"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Gadymy sungatyň dowamaty

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde yglan eden bu bäsleşigi hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, halkymyzyň gadymy dutar ýasamak senetçiliginiň, milli aýdym-saz sungatynyň ösdürilýändiginiň alamatyna öwrüldi. Milli mirasymyzy bütin dünýä ýaýmak, onuň gadymylygyny, özboluşly aýratynlyklaryny öwrenmek, ýaş nesillerimizde medeni gymmatlyklarymyza söýgi döretmek, şeýle hem zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşige welaýat we Aşgabat şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan dutar ussalary, sazandalar we bagşylar gatnaşdylar. Dutar ýasamak ugrundan bäsleşige gatnaşýanlar öz senetleri, onuň inçe tilsimleri we dutaryň gurluşy hakynda gürrüň berdiler. Eminler olaryň ýasan dutarlaryny synlap, baha berdiler. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, dutarda saz çalmak ugry boýunça bäsleşýän sazandalar halk sazlaryndan we mukamçy kompozitorlaryň döreden eserlerinden ajaýyp mukamlary, bagşyçylyk sungaty ugry boýunça bäsleşige gatnaşýan bagşylar halk aýdymlaryny we mukamçy kompozitorlaryň döreden aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň «Dutar ýasamak senetçiligi» ugry boýunça Gör

Aşgabat — syýahatçylygyň şäheri

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyny we Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny ýokary derejede bellemäge uly taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzyň her bir ulgamy bu şanly senelere mynasyp sowgatlary bilen barýarlar. Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýygnaklar zalynda Aşgabat şäherimiziň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramaklarynda Bütindünýä syýahatçylyk şäherleriniň federasiýasy bilen Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalarynyň arasynda «Aşgabat — syýahatçylygyň şäheri» atly wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Onlaýn duşuşygynda Aşgabat şäherimiziň gözel görki, gurlup ulanylmaga berlen ähli amatlyklary bolan binalar we binalar toplumlarynyň keşbi, gözel tebigatymyz, ýurdumyzyň taryhy we häzirki zaman medeni-dynç alyş merkezleri, seýilgähler, halkymyzyň abadanlygy, her bir sebit we daşary ýurtly syýahatçylar üçin döredilýän mümkinçilikler, olaryň medeniýetli dynç almaklarynyň üpjünçiligi baradaky täsirli gürrüňler öz beýanyny tapdy.

Şöhratly Akhanyň nesil dowamaty

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen atçylygyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň gysga taryhy döwürde doly döwrebap görnüşe getirilmegi, mähriban Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimize bagyşlap halkymyza ajaýyp kitaplaryny peşgeş bermegi türkmen atşynaslygynyň taryhynda täze bir eýýamyň başlanýandygyny habar berýär. Atşynaslaryň çekýän asylly we halal zähmetine mynasyp baha bermek üçin ýurdumyzda «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary», «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi», «Türkmenistanyň halk atşynasy» ýaly hormatly atlar döredildi. Bu hormatly atlara ýurdumyzdan, şeýle-de daşary ýurtlardan behişdi bedewlerimizi seýisläp ýetişdirýän, atşynaslygyň ahalteke atçylyk ugruny ösdürýän atşynaslar sylaglanýar. Owal akan ýerden akarmyş aryk

Nowruz geldi ilime!

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halky gadymyýetden gelýän däp-dessurlarymyzy dowam edip, agzybirlikde, asudalykda, jebislikde jem bolup, milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününi uludan toýlaýar. Ruhy-medeni gymmatlyklarymyz asyrlaryň dowamynda halkymyzyň kalbynda hasyl bolan arzuwlaryň özboluşly beýanyna öwrülip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen bu gymmatlyklary öwrenmek babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Söz ussadynyň sarpasy

Halkara ylmy-edebi jemgyýetçiligi türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky» karary esasynda, 2024-nji ýylda akyldar şahyryň 300 ýyllygy uly dabara bilen belleniler. Hormatly Prezidentimiziň şu kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna Magtymgulynyň ömrüne we döredijiligine degişli «Magtmguly portalyny» döretmek, şahyra degişli ahli maglumatlary özünde jemleýän sanly we neşir görnüşinde «Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny», sanly we neşir görnüşinde «Magtymguly Pyragy diwanyny», söz ussadynyň şygyrlarynyň daşary ýurt dillerine terjimesini sanly we neşir görnüşinde taýýarlamak tabşyryldy. Bu ylmy edaranyň öňünde Magtymgulynyň ömrüne we döredijiligine degişli ylmy işleri taýýarlamak we çap etmek, akyldar şahyryň edebi-ruhy mirasyny toplamak maksady bilen, Diýarymyzyň welaýatlaryna we daşary ýurtlara ylmy saparlary guramak, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä derejesinde öwrenmek we wagyz etmek işlerini degişli halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda ýola goýmak meselesi goýuldy.

Ilkinji tango (hekaýa)

Genrih daýy kakamyň dostudy. Ýaşy birçene baran adamdy. Obamyza göçüp gelende ol kakam deň-duş on-on bir ýaşlaryndaky oglan ekeni. Olaryň nebereleri häzir özbaşyna bir oba ýaly bolup, naşyja gurlan jaýly mellegine geň, täsin agaçlar ekilen, daş-töweregi diýseň tämiz howlularda ýaşaýardylar.

Sanly ulgam arkaly konsert

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň onlaýn arkaly baýramçylyk konserti geçirildi. Konsertiň dowamynda ýerine ýetirilen eserlere uly mugallym Nury Muhyýew we «Orkestriň dirižýory» hünäriniň 3-nji ýyl talyby Döwletmämmet Ökdirow dirižýorlyk etdiler. Konsert Ý. Meýtus bilen D. Öwezowyň «Leýli we Mežnun» operasynyň giriş sazy bilen açyldy. Soňra aýdym-sazlar ýaňlandy. Konsertde türkmen kompozitorlarynyň eserlerinden başga-da daşary ýurt kompozitorlarynyň operalaryndan aýdyşyklar, kinofilmler üçin döredilen sazlar hem ýerine ýetirildi.

Täze oýun sahnada

Ýakynda welaýat döwlet drama teatrynda dramaturg Batyr Batyrowyň «Yşkymyň ykrary sen» atly pýesasy esasynda režissýor Hydyr Hydyrowyň sahnalaşdyran spektaklynyň ilkinji görkezilişi boldy. Zähmetsöýer ýaşlaryň durmuşyndan söhbet açýan bu sahna eseriniň esasy many-mazmun özeni durmuşa söýgi we ruhubelentlik bilen garamak düşünjesine ýugrulan. Eseriň wakalary Bagty atly ýaş hünärmen gyzyň (keşbi ýerine ýetiren Jahan Arazmämmedowa) gurluşyk kärhanasyna işe gelmegi bilen başlanýar. Zähmetsöýerligi, erjelligi bilen işdeşlerinden tapawutlanýan gyz köpleriň «berekellasyna» mynasyp bolýar. Bagta kärhananyň ýolbaşçysy, ýaş ýigit Suhanyň (keşbi ýerine ýetiren Rejep Nazgurbanow) hem syny oturýar. Onuň keşbinde türkmen ýigidine mahsus häsiýetler jemlenendir. Suhanyň gyza bolan belent söýgüsi ynandyryjy beýan edilýär. Bagta ýaltalygyň, göripligiň däl-de, halal zähmetiň, ak ýürekliligiň, ýagşy niýetliligiň üsti bilen ýetip bolýandygy barada aýdylýan sözler, nygtalýan çuňňur manyly pikirler spektaklyň terbiýeçilik ähmiýetini has-da artdyrýar.

Ýaşlara ýol-ýörelge Arkadagyň eserleri

Türkmenistanyň Demo- kratik partiýasynyň Balkanabat şäher komiteti bilen welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guramaklarynda «Ýaşlara ýol-ýörelge Arkadagyň eserleri» ady bilen mekdebiň talyplarynyň arasynda bäsleşik geçirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş beren eserlerini öwrenmek hem-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny şöhratlandyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşige gatnaşan talyplar toparlary ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşik ökdeleri öňe saýlady

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň ýurdumyzyň bilim işgärleriniň arasynda dürli ugurlar boýunça yglan eden bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Onda çagalar baglarynyň müdirleridir işgärleri bilim we terbiýe bermegiň usulyýetini we esaslaryny, ýöredýän iş resminamalaryny hem-de körpeleriň saglygyny goramakda alyp barýan işlerini, çagalaryň aýdym-saza, sungata, sporta, çeper döredijilige bolan söýgüsini ösdürmegi wagyz etmekde bäsleşdiler. Netijede, «Iň göreldeli çagalar bagynyň müdiri» diýen ady almak boýunça bäsleşikde Balkanabat şäherindäki 22-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Dünýägözel Sarjaýewa birinji, Serdar şäherindäki 2-nji çagalar bagynyň müdiri Aknabat Berdiýewa ikinji, Bereket etrabyndaky 1-nji çagalar bagynyň müdiri Tuwakbibi Durdynazarowa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Ak şuglasy — ak bagtym

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň paýtagty Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli uludan tutuljak toýa ýokary derejede taýýarlyk görülýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bu baýramlara görülýän taýýarlyk, şeýle hem, ýurdumyzda gazanylýan ösüş-özgerişler şanly Garaşsyzlygymyzyň many-mazmunyny aýdyň görkezýär. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz, hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan beýik işleriniň netijesinde bedew bady bilen öňe barýar. Türkmenistan döwletimiz häzirki ajaýyp döwrümizde dünýäde we sebitde alyp barýan diplomatik ýörelgelerini, esasan, üç ugur, ýagny ekologiýa, energetika we ulag-üstaşyr diplomatiýalary boýunça kesgitledi. Hormatly Prezidentimiziň daşary hem içeri syýasatdaky bu parasatly ýörelgeleri halkymyza ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň miwelerini eçildi, mukaddes Garaşsyzlygy tug edinen türkmen döwletiniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny belende göterdi.

Uz basyşly, gyz gylykly

Gözelligi, syraty, ýyndamlygy, häsiýeti bilen görenleri haýran galdyrýan bedewlerimiz halkymyzyň tutanýerli zähmeti, bilimi, söýgüsi, yhlasy netijesinde häzirki günlerimize gelip ýeten bahasyz gymmatlykdyr. Ahalteke bedewiniň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak, olary gorap saklamak ugrunda Gahryman Arkadagymyz beýik işleri durmuşa ornaşdyrýar. Häzirki wagtda bedew ýurdumyzyň gazanýan ägirt uly üstünlikleriniň şöhlelenmesi bolup kalplara dolýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda kemala gelen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça häzirki wagtda ýurdumyzda giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Atçylyk pudagyny ösdürmek, halkara derejesinde ýaryşlary we bäsleşikleri geçirmek üçin dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi.

Mermer şäher — Aşgabat

Aşgabadyň goýnunda geçirýän ajaýyp günlerimiň her biri öz talyplyk ýyllarymyň ýakymly ýatlamalary bilen kalbymda aýratyn orun alýar. Okuwa girenim ýaňy ýalydy, eýýäm okuwymyň üçünji ýylyny tamamlap barýan. Wagt edil ula goýberilen bedew ýaly töweregine seretmän, uly tizlik bilen çapyp barýar. Şeýle pursatlarda kalbyňda dörän ylhamy eliňe galam alyp, joşgunly beýan etseň, ajaýyp eser öz-özünden döreýän eken. Hawa, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeginde ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan taýýarlyk çärelerini görmek buýsandyrýar. Aşgabadyň geçen taryhy ýoly barada dörän gyzyklanma, onuň taryhda eýelän uly ornuny düýpli öwrenmegime sebäp boldy. Şeýlelik bilen, bu barada maglumat ýygnamak üçin Arçabil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyndaky taryhy kitaplara salgylanmaly boldum. Şeýdip, döwlet kitaphanamyza gatnap ugradym.

Dutaryň owazy — köňül kelamy

Geçen hepdäniň anna güni Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan eden «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda uly dabara beslenip geçirilen bu bäsleşik milli saz sungatymyzyň ösüşine täze öwüşgin çaýmakda, dutar ýasamak senetçiligini ösdürmekde we dutarda saz çalmagyň, aýdym aýtmagyň gadymy nusgalaryny has-da kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen, bu ugurdan ussatlary öňe çykardy.

Aýlaryň soltany — remezan

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata-babalarymyzyň asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirip gelen asylly ýörelgeleri rowaçlyklara beslenýär. Ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, dost-doganlygy, dogruçyllygy we päkligi ebedi ýol-ýörelge edinen halkymyzyň beden we ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýy hökmünde aýratyn sarpa goýýan Remezan aýynyň ýetip gelmegi kalbymyza şatlyk, ylham-joşgun paýlap, ata Watanymyzda täze, belent sepgitleri gazanmaga ruhlandyrýar. Oraza aýy gadymy döwürlerden bäri türkmen halkynyň durmuşynda aýratyn möhüm orun eýeläpdir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:

Buýsanjym — ak paýtagtym

Gahryman Arkadagymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň ýatda galyjy wakalara beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäni dowam edip, halkymyz baradaky alada ýugrulan beýik işleri durmuşa geçirýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan bu taryhy işleriň netijesinde ak mermerli paýtagtymyz dünýäniň iň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň biri hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Bu gün paýtagtymyzyň çäkleri giňeldilýär, adamlaryň ýokary durmuş şertlerini üpjün etmek maksady bilen, täze orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleridir çagalar baglarynyň, muzeýleriň, hassahanalaryň, sport desgalarydyr söwda merkezleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Bu döwrebap binagärlik toplumlarydyr beýleki dürli desgalar türkmen paýtagtynyň görküne görk goşýar.

Gabanjaň kepderiler

Men çagakam goňşymyz kepderi saklaýardy. Şol döwürden meniňem kepderilere mährim gidip, «Mende-de şeýle akja kepderiler bolaýsa» diýip arzuw ederdim. Ine, bir gün heniz-henizler amala aşaram öýtmedik şol arzuwym hasyl boldy oturyberdi. Bilmedim, her günde goňşymyzyň kepderlerini gözügidijilik bilen synlap ýörenime dözmedimi ýa-da özüniňem goňşymyzdan kem galasy gelmedimi, garaz, bir gün kakam bir tarapyna tor çekilen içi bäş sany akja kepderili gutyny alyp geläýdi. Gözlerini ýyldyradyşyp oturan kepderileri görüp, begenjime güni bilen olaryň töwereginden aýrylmadym. Kakam olara ketek ýasanda eline iş ýetirmän, köp işi özüm etdim. Ana, şol gündenem men özbaşdak kepderili adam boldum. Okuwdan boş wagtym bar işimem, aladamam şol kepderilerim bolaýdy. Günde bilenim-bitenim şol kepderilerim bolansoň, menem olara şeýle bir öwrenişipdirin, soňabaka olaryň her bir hereketinden näme isleýänini bilip başladym. Olaram meniň aladalarymy duýandyr-da, asmana uçuranymda meniň göwnümi tapjak bolşup, baý, aşyr atyp oýun edýärler-ä. Ýere düşensoňlaram, «Tansymyz göwnüňden turdumy?» diýýän ýaly gugurdaşyp, daşymdan pyr-pyr pyrlanýarlar. Menem olary ýeke-ýeke aýama mündürip, hoşallygymy bildirýärin. Ine, şeýdip az wagtdan kepderilerim bilen bagrym badaşan ýaly bolaýdym. Olaram meň bilen kemsiz öwrenişip gitdiler. Özlerem ýylba-ýyldan köpelýärler. Menem olaryň köpelenine begenýärin. Begenmez ýalymy,

Sahnada “Janserek”

Ýakynda Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry öz tomaşaçylaryny “Janserek” atly täze oýun bilen mähirli garşylady. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň pýesasy esasynda, teatryň baş ýolbaşçysy, režissýor Ata Gullarow tarapyndan sahnalaşdyrylan «Janserek» atly bu täze drama oýnunyň ilkinji gezek görkezilişi boldy. Oýunda durmuşyň manysyny tapmak, her bir ene-ata üçin nesil terbiýesiniň mukaddesligi, perzendiň ene-atasynyň öňündäki borçlary, adamyň ýüreginde beslän arzuwlaryna ýetmegi üçin gije-gündiz yhlas bilen zähmet çekmelidigi, durmuşda hiç haçan ruhdan düşmeli däldigi, öňde goýan maksatlarymyza ýetmek üçin hiç bir kynçylykdan çekinmeli däldigi ýaly meseleler ussatlyk bilen beýan edilýär. Drama eseriniň baş gahrymany heýkeltaraş Nazar Zamanow. Onuň bar maksady heýkeltaraşlaryň arasynda geçirilýän bäsleşikde ýeňiji bolmak. Nazar üstünden ýigrimi bäş ýyl geçen tokga bir daşdan hakyky sungat eserini döretmegiň ugruna çykýar. Ol heniz alty ýaşyndaka, aradan çykdy diýip ýören mähriban ejesiniň keşbini elmydama göz öňünde suratlandyryp gezýär. Nazar öz maksadyna ýetmek üçin, her hili kynçylyklardan geçip, gije-gündiz zähmet çekip, öz mähriban käbesiniň heýkelini ýasaýar.

Asyrlara ýörelge — nesillere görelde

Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň esasyny düzýän türkmeniň milli tans hem-de folklor toparlarynyň çykyşlaryna tomaşa edeniňde, olaryň kämillik derejesine ýetendigi aýdyň şöhlelenýär. Şu ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip, yglan edilmegi medeniýet we sungat işgärlerini hem has-da joşgunly zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Serhetabat etrabynyň Çemenabat geňeşliginde ýerleşýän Çemenabat oba medeniýet öýünde hereket edýän “Çemenabat” folklor topary hem giňden tanalýar. Folklor toparyna guramaçy, çärýek asyra golaý wagtdan bäri işläp gelýän Merdan Osmanow ýolbaşçylyk edýär. — Maksadymyz — halkymyza medeniýetli hyzmat etmek, oba adamlarynyň arasyndan zehinli ýaşlary saýlap almakda geňeşimizde ýerleşýän 3-nji orta mekdep bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýarys. Arkadag Prezidentimiziň halkyna peşgeş beren “Türkmen medeniýeti”, “Ile döwlet geler bolsa”, “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” we beýleki ajaýyp eserleri biz — medeniýet işgärleri üçin mekdep hem ýol görkeziji şamçyrag bolup durýar.

Saz bilen sazlaşan ömür

Halypa diýlende, diňe öz hünär ussatlygy däl, eýsem, durmuş tejribesi bilen hem hemişe dogry ýol görkezýän, mydama nusga, görelde bolýan, öz şägirtlerine, biz — ýaşlara uly ynam bildirýän adam göz öňüňe gelýär. Şeýle halypalaryň biri-de Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Rejep Rejebowdyr. Dogrusy, bu gün ol barada geçen zaman bilen bagly gürrüň hem edesiň gelenok. Ol mydama ýanymyzda, biziň edýän işlerimize gapdalymyzdan seredip duran ýaly duýulýar. Özüniň diňe bir aýdym-sazlary bilen saz muşdaklaryny bendi etmän, eýsem, belent adamkärçiligi bilen nusga bolan halypa hakda ony gören adamlar, bile işleşen egindeşleri, şägirtleri diýseň gyzykly, täsirli zatlary gürrüň berýärler. Ol, hakykatdan-da, sazy ýaly mähremdi. Onuň, aýdylyşy ýaly, hatda garynjany hem ynjytmadyk adam bolandygyny döreden sazlaryny diňläniňde hem bilmek, duýmak bolýar. Talyp döwrümizde halypa bilen söhbetdeş bolanymyzda, saz sungaty bilen bagly berýän gürrüňleri bizi haýrana goýýardy. Ol S.Prokofýew, F.Şalýapin, I.Dunaýewskiý ýaly saz ägirtleri hakda uly höwes bilen söhbet ederdi. Rejep aga Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynda halypa kompozitor Nury Halmämmedow bilen bile okapdyr.