Oba hojalyk özgertmeleri rowaçlanýar

9 Iýul 2024
335

Şu günler ýurdumyzyň dürli künjeginden oba hojalygynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly hoş habarlar gelip gowuşýar. Has takygy, ýurdumyzyň gallaçy daýhanlary tarapyndan Watan harmanyna 1 million 200 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy.

Obasenagat toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy kämilleşdirmek arkaly bu pudagyň işiniň netijeliligi has-da ýokarlandyrylýar.

Rahmanberdi GÖKLEŇOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.