Bürünç medally türgen

30 Iýul 2021
904

Golaýda Serbiýada bu ýurduň küşt federasiýasy tarapyndan guralan halkara ýaryş – International OPEN «Paracin 2021» geçirildi. Dürli ýurtlardan gelen küştçüler iki derejeli toparda – «A» we «B» toparlarda bäsleşdiler

Güýçli türgenleri özünde jemlän «A» toparynda kyrk ýurtdan baran 180 türgen bilen bilelikde türkmen küştçüsi Meýlis Annaberdiýew-de bäsleşdi. 9 tapgyrdan ybarat bolan oýunlar şweýsar ulgamy boýunça geçirildi. Meýlis alty oýunda ýeňiş gazandy, ikisini deňlikde tamamlady, bir gezegem ýeňlişe sezewar boldy. Şeýlelikde, ol mümkin bolan 9 utukdan 7 utuk gazandy.

«Türkmen sporty».