“Ýaşlaryň şäherindäki” hoş owazlar

16 Iýul 2024
620

Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna zehinli aýdymçylaryň arasynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň geçirilmegi indi asylly däbe öwrülip, ol hemişe-de sungaty söýüjileriň uly gyzyklanmasyna eýe bolýar. Golaýda «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň öňündäki meýdançada onuň paýtagtymyz boýunça geçirilen tapgyry uly şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslendi. Ýaňy-ýakynda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilýän bu bäsleşik Milli Liderimiziň egsilmez yhlasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen binýady berkden tutulan, sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäherde — Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirildi.

Bäsleşigiň Arkadag şäheri boýunça jemleýji tapgyry bu ýerdäki döwrebap binalaryň hatarynda şäheriň görküne görk goşup oturan Ruhyýet köşgüniň öňündäki giň meýdançada Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Arkadag şäheriniň häkimligi tarapyndan guraldy. «Geljegiň şäheri», «ýaşlaryň şäheri» diýlip ykrar edilen bu ajaýyp künjekde sapaly tomsuň mylaýym şemally nurana agşamynda guralan dabarada ýerine ýetirilen hoş owazly aýdym-sazlar şäheriň ilersinde seleňläp oturan gojaman Köpetdagyň jülgelerine ýaň salyp, hemmelere ýatdan çykmajak täsirli pursatlary, ýakymly duýgulary bagyş etdi.

Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan».