Çyn şägirtler halypadan bellidir

30 Iýul 2021
1009

Mahal-mahal kyrk ýyly alarladyberen zähmet ýolumda ― žurnalistik kärimiň dowamynda ulanan ýandepderçelerime göz aýlamak edähedim bar. Olar maňa ömrümiň agramly böleginde gören-eşidenlerimden, Muhammet Çerkez, Amandyr Atamyrat Gurbandurdy, Çary Aşyr, Nagym Aşyr, Eziz Derýa ýaly belli edebiýat hem sungat işgärleri bilen söhbetdeş bolan pursatlarymy ýatladýar. Elbetde, ýandepderçelerimdäki ýazgylarda ýurdumyzyň sport ulgamynyň wekilleriniň pikir-garaýyşlaryny, ömür ýoluny yzarlaýan setirlerem az däl. Özem nämüçindir, olaryň arasynda agyr atletika agdyklyk edýän ýaly bolup dur. Sebäbini düşündirjek bolaýyn. Halypa žurnalistimiz Batyr Hally bilen arzyly olimpiýa medalyny azruw edip, pikir alşan gezeklerimiz az bolmandy. Her gezegem sportuň haýsy görnüşinden has uly üstünlige garaşyp boljakdygy baradaky meselede pikirimiz gabat gelerdi. Asylly däpleri hem nusgalyk mekdebi bolan agyr atletika, şeýle hem göreş ugurlaryna aýratyn üns berilse, irde-giçde köp garaşdyran olimpiýa medalynyň ýalkymyna gözümiziň düşjekdigine ynamymyz uludy. Anyg-a bilemok, belki, şonuň üçindir, ýandepderçelerimdäki sporta degişli ýazgylaryň esasy gahrymanlarynyň köpüsi agyr atletika dahylly. Altymyrat Orazdurdyýew, Oleg Komlew, Artur Emirýan, Ikram Matkarimow, Umurbek Bazarbaýew, Tolkunbek Hudaýbergenow, Kristina Şermetowa...

Ine, ýakynda ata Watanymyza garaşsyzlyk ýyllarynda ilkinji olimpiýa medalyny getiren agyr atletikaçy gyzymyz, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Polina Gurýewanyň gazanan taryhy üstünliginden soň, häzirki ulanýan ýandepderçämde agyr atletika bilen bagly uly iş bitirip gelýän tälimçiniň, köpleriň halypasy ― şol sanda Polina Gurýewanyň zehin-ukybyny açyp, ony ussatlyk menziline ýetiren ýene bir hünärmeniň ady peýda boldy. Ýokary netijeleri gazanmaga ukyply türgen taýýarlamagyň, ýetişdirmegiň, ýeňil-ýelpaý iş däldigi belli. Ony bu ugurda köp çorba sowadan Ahmet Saryýew has gowy bilýär. Şägirdi Tokio Olimpiadasynyň kümüş medalyna mynasyp bolan pursady biz halypa hünärmeni jaň edip gutladyk. Ol biz bilen begenjini paýlaşyp, gürrüňdeşlige şeýle sözlerden başlady:

Goçnazar HEŞDEKOW,
«Türkmen sporty».