Zähmetiň joşýan ýerinde

5 Iýul 2024
176

Gallaçy daýhanlarymyz şu günler ýokary zähmet üstünliklerini gazanýarlar. Ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Gyzylarbat etrabynda hem bugdaý hasylyny isripsiz ýygnap alyp, Watan harmanyna tabşyrmak işi ýokary depginde dowam edýär. Biz hem etrabyň ekin meýdanlarynda ýygy-ýygydan bolup, medeniýet we sungat işgärleri bilen bilelikde gallaçylaryň armasyny ýetirip durýarys. Ýokary netijeleri gazanan kärendeçi daýhanlara, mehanizatorlara, awtoulag sürüjilerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň ýadygärlik sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurýarys.

Kärendeçiler, mehanizatorlar, awtoulag sürüjileri özleri üçin ajaýyp şert-mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Şamyrat Akmämmedow,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gyzylarbat etrap komitetiniň başlygy, welaýat halk maslahatynyň agzasy.