Çyn şägirtler halypadan bellidir
Mahal-mahal kyrk ýyly alarladyberen zähmet ýolumda ― žurnalistik kärimiň dowamynda ulanan ýandepderçelerime göz aýlamak edähedim bar. Olar maňa ömrümiň agramly böleginde gören-eşidenlerimden, Muhammet Çerkez, Amandyr Atamyrat Gurbandurdy, Çary Aşyr, Nagym Aşyr, Eziz Derýa ýaly belli edebiýat hem sungat işgärleri bilen söhbetdeş bolan pursatlarymy ýatladýar. Elbetde, ýandepderçelerimdäki ýazgylarda ýurdumyzyň sport ulgamynyň wekilleriniň pikir-garaýyşlaryny, ömür ýoluny yzarlaýan setirlerem az däl. Özem nämüçindir, olaryň arasynda agyr atletika agdyklyk edýän ýaly bolup dur. Sebäbini düşündirjek bolaýyn. Halypa žurnalistimiz Batyr Hally bilen arzyly olimpiýa medalyny azruw edip, pikir alşan gezeklerimiz az bolmandy. Her gezegem sportuň haýsy görnüşinden has uly üstünlige garaşyp boljakdygy baradaky meselede pikirimiz gabat gelerdi. Asylly däpleri hem nusgalyk mekdebi bolan agyr atletika, şeýle hem göreş ugurlaryna aýratyn üns berilse, irde-giçde köp garaşdyran olimpiýa medalynyň ýalkymyna gözümiziň düşjekdigine ynamymyz uludy. Anyg-a bilemok, belki, şonuň üçindir, ýandepderçelerimdäki sporta degişli ýazgylaryň esasy gahrymanlarynyň köpüsi agyr atletika dahylly. Altymyrat Orazdurdyýew, Oleg Komlew, Artur Emirýan, Ikram Matkarimow, Umurbek Bazarbaýew, Tolkunbek Hudaýbergenow, Kristina Şermetowa... Ine, ýakynda ata Watanymyza garaşsyzlyk ýyllarynda ilkinji ol