Her damjasy — zer dänesi

18 Iýul 2022
1263

Suw gaýtadan dikeldilýän tebigy baýlykdyr. Emma adam tarapyndan peýdalanylan suwuň tebigata gaýdyp barmagy üçin ep-esli wagt gerek. Ýer ýüzüniň ilatynyň köpelmegi we howanyň üýtgemegi netijesinde suwa bolan isleg artýar. Suwuň sarp edilişi bilen gaýtadan dikeldilişiniň arasyndaky tapawut hem ýokarlanýar. Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, iýmit, şahsy arassaçylyk we hojalyk işleri üçin bir adama gije-gündiziň dowamynda ortaça 20 litr suw ýeterlikdir. Emma ösen ýurtlarda her bir adam günde 150-den 200 litre çenli suw harçlaýar. Şahsy rahatlygyňa we maddy ýagdaýyňa zyýan ýetirmezden hem suwy tygşytly peýdalanyp, tebigaty goramaga goşant goşup bolýar. Munuň üçin durmuşyňa käbir ýönekeý endikleri ornaşdyrmak we hojalyk işjeňligi bilen baglanyşykly tilsimleri peýdalanmak ýeterlikdir.

Şahsy arassaçylykda

Taýýarlan Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».