Jon Tol­ki­niň äle­mi

20 Awgust 2024
226

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde dünýä edebiýatynyň nusgalarynyň düýpli öwrenilmegine aýratyn üns berilýär. Daşary ýurt edebiýaty bilen içgin tanyşmak we özleşdirmek adamzadyň iň gadymy döwürlerden häzirki güne çenli ösüş tapgyrlaryny yzarlamaga, döwürleriň özara baglanyşygyna aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Şonuň esasynda hem, her bir adam şu günki günde ençeme wakany başdan geçirip, ýagty geljege sary ynamly ädim ädip bilýär. Çünki Ýer ýüzünde ykrar edilen edebi miras ähli halklaryň ruhy medeniýetini baýlaşdyrýar. Bu hem ösüp gelýän ýaş nesliň dünýä edebiýatynyň beýik üstünliklerini, milli hem çeper özboluşlylygyny öwrenmeklerini, olaryň watana wepaly, ilhalar ynsanlar bolup ýetişmeklerini şertlendirýär.

Dünýä edebiýatynyň giň gerimli düşünjesi gönüden-göni söz sungaty bilen baglanyşyklydyr. Mälim bolşy ýaly, sözler söz düzümlerini, sözlemleri emele getirýärler. Birnäçe sözlemleriň üstünde işlemek bilen, pikir täzeçilligi we mazmuny bilen tapawutlanýan uly tekst düzüp bolýar. Şeýlelikde, sözleýşiň iň kiçi birligi hasaplanýan sözüň üsti bilen täze bir özboluşly dünýäni döretmek bolýar. Netijede, diňe hyýaly dünýä däl, eýsem, şonuň bilen birlikde, öz geografiýasyna, ülkelerine belet we aýry-aýry dillerde gürleýän dürli halklaryň toparyny özünde jemleýän giden bir älem emele gelýär. Çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýan köpsanly eserleri döreden söz ussady Jon Tolkin (1892 — 1973) dünýä edebiýatynyň uzak taryhynda aýratyn orny eýeleýär.

Selim RASULOW,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 5-nji ýyl talyby