"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

«ÝAŞYL» ösüşiň strategiýasy

Ekologiýa taýdan arassa we galyndysyz işleýän innowasion tehnologiýalary ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna ornaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek, tebigy baýlyklary rejeli, tygşytly peýdalanmak döwrüň möhüm talaby bolup, ählumumy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde wajyp orny eýeleýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» geljek ýyllarda zyýanly galyndylaryň zyňyndylaryny kem-kemden azaldyp, az uglerodly we gaýtadan dikeldilýän energiýa geçilmegi göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda «ýaşyl» ösüş strategiýasy köpasyrlyk milli ýörelgelere daýanýan döwletimiziň durnukly ykdysady we durmuş ösüşiniň gurallarynyň biri bolup durýar. Şu ýylyň 24-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde «ýaşyl energetikanyň» mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini işjeň ulanmagyň zerurdygyny nygtap, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän energetika desgalarynyň gurulmagy babatda meýilnamalary ýerine ýetirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Tebigatyň eçilen serpaýy

Ýene bir gezek miweleriň peýdasy barada Miweler dogry iýmitlenmegiň esasy çeşmesi bolup hyzmat edýär. Olarda adamyň saglygy üçin peýdaly witaminler we minerallar saklanýar. Sitrus miweler  C, B witaminlerine, karotine, üzüm, armyt, kiwi, şetdaly, hurma, nar antioksidant häsiýetine eýe bolan E witaminine baýdyr. Haýsy miwäniň nähili peýdasy barka? Muny bilmek gyzykly bolsa gerek.

Tebigat gözellikleri — milli baýlygymyz

Baý ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýan ýurdumyzyň gözel tebigaty adamlary özüne maýyl edýär. Şeýle bolansoň, tebigatymyzy gorap saklamak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine uly ähmiýet berlip, bu babatda döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar. Daşky gurşawyň arassalygyny, tebigat gözelliklerini gorap saklamakda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmakda, biologiki köpdürlüligi baýlaşdyrmakda hem-de tebigatymyz bilen baglanyşykly beýleki meselelerde durmuşa geçirilýän döwletli tutumlar, gazanylýan üstünlikler munuň aýdyň subutnamalarydyr. Tebigatymyzy goramak barada eziz Diýarymyzda alnyp barylýan köptaraply tutumlaryň kämil hukuk binýadyna daýanýandygy hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şeýle kanunçylyk namalarynyň hem-de uzak möhletleýin maksatnamalaryň kabul edilmegi adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şerti bolmak bilen, ekologiýa howpsuzlygy bilen baglanyşykly oýlanyşykly başlangyçlaryň hemişe rowaçlyklara beslenmegine itergi berýär.

Aýawly sarp ediş — abadançylygyň binýady

Kagyz — adamzat taryhyndaky iň möhüm oýlap tapyşlaryň biri. Ýöne ony öndürmek üçin daşky gurşawa ep-esli zyýan ýetirilýär. Ylmyň we tehnologiýalaryň ösýän zamanasynda kagyz kitaplaryň, neşirleriň ornuny olaryň elektron görnüşleri tutup başlady. Muňa garamazdan, durmuşymyzda kagyzyň we kagyz önümleriniň ulanylyşy azalanok. Her birimiz peýdaly ýörelgeleri durmuş hemramyza öwürmek arkaly tebigaty goramaga goşant goşup bileris. Geçmişden şu güne

Daşky gurşawy goramak mukaddes borçdur

Ýurdumyzda daşky gurşawy we ekologiýany goramak, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, tebigatymyzy bagy-bossanlyga büremek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Aslynda, Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden başlap, tebigaty goramak, bu babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berip gelýär. Daşky gurşawy we ekologiýany gorap saklamagyň meseleleriniň birnäçe ugurlary bolup, olary çözmekde kanunçylyk möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin ýurdumyzda soňky ýyllarda «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologiki serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şeýle Kanunlaryň çäklerinde tebigaty, biologik köpdürlüligi we tebigy landşaftlary gorap saklamak babatynda ägirt uly işler amala aşyryldy.

«Ýaşyl energetikanyň» ýalkymy

Ekologiýa taýdan arassa we galyndysyz işleýän innowasion tehnologiýalary ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna ornaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek, tebigy baýlyklary rejeli, tygşytly peýdalanmak döwrüň möhüm talaby bolup, ählumumy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde wajyp orny eýeleýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» geljek ýyllarda zyýanly galyndylaryň zyňyndylaryny kem-kemden azaldyp, az uglerodly we gaýtadan dikeldilýän energiýa geçilmegi göz öňünde tutulýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1-nji iýulynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny 2024-nji ýyla çenli gurup, ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. Bu taslama «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan. Bu desganyň durmuşa geçirilmegi bilen ýurdumyzyň ykdysady ösüşine, esasan hem, «ýaşyl energetikany» ösdürmekde, ekologiýa we daşky gurşawyň abadanlaşmagyna, elektroenergetika pudagynyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna oňyn täsirini ýetirer diýip uly ynam bilen aýdyp bolar.

Her damjasy — zer dänesi

Suw gaýtadan dikeldilýän tebigy baýlykdyr. Emma adam tarapyndan peýdalanylan suwuň tebigata gaýdyp barmagy üçin ep-esli wagt gerek. Ýer ýüzüniň ilatynyň köpelmegi we howanyň üýtgemegi netijesinde suwa bolan isleg artýar. Suwuň sarp edilişi bilen gaýtadan dikeldilişiniň arasyndaky tapawut hem ýokarlanýar. Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, iýmit, şahsy arassaçylyk we hojalyk işleri üçin bir adama gije-gündiziň dowamynda ortaça 20 litr suw ýeterlikdir. Emma ösen ýurtlarda her bir adam günde 150-den 200 litre çenli suw harçlaýar. Şahsy rahatlygyňa we maddy ýagdaýyňa zyýan ýetirmezden hem suwy tygşytly peýdalanyp, tebigaty goramaga goşant goşup bolýar. Munuň üçin durmuşyňa käbir ýönekeý endikleri ornaşdyrmak we hojalyk işjeňligi bilen baglanyşykly tilsimleri peýdalanmak ýeterlikdir. Şahsy arassaçylykda

Önümçilikde ekologik deňeçerlik

Ekologik meseleleriň üstünlikli çözülmegi ähli döwletleriň we muňa degişli ululy-kiçili halkara guramalaryň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýär. Bu ugurda öz jogapkärçiligine doly we dogry düşünýän Türkmenistan hem daşky gurşawy goramak boýunça wezipeleriň arasynda deňeçerligi saklamak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýar. Ykdysady işiň Ýer ýüzüniň ýaşaýyş gurşawyna ýetirýän ýaramaz täsirini ýeňip geçmek dürli çeşmeleriň we ugurlaryň özara toplumlaýyn işlerini talap edýär. Hojalyk galyndylarynyň arassalanmagyna edilýän harajatlary, netijeli tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny, şeýle-de serişdeleriň ikilenç ulanylmagyny şolaryň esasylary hökmünde görkezmek bolar. Häzirki döwürde tebigatdan peýdalanýan ulgamlardaky hereketler hem üýtgeýär. Ýaňy-ýakyna çenli şol hereketler maddy önümçiligiň çalt ösmeginiň bähbidine gulluk edýärdi. Indi ylmy-tehniki ösüşe laýyklykda, ykdysady barlaglaryň ekologik düzüm bölegi güýçlenýär, ekologik taýdan arassa taslamalary işläp taýýarlamak ileri tutulýar. Daşky gurşawy goramak boýunça wajyp çemeleşmeler belli bir maksada gönükdirilen makroykdysady syýasatyň alnyp barylmagyny talap edýär. Bu köp babatda ýurduň ykdysady ösüşiniň derejesine baglydyr. Önümçiligiň giň we bitewi ulgamlarynyň bolmagy ekologik howpsuzlyk bilen bagly meseleleriň çözülmeginde uly ähmiýete eýedir. Döwletleriň özara ykdysady gatnaşygy bolmazdan, galyndysyz ý

«Şäherdäki agaçlaryň» höziri

Gözel paýtagtymyz Aşgabat «Şäherlerdäki agaçlar» atly başlangyjy, bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin güwänama mynasyp boldy. Ak mermere bürenen gözel paýtagtymyzyň bu halkara güwänama mynasyp bolmagy Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanda ekologiýanyň we daşky gurşawyň goragy ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin edilýän tagallalaryňdyr gazanylýan netijeleriň halkara derejesinde ykrar edilýändigini hem-de olara dünýä derejesinde ýokary baha berilýändigini doly tassyklaýar. Paýtagtymyzyň gözelligi älem-jahana ýaň salýar, ajaýyp binagärlik sungaty bilen sazlaşykly utgaşýan seýilgählerdir ýaşyl zolaklar diňe bir ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, halkymyzyň sagdyn ýaşamaklary üçin zerurlyk bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda daşky gurşawy aýawly saklamak, tebigat gözelliklerini has-da baýlaşdyrmak, onuň biodürlüligini gorap saklamak, tokaý zolaklaryny döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat Diýarymyzyň ähli welaýatlardyr etrap merkezleri, obalary bilen utgaşyp, häzirki wagtda gür baglyga bürenip, tebigatyň ajaýyp sazlaşygyny emele getirýär.

Baglar — dünýäniň görki

Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny, ekologiýa abadançylygyny goramak, bu gymmatly gözelligi geljekki nesillere geçirmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri, şol sanda suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri azaltmak, täze ekologiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan işler örän guwandyryjydyr. Halk arasynda «Bagym bar, barym bar» diýen nakyl bar. Baglar — dünýämiziň görki. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, miweli, saýaly we bezeg baglary ekmek ýaşaýşa dowamat bermekdir. Muňa oňat düşünýän bu günki ýaş nesillerimiz hem ata-babalarymyzdan gelýän bu asylly ýörelgä eýerip, bag nahallaryny ekip, olarda arassalaýyş we timarlaýyş işlerini geçirýärler, millionlarça düýp agaç nahallaryna yzygiderli ideg edýärler. Şeýdibem, il alkyşyna mynasyp bolýarlar. Günsaýyn özgerýän Diýarymyzyň oba-şäherlerinde saýaly baglaryň hatary gitdigiçe artýar. Miweli baglaryň ekilýän meýdany barha giňeýär. Bagy-bossanlyklaryň döredilmeginiň baş maksady bolsa daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamak hem-de adamlaryň sagdyn ýaşamaklygyny üpjün etmek bilen berk baglanyşyklydyr.

Türkmenistan uglerod zyňyndylaryny azaltmaga ýardam edýär

Şu ýyl ýurdumyz şanly senäni — Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň otuz ýyllygyny belledi. Üç onýyllygyň dowamynda Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýe bolup, ýurdumyz öňdebaryjy ählumumy başlangyçlary ilerletmek üçin milletleriň halkara bileleşiginiň binýadyny yzygiderli ulanyp gelýär. Munuň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň welosipedi howanyň üýtgemegine garşy göreşmegiň serişdesi hökmünde ulanylmagyny makullaýan, dünýäniň dürli döwletleriniň goldawyna eýe bolan kararnamasynyň kabul edilmegini görkezmek bolar. Häzir energetikanyň geljegi dünýä möçberindäki möhüm meseleleriň biri bolan howanyň üýtgemegi bilen bagly bolup durýar. Biziň ýurdumyz durnukly energetikanyň, arassa energiýanyň we energetika howpsuzlygynyň ilerledilmegine uly ähmiýet berýär. Olar adamzadyň durnukly ösmeginde möhüm orun eýeleýär hem-de dünýä möçberinde howanyň gyzmagyny saklamak, uglewodorodlary çykarmak bilen bagly bolan zyýanly gazlaryň zyňyndylaryny azaltmak boýunça tagallalary işjeňleşdirýär.

Energiýa tygşytlylygy — abadan durmuşyň güwäsi

Bu gün ylmyň we tehnikanyň ösüşi ynsan durmuşyny ozal görlüp-eşidilmedik derejede ýeňilleşdirýär. Emma daş-töweregimizi gurşap alan dünýä hem-de ýaşaýan şertlerimiz hem şol ösüş bilen deňeçer özgerýär. Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, tebigatda bolup geçýän üýtgeşmeleriň soňky ýüz ýyldaky tizligi adamzadyň kemala gelen döwründen bäri iň ýokary derejä çykdy. Şunuň bilen baglylykda, dünýä jemgyýetçiligi ekologiýanyň we daşky gurşawyň üýtgemegi bilen baglanyşykly täze kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Munuň öňüni almak üçin bolsa tebigata aýawly çemeleşip, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmalydyr. Elektrik energiýasynyň oýlanyp tapylmagy adamyň gündelik durmuşynyň we önümçilik işiniň ýeňilleşmegini şertlendirdi. Elektrik energiýasynda işleýän enjamlaryň peýdalanylmagy bir tarapdan uly amatlyklary döredýän bolsa, beýleki tarapdan, elektrik energiýasyny öndürmek üçin köp mukdarda serişde sarp edilýär. Hojalyk durmuşynda käbir ýönekeý düzgünleriň berjaý edilen halatynda elektrik energiýasynyň bisarpa harçlanmagynyň öňüni alyp bolar.

Ekologiýa abadançylygynyň hatyrasyna

Bitarap Türkmenistanyň energetika syýasatynyň maddy binýadyny ýurduň nebit, tebigy gaz, beýleki uglewodorod we mineral gorlar ýaly tebigy baýlyklary emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, energetika ulgamynda gatnaşyklaryň kanunçylyk taýdan sazlaşykly ýola goýulmagy möhümdir. Döwletimizi 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryndan biri hem ýangyç-energetika pudagynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegidir. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 1­nji iýulynda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz «ýaşyl» energetikanyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini işjeň ulanmagyň zerurdygyny nygtap, munuň ýurdumyzy durmuş­ykdysady taýdan ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalarynda döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýän elektroenergetika pudagynyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna gönüden­göni ýardam berjekdigini belledi. Şol mejlisde döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada şertnamany, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inženerçilik ulgamlaryny we desgalaryny gurmak, umumy ulgama birleşdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde, «Serdar» elektrik be

Ýaşaýşyň möhüm serişdesi

Suw — Ýer ýüzündäki ýaşaýşyň gözbaşy. Dünýä kartasyny synlanyňda hem iň köp ilatly şäherleriňdir oba-kentleriň hut, bol suwly derýalaryň ugrunda ýa-da olaryň deňze guýýan ýerlerinde ýerleşýändigini görmek bolýar. Suw diňe bir janly-jandarlaryň we ösümlikleriň ýaşamagy däl, eýsem, tebigatdaky deňagramlylygyň saklanmagy üçinem örän ähmiýetlidir. Suwda ýönekeýlik bilen çylşyrymlylyk sazlaşýar. Himiýa ylmynda görkezilişi ýaly, suwuň gurluşy 2 wodorod we 1 kislorod atomyndan ybarat. Alymlar suwuň haýsy elementlerden durýandygyny bilseler-de, olaryň nädip özara baglanyşýandygyny kesgitläp bilmeýärler. Suwuň tebigatda nähili orny eýeleýändigine düşünmek üçin birnäçe hakykatlary sanap geçeliň:

Dünýä ekologiýasy ýa-da ekologiýa dünýäsi

Sözbaşydaky getirilen düşünjeleriň ikinjisi hut olaryň birinjisiniň — dünýä ekologiýasy meselesiniň ýüze çykmagy bilen döredi. Sebäbi Ýer togalagynyň zemin-topragyndan başlap, suwadyr howa gurşawyna-da täsirini barha artdyrýan ekologiýa endişesi şeýdip, «ekologiýa dünýäsi» diýerlik giň çäkde we derejede giňäp hem çuňlaşyp, munuň özi diýseň çylşyrymly, ýöne şonda-da jikme-jik öwrenilmeli täze bir dünýä öwrülip gitdi. Meseläniň çylşyrymly hem-de biçäkden känjähetliligine degişli uçursyz köp mysallardan diňe ikisi: Aral deňziniň guramagy zerarly döreýän duzly tozanlaryň pesliklere ýa-da düzlüklere çökeni bilen «oňman», baryp-ha, Pamir daglarynyň gerişlerine ýetendigi hem-de mikroplastikleriň, ýagny plastikleriň 5 mm-den ownuk bölejiginiň, ylaýta-da, suw hem-de suw jandarlary arkaly ynsan ganyna çenli geçmegi. Diýmek, mundan çen tutsaň, biziň aňymyzda ekologiýanyň filosofiýasy ýaly düýpden täze düşünje döräýmeli. Çünki biziň daşymyzy gurşap alan herki zat hem biziň ünsümizi çekmeli welin, ekologiýa kimin täsiri barha ulalýan we ýitelýän ählumumy müşgillik dünýä çäginde, diýmek, jahan ýaly biçak giň hem-de ummandan-da çuň derejede oýlanmaga, özem muny derhal amal etmäge zerurlyklar döredýär.

Tebigaty goramak — möhüm mesele

Mähriban Watanymyzyň tebigatyny we onuň gözelligini, tebigy baýlyklaryny goramak, aýawly saklamak, olary geljekki nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň aýratyn üns berilýän ugurlarynyň biridir. Şol esasdan, ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda öňde goýlan wezipeleriň toplumlaýyn çözülmegine gönükdirilen işleriň barha öňe ilerleýändigini bellemek gerek. Ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynda işjeň alnyp barylýan gatnaşyklaryň arasynda Hazar sebitiniň meseleleri möhüm orun eýeleýär. Hazaryň ekologiýasyny we biodürlüligini gorap saklamaklygyň maksady onuň baý hem ajaýyp ekologiýa sazlaşygynyň bozulmagyna we ýitip gitmegine ýol bermezlik bolup durýar. Hazaryň ekologiýasy babatynda ýüze çykýan dürli meseleler boýunça kenarýaka döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, birnäçe taslamalar durmuşa geçirilýär, halkara derejede maslahatlar, forumlar guralýar. 29-njy iýunda paýtagtymyzda geçirilen altynjy Hazar sammiti munuň aýdyň subutnamasy boldy. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabatda geçirilen taryhy duşuşygy Hazar deňziniň hemmetaraplaýyn goraglylygyny üpjün etmekde ýurtlaryň bilelikdäki tagallalarynyň uly ähmiýetiniň bardygyny ýene bir ýola görkezdi.

Ösüşiň esasy ugry

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata eýeçilik gözi bilen garap, onuň gözelligini goramagyň we artdyrmagyň aladasynda bolupdyr. Halkymyzyň bu asylly ýörelgesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da kämilleşdirilip, şanly rowaçlyklara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ykdysady we durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ählisi ilatyň abadan ýaşaýşynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa meselesi bilen berk baglanyşdyrylýar. Daşky gurşawa aýawly garamak, tebigy baýlyklarymyzy tygşytly ulanmak, «ýaşyl ykdysadyýete» geçmek bilen baglanyşykly innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ynsan öz ömrüniň bütin dowamynda tebigat bilen özara aýrylmaz sazlaşykda, gatnaşykda ýaşaýar. Şonuň üçin hem adamzadyň ýaşaýşy köplenç onuň tebigy baýlyklaryndan peýdalanyşyna, tebigata bolan gatnaşygyna baglydyr. Bu bolsa biziň her birimizi daşky gurşawy goramaga we tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmäge borçly edýär.

Watanymyzyň tükeniksiz baýlygy

Tebigat — tükeniksiz baýlyk, mährem ojak. Ynsany tebigatdan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Çünki tebigat ylham çeşmesi, gözelligiň, sungatyň özi. Şonuň üçinem ruhy gözelligi bagyş edýän sungat eserleri döredilende hem tebigat ylham akabasy bolup çykyş edýär. Hoşniýetlilik, döwletlilik ýörelgelerini özüne hemra edinen halkymyz tebigat, bag ekmek barada «Bagym bar, barym bar», «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky» diýen ýaly pähim-parasatlary döredipdirler. Gadymy döwürlerden bäri türkmen halky tebigat bilen ysnyşykly ýaşapdyr. Ata-babalarymyz perzentlerine tebigaty söýmelidigini, onuň gözelligine, baýlygyna aýawly garamalydygyny ündäpdirler.

Bagy-bossan sähralar — milli baýlygymyz

Dünýä möçberli ekologik meseleleriň arasynda çölleşme hadysalaryna aýratyn orun degişlidir. Berlen bahalar boýunça, çölleşmegiň ýüze çykmagynyň has ähtimal aýtymy bolan gurak ýerler gury ýeriň 47,5 göterime golaýyny eýeleýär. Çölleşmek — munuň özi organiki ýaşaýşyň ähli görnüşleriniň tapdan düşmegine, gurak ekoulgamyň weýran bolmagyna getirýän fiziki-geografik we antropogen hadysalaryň jemidir. Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasynyň çäklerinde Türkmenistanda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Olaryň arasynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý gorag zolaklarynyň meýdanlaryny döretmek, öri meýdanlaryny dikeltmek ýaly işler has wajyp ähmiýete eýedir.

Hazar — parahatçylyk, dostluk, ylalaşyk deňzi

Hazar sebiti Ýewraziýa giňişliginde möhüm geosyýasy we ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk merkezleriniň biri hökmünde bellidir. Hazar deňziniň kenarýaka döwletleri özara gatnaşyklary üstünlikli alyp barmak bilen, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ýollaryny gözleýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan gadymy Hazara parahatçylyk, dostluk hem-de ylalaşyk deňziniň derejesiniň berilmegine ählitaraplaýyn ýardam edýär. Hazar deňziniň ägirt uly ykdysady, ulag we energetika kuwwatyny doly herekete getirmek boýunça yzygiderli çäreleri geçirýär, çünki Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy kenarýaka ýurtlaryň söwda-ykdysady we ulag babatdaky ýakynlyk derejesine bagly bolup durýandygy düşnükli ýagdaýdyr. Ine, Aşgabatda 29-njy iýunda geçirilýän Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammiti hem sebitde netijeli hyzmatdaşlygyň geljegini nazarlaýan çözgütlere badalga bermäge gönükdirilendir. Aşgabat sammitinde ileri tutulýan ugurlarda netijeli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meselelere garalar. Bu forumyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär. 28-nji iýunda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň mejlisi hem sammite görülýän taýýarlyk meselelerine bagyşlandy. V Hazar sammiti 2018-nji ýylda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilip, bu ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleri boýunça Hazar deň