Döwrümize ruhy joşgun ýaraşýar
Nusgawy edebiýatymyzyň ägirdi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli uludan tutulýan toý-dabaralarda, ýerine ýetirilýän çykyşlarda döwrümiziň belent waspy, halkymyzyň ruhy galkynyşy aýdyň duýulýar. Şeýle joşgunly çykyşlar bilen ildeşlerimize ruhy lezzet paýlaýan döredijilik toparlarynyň biri-de welaýat medeniýet merkeziniň «Amul» folklor we tans toparydyr. Kämil döredijilik eserlerini yzygiderli halka hödürlemekde toparda alnyp barylýan işler dogrusynda welaýat medeniýet merkeziniň direktory, toparyň ýolbaşçysy Oguldöndi Altyýewa şeýle gürrüň berýär: — Häzirki wagtda toparymyzda ýaş tansçy oglan-gyzlaryň 24-si bolup, olar joşgunly çykyşlary bilen toý döwrelerini bezeýärler. Medeniýete-sungata maýyl ýaşlaryň arasynda işlemek örän buýsançly. Biz höwesjeň oglan-gyzlaryň gatnaşmaklary bilen milli öwüşginli folklor çykyşlarynyň birnäçesini, şeýle-de Türkmenistanyň at gazanan artisti Dosmämmet Söýünowyň ýerine ýetirýän «Ýar görner», «Küştdepdi», «Döneýin» ýaly halk aýdymlaryna sazlaşykly tanslary goýup, halk köpçüliginiň gyzgyn söýgüsini gazandyk. Ýeri gelende aýtsak, şeýle ajaýyp tans eserlerimiz bilen Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäheriniň 2024-nji ýylda «Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen dabaralara hem gatnaşyp, halkymyzyň tans sungatynyň aýratynlyklaryny şöhlelendirdik. Şu günler golaýlaşyp g