Ýaşaýşyň möhüm serişdesi

8 Iýul 2022
1350

Suw — Ýer ýüzündäki ýaşaýşyň gözbaşy. Dünýä kartasyny synlanyňda hem iň köp ilatly şäherleriňdir oba-kentleriň hut, bol suwly derýalaryň ugrunda ýa-da olaryň deňze guýýan ýerlerinde ýerleşýändigini görmek bolýar. Suw diňe bir janly-jandarlaryň we ösümlikleriň ýaşamagy däl, eýsem, tebigatdaky deňagramlylygyň saklanmagy üçinem örän ähmiýetlidir.

Suwda ýönekeýlik bilen çylşyrymlylyk sazlaşýar. Himiýa ylmynda görkezilişi ýaly, suwuň gurluşy 2 wodorod we 1 kislorod atomyndan ybarat. Alymlar suwuň haýsy elementlerden durýandygyny bilseler-de, olaryň nädip özara baglanyşýandygyny kesgitläp bilmeýärler. Suwuň tebigatda nähili orny eýeleýändigine düşünmek üçin birnäçe hakykatlary sanap geçeliň:

Gair GAIROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.