Dowardarçylykda deňiz suwotunyň peýdasy
Maldarçylykda ot-iým goruny baýlaşdyrmakda Hazar deňzinde ösýän suwotulary uly ähmiýete eýedir. Çünki onuň düzüminde ýokumly maddalaryň we birleşmeleriň — polisaharidleriň, beloklaryň, lipidleriň makro we mikroelementleriň köp möçberi bar. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, Hazar deňzinde suwotunyň 1 milliard tonnadan gowrak gory bar. Hazar deňzinde suwotularyň, esasan, gök, ýaşyl we gara-goňur görnüşleri duş gelýär. Deňziň türkmen kenarynda ösýän suwotulary barlanyp görlende, olaryň düzüminde polisaharidleriň 35—40 göteriminiň, beloklaryň 30 göteriminiň, makro we mikroelementleriň 30—35 göteriminiň, witaminleriň bolsa 5 göteriminiň saklanýandygy ýüze çykaryldy. Mikroelementleriň içinde iň möhüm bölegi ýod we onuň birleşmesidir. Ine, şu ýagdaýlar hem Hazar deňziniň suwotularyny oba hojalyk mallarynyň ot-iým düzüminde ýokumly goşundy hökmünde ulanmaga esas döredýär. Hazar deňziniň suwotuny saryja tohumly goýunlar baga bakylanda, ot-iýmlere ýokumly goşundy hökmünde ulanyp görmegi maksat edinip, ylmy-hojalyk synagyny geçirdik. Bu synag Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň «Durun» daýhan birleşiginde geçirildi. Hojalyklarda ete ýöriteleşdirilen, esasan, ýaşyna ýetmedik erkek toklular, 13 aýlyk işşekler we 5 — 6 ýaşly gartaşan goýunlar baga bakylýar. Semretmek üçin 13 aýlyk işşekleriň 30-sy, 5 — 6 ýaşly arryk goýunlaryň hem 30-sy saýlanyp alyndy. Işşekler ýaz gyrkymyndan soňra (aprel-ma