«Şäherdäki agaçlaryň» höziri

14 Iýul 2022
1222

Gözel paýtagtymyz Aşgabat «Şäherlerdäki agaçlar» atly başlangyjy, bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin güwänama mynasyp boldy. Ak mermere bürenen gözel paýtagtymyzyň bu halkara güwänama mynasyp bolmagy Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanda ekologiýanyň we daşky gurşawyň goragy ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin edilýän tagallalaryňdyr gazanylýan netijeleriň halkara derejesinde ykrar edilýändigini hem-de olara dünýä derejesinde ýokary baha berilýändigini doly tassyklaýar.

Paýtagtymyzyň gözelligi älem-jahana ýaň salýar, ajaýyp binagärlik sungaty bilen sazlaşykly utgaşýan seýilgählerdir ýaşyl zolaklar diňe bir ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, halkymyzyň sagdyn ýaşamaklary üçin zerurlyk bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda daşky gurşawy aýawly saklamak, tebigat gözelliklerini has-da baýlaşdyrmak, onuň biodürlüligini gorap saklamak, tokaý zolaklaryny döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat Diýarymyzyň ähli welaýatlardyr etrap merkezleri, obalary bilen utgaşyp, häzirki wagtda gür baglyga bürenip, tebigatyň ajaýyp sazlaşygyny emele getirýär.

Ýazmämmet ATAÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Halkara meseleler baradaky komitetiniň agzasy.