Ýaş aýdymçylar bäsleşdi

15 Iýul 2024
726

12-nji iýulda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Arkadag şäheri boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Ol ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Arkadag şäheriniň häkimligi tarapyndan guraldy.

Zehinli ýaş aýdymçylary döredijilik gözleglerine höweslendirmek ugrunda döredilýän ajaýyp mümkinçiliklerden ugur alyp, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de türkmen halkynyň aýdym-saz hazynasyny baýlaşdyrmak maksady bilen geçirilen telebäsleşik ýokary derejede guraldy. Bäsleşige Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň we beýleki okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdy.

Resul NURGELDIÝEW,
«Watan».