen «Things Fall Apart» («Ähli zat dargady») atly ilkinji romany bilen meşhurdyr. Bu roman häzirki zaman afrikan ýazyjysynyň iň köp okalýan hem-de terjime edilen kitabydyr. Munuň üçin ýazyjy 2007-nji ýylda Halkara Buker baýragynyň eýesi boldy. Romanda ýewropalylaryň Afrika topraklaryna gelşi beýan edilýär. Ýazyjy 2013-nji ýylyň 21-nji martynda aradan çykýar.

Çiki on bir ýaşasa-da, öz dogduk obasyndan başga hiç ýere çykyp görmändi. Bir gün ejesi ony daýysynyň ýanyna — Onitşa ýaşamaga ugratjakdygyny aýtdy. Ilki Çiki muňa örän begendi. Oba durmuşy ony halys irizipdi, uly şähere gidesi gelýärdi. Ol Onitşa barada köp gyzykly zat eşidipdi. Daýysynyň hyzmatkäri Maýkl ony şähere alyp gidende, ýolda şäher barada birnäçe gyzykly zatlary gürrüň berdi. Meselem, Onitşada suw ýörite turbalardan akyp dur, suwy näçe ulanasyň gelse ulanybermeli. Suw getirmek üçin ýol söküp, bir ýere gidip gelmek hökman däl. Çiki muňa kän bir ynanyp baranokdy. Ýöne Maýkl sag eliniň başam barmagyny diline degrip, çep elini asmana galdyryp ant içensoň, oňa ynanaýmak galypdy. Çikiniň begenjini aýdyp-diýer ýaly däldi. Indi ol suw getirmek üçin her gün daň bilen derýa gitmeli bolmaz. Suwa gidilýän ýol şeýle bir nätekizdi welin, maşgalanyň ýygnan pullarynyň ýarysy diýen ýaly döwülýän küýzelere harç edilýärdi. Onsoňam, ol Onitşada palma ýapraklary bilen örtülen külbede däl-de, hakyky jaýda, demir üçegiň aşagynda ýaşar.

Rusçadan terjime eden Wepa SAPARGYLYJOW,
Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň mugallymy