Gök önümleriň dünýä bazary 93 milliard amerikan dollaryna ýetdi

7 Iýul 2024
166

Bütindünýä Söwda merkeziniň berýän maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylda gök önümleriň tutuş dünýädäki söwdasy 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 9 göterim artyp, 93 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Bu barada «EastFruit» portaly habar berýär.

Hasabat döwründe gök önümleri iň köp eksport eden ýurt Hytaý boldy. Geçen ýyl Hytaý daşary ýurtlara umumy bahasy 11 milliard amerikan dollarlyk gök önümleri iberipdir. Şeýle-de sanawyň ilkinji onlugynda Meksika (9,9 milliard amerikan dollarlyk eksport), Niderlandlar (9,5 milliard amerikan dollarlyk eksport), Ispaniýa (9,3 milliard amerikan dollarlyk eksport), Kanada (6,4 milliard amerikan dollarlyk eksport), ABŞ (5,3 milliard amerikan dollarlyk eksport), Fransiýa (3,5 milliard amerikan dollarlyk eksport), Belgiýa (2,9 milliard amerikan dollarlyk eksport), Türkiýe (2,4 milliard amerikan dollarlyk eksport) hem-de Italiýa (2,3 milliard amerikan dollarlyk eksport) ýaly ýurtlaryň ady bar.