Tagalla edilýär

30 Iýul 2021
797

Ilkinji aladalaryny öz halkyna bagyş edýän hormatly Prezidentimiziň dünýä jemgyýetçiligindäki abraý--mertebesi barha belende galýar. Milli Liderimiziň ynsan saglygyny berkitmek we gorap saklamak ugrunda durmuşa geçirýän işleriniň bimöçberdigi halkymyzyň ruhuny belende göterýär.

Ynsan saglygyna uly täsir edýän zatlaryň biri-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmakdyr. Çünki, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak ynsanyň saglygyna hem-de özüni duýşuna oňyn täsir edip, maksada okgunlylyk, ruhubelentlik we zähmetsöýerlik ýaly ajaýyp häsiýetleri ýüze çykarýar.