"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Dilimiziň senasy sen, Aşgabat!

25-nji maýda Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy, şeýle-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli toý-dabaralar giň gerim aldy. Säheriň bereketli çagynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň demirgazygynda «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutuldy. Merkezi Aziýanyň täze bezegine öwrüljek «Aşgabat-siti» döwrebap şäheriň umumy meýdany 744 gektara deň bolup, onuň çäginde 12-35 gatly belent ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy meýilleşdirilýär. Bu mega-taslamada durmuş maksatly beýleki desgalar — saglyk öýleri, çagalar baglary, orta mekdepler, ýörite sazçylyk mekdebi, söwda merkezleri göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen düýbi tutulan bu şäherde «Bir penjire ulgamy», «akylly ýangyn howpsuzlyk», «nobatsyz resminama», «takyk transport hereketleri», «emeli aň bilen ýüz tanaýjy ulgam», «ses arkaly dolandyrmak», «akylly gapy we gulplar», «sanly howpsuzlyk» we adam aňy bilen ösen tehnologiýalaryň ýene-de birnäçesiniň ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýär. Dünýä tejribesiniň gazananlaryny özünde jemlejek, şäheriň içinde dörejek bu şäher ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Olarda Garaşsyzlyk ruhuna laýyk gelýän binagärlik sungaty öz beýanyny tapar. Ýurdumyzda şeýle ägirt taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýýän dana sözleriniň aýdyň beýany duýulýar. Bu biziň her birimiziň

Döwrümize buýsanç

Türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýuny hem-de Soňky jaň dabarasyny uly ruhubelentlikde belläp geçdi. Şeýle şatlykly günlerde gözel paýtagtymyzda baýramçylyk mynasybetli Çoganly ýaşaýyş toplumynda 140 sany iki gatly ýaşaýyş jaýlary açylyp, ulanylmaga berildi. Şu mynasybetli guralan dabara hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy bu ýere ýygnananlaryň ruhuny has-da belende göterdi. Biz hem dabaranyň geçirilýän ýerinde Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýy bilen bilelikde jaý toýlaryny toýlaýan ildeşlerimiziň birnäçesi bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny ýazga geçirdik: Oguljennet NURYÝEWA, «Çaphanahyzmatlary» döwlet hojalyk hasaplaşyk kärhanasynyň poligrafiýa enjamlaryny sazlaýjysy:

«Watan» gazetiniň hormatly okyjylary!

Eziz Watanymyzda gazanylýan üstünlikleri, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakalaryny gyzgyny bilen beýan edýän «Watan» gazetine 2021-nji ýylyň ikinji ýarym ýyllygy üçin abuna ýazylyşygyna başlanandygyny habar berýäris. Hepdede üç gezek çap edilýän gazetimiziň sahypalarynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler syýasaty, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi, dürli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler şöhlelendirilýär. Şeýle hem redaksiýamyzyň agzybir işgärleri dürli temalary öz içine alýan gyzykly makalalary, söhbetdeşlikleri, oçerkleri, hekaýalary, goşgulary okyjylarymyzyň dykgatyna hödürleýärler.

Şanly toýuň şanyna

25-nji maýda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda merjen paýtagtymyz Aşgabatda umumybilim berýän orta mekdepleriň ählisinde «Soňky jaň» dabaralary geçirildi. Her ýyl Aşgabat şäheriniň güni bilen bilelikde uly ruhubelentlige beslenýän bu baýramçylygyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyndaky dabaralary uçurymlaryň ählisi üçin ýatdagalyjy taryhy waka öwrüldi. Geçirilen baýramçylyk dabaralarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020 — 2021-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli iberen Gutlagynda hem bellenilişi ýaly, bagtyýar uçurymlaryň — geljegimiz bolan ýaşlaryň bilim-terbiýe alan mukaddes bilim ojagy bilen hoşlaşyk pursatlaryny öz içine alýan «Soňky jaň» dabarasynyň jemgyýetçilik durmuşymyzda orny hem-de ähmiýeti barha ýokarlanýar. Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, ussat hünärmenler, watansöýüji, jemgyýete peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin milli Liderimiziň parasatly başlangyçlary bilen netijeli işler amala aşyrylýar, ähli zerur mümkinçilikler döredilýär. Şu ýylky orta mekdebi tamamlaýan uçurymlaryň «Soňky jaň» dabarasynyň Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygy bilen utgaşyp, goşa toýa öwrülendigi hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi bagtyýar raýatlary

Kalbymyzyň owazy

Türkmen halysynda halkymyzyň özboluşly, aýdyň ruhy medeniýeti, onuň egsilmez çeperçilik ukyby hem-de göwün-islegi öz beýanyny tapýar. Bu täsin sungatyň ajaýyp nusgalary paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň amaly-haşam sungaty bölüminde özüniň mynasyp ornuny eýeleýär. Türkmeniň göz-guwanjy bolan, at-owazasy jahana ýaýran meşhur halysynyň jadyly döreýşi we onuň türkmen milleti bilen aýrylmaz baglanyşygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden «Janly rowaýat» atly kitabynda çuň mazmunly beýan edilýär. Kalbyňy heýjana salýan gadymy haly senedi henize çenli öz şan-şöhratyny ýitirenok. Biziň milli halylarymyz diňe bir owadan bolman, eýsem, gelin-gyzlarymyzyň arzuw-isleglerini, gözel kalbyny aýdyň şöhlelendirýär. Şekillendiriş sungaty muzeýimizde-de halyçylyk senediniň irki döwürlerde dokalan ajaýyp nusgalary saklanylýar. Türkmen halylarynyň we haly önümleriniň meşhurlyga eýe bolmagyna, olaryň dünýä bazarlaryna çykmagyna köp babatda halkara sergileri ýardam berýär, munuň üstesine hem sergilerde ussatlaryň biri-biri bilen tanyşmaklygyna we hünärleriň syrlaryny alyşmaga we öwrenmäge mümkinçilik döreýär. Goý, kämil sungata öwrülen halylarymyzyň şan-şöhratyny belende galdyrýan hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Sungatyň aşygy

Eli gara gazma dutarly bu gyza Soltan Baýmyradowa diýýärler. Ol häzirki wagtda Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň 4-nji ýyl talyby bolmak bilen, göwün söýen hünärine yhlas edip ýapyşýar. Soltan Baýmyradowa mundan 4 ýyl ozal Akdepe etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň bagşyçylyk synpynda Şatlyk Gylyjowdan tälim alýar. Soňra ýüregi joşgunly ýaş bagşy gyzy ykbal bu mukamlar mesgenine alyp gelýär. Häzirki wagtda ol sungat mekdebiniň iň bir göreldeli talyplarynyň hatarynda tanalýar. Bu ýerde oňa Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Söýün Amanow halypalyk edýär. Dutara ussatlyk bilen erk edýän talyp gyz häzirki zaman mukamçy kompozitorlaryň döreden nusgawy hem-de halk aýdymlaryna aýratyn sarpa goýmak bilen, olary ürç edip öwrenýär.

Dillerde aýdym Aşgabat

Dünýä ýüzünde her döwletiň paýtagty hakynda aýdymlaryň döredilendigi köplere mälimdir. Ýurdumyzyň göwher jygasy Aşgabat hakynda döredilen ajaýyp aýdymlar akgynlylygy, duýga baýlygy bilen ünsüňi özüne çekýär. Şeýle aýdymlaryň biri-de «Aşgabat» aýdymydyr. «Aşgabat» aýdymynyň täsin taryhy bar. Bu joşgunly aýdym mundan 60 ýyl ozal, ýagny 1961-nji ýylda döredilipdir. Onuň goşgusyny şahyr Geldi Bäşiýew, sazyny ussat kompozitor Nury Halmämmedow döredipdir.

Güllerden görklüdir türkmen halysy

Şeýle at bilen Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde dabara geçirildi. Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanan dabarany Ak bugdaý etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary hem-de medeniýet bölümi bilelikde gurady.

Sylaşyk maşgalanyň sütüni

Günlerde bir gün bir ýaş ýigit obada sylagly ýaşuludan: «Siziň maşgalaňyz agzybir, bagtyýar, şonuň syry nämede?» diýip sorapdyr. Ýaşuly ýylgyryp: «Ýör, ilki öýe gideli, aýalym unaş bişirmäge gaty ökde. Ilki bir unaş bişirdip içeli, onsoň jogap bereýin» diýipdir. Ýaşuly öýüne girip:

«Aýdym bilen indim ýagty jahana»

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik maksatlary nazarlap, bedew batly gadamlar bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda müňýyllyklara ýaň salýan tutumly işler amala aşyrylýar. Toý-baýrama, aýdym-saza, şahyrlarymyzyň ýürek owazyna beslenýän ýurdumyzda halkymyzyň kalbynda belent ruhuň, döredijiligiň döreýän täze galkynmasy sungat işgärleriniň ajap aýdymlarynda öz beýanyny tapýar. Saz sungatynyň muşdaklaryny haýrana galdyrmagy başarýan aýdymçylaryň gatnaşmagynda ýurdumyzda toý-baýramlar has-da şüweleňli geçýär. Bizem Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň ýokary derejeli artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ilşat Annamämmedow bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. — Ilşat, ilki bilen, sizi estrada sungatynda ýerine ýetirýän aýdymlaryňyzyň şowly çykýanlygy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

Dost-doganlyk konserti kalplary joşdurdy

Halkymyz: «Toýdan ýetirsin!» diýýär. Hawa, toý-baýram, şatlyk-şagalaň agzybirligiň, jebisligiň, berkligiň şaýady. Şonuň üçin toý tutanda türkmen, ilki bilen, ýakyn dostlaryna çakylyk ýollaýar. Ynha, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli 20-nji maýda paýtagtymyzyň dostlaşan we doganlaşan şäherleriniň ýolbaşçylary bilen geçirilen halkara wideomaslahat, şeýle hem 21-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň ýanynda geçirilen halkara döredijilik dabarasy, oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň meşhur aýdymçylarynyň gatnaşmagy muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Merjen şäheriň görki

Biz ata-baba türkmen doganlarymyz bilen duldegşir goňşy bolup ýaşaýarys. Türkmen halkynyň döreden we dünýä medeniýetine goşan ajaýyp milli gymmatlyklaryny gözümiziň göreji ýaly gorap saklaýarys. Mysal üçin, nepisligi bilen göreni haýrana goýýan türkmen halysy her bir özbek öýüniň iň arzyly ýerine düşelýär, türkmen halysynda oturan myhman özüni has mertebeli duýýar. Türkmeniň gamyşgulak bedewlerine höwesekler örän köp. Men hususy hojalygymda 25 töweregi arassa ganly ahalteke atlaryny saklaýaryn. Ata-babalarymyz bir hepde, on gün hatda kyrk günläp toý tutupdyrlar. Bu edebiýatda beýan edilýän çeper hyýal däl. Munuň hakykatdan-da şeýle bolandygyna biz Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň çäginde guralýan dabaralaryň mysalynda ýylyň-ýylyna gözli şaýat bolduk. 2017-nji ýylyň Türkmen bedewiniň milli baýramynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow maňa «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakdy. Men muňa diýseň buýsanýaryn. Çünki behişdi türkmen bedewlerine siňdiren yhlasym meni şeýle hormatly adyň eýesi etdi. Atçylygyň dörän topragynda kemala gelen ýelden ýyndam meşhur türkmen bedewleri şu ajaýyp ýylda 140 ýyllyk toýy toýlanýan ak mermerden bina edilen merjen şäher Aşgabadyň hem aýrylmaz bezegi. Bu ajaýyp ýadygärlikler ak mermere beslenen merjen şäheriň umumy gözelligine sazlaşyk

Aşgabat

Mälimmidir saňa sahyp-syratyň,Özgerenňi men bilýärin,                                       Aşgabat!Ertekini ýada salýar zynatyň,Gül görküňe bäs gelýärin,                                      Aşgabat! Gujagyňda doguşyny ýyldyzlaň,Ýylanýaryn,                ýylgyrýaryn ýylgyrsaň. Gujak açyp dursaň,                nur saçyp dursaň,Beýgiň bilen beýgelýärin,                                     Aşgabat!

Şanly toýuň şanyna

24-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara köpugurly sergisi öz işine başlady. Paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanan serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy we deputatlary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary we agzalary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara köpugurly sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda bellenilişi ýaly, Aşgabat dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin has amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriň hatarynda öz ornuny pugtalandyryp, sebitara we halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezine öwrüldi.

Kino ussatlarynyň üstünlikleri

Golaýda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanyp yglan edilen «Aşgabat bahary» atly kinofestiwalynyň jemi jemlendi. Diňe bir paýtagtymyzdaky däl, eýsem, welaýatlarymyzdaky kinorežissýorlaryň gatnaşmagynda geçirilen bu festiwal ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Bäsleşige jemi 33 kino hödürlenildi. Bäsleşikde baş baýraga Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň «Meniň kakam» atly filmi mynasyp boldy. Bäsleşikde eminler topary «Iň gowy kinossenariýaçy», «Iň gowy kinorežissýor», «Iň gowy kinossenariýa eseri», «Iň gowy kinooperatoryň işi», «Tomaşaçylar tarapyndan saýlanan film», «Iň gowy erkek keşbi», «Iň gowy zenan keşbi» ýaly ugurlarda ýeňijileri saýladylar.

Ylhamlaryň gözbaşy sen, Aşgabat!

Gözelligiň, bagtyýarlygyň, rahatlygyň hem-de juwanlygyň şäheri bolan ak şäherimiz Aşgabat Aziýanyň merjenine deňelýär. Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda ady ençeme gezek ýazylan türkmen paýtagtynyň bu günki ýeten derejesi bütin halkymyzy buýsandyrýar. Köpetdagyň eteginde täsin sungat eserine çalymdaş bolup görünýän Aşgabat ykdysady, syýasy ösüşler bilen birlikde medeni özgertmeleriň hem mekany hökmünde tanalýar. Çünki bu ýeriň ajaýyplygy we täsin binagärlik çözgütleri ylhamlary joşa getirip, göwünleri göge göterýär.

«Aşgabat» teleýaýlymynyň toý serpaýy

Mälim bolşy ýaly, tutuş ýurdumyz goşa toýuň tutumyna beslendi. Paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli toý lybasyny geýen mermer Aşgabadymyz has-da üýtgeşik keşbe girdi. Şol owadan pursatlar kalbymyza tükeniksiz şatlygy bagyş edýär. Baýramçylyk ruhuna beslenen ak şäherimiziň çäginde bolup geçýän dürli medeni çäreleri we täzelikleri gyzgyny bilen halkymyza ýetirýän, ýurdumyzyň beýleki teleýaýlymlarynyň döredijilik işgärleri bilen bir hatarda, «Aşgabat» teleýaýlymynyň hem döredijilik işgärleri bu goşa toýa özüniň mynasyp sowgatlary bilen geldi. Biz golaýda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» teleýaýlymynyň baş redaktory Ýazgül Myradowa bilen söhbetdeş bolduk:

Gülden görkana şäher

Şu ýyl Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagt şäherimiz has hem gyzgalaňly pursatlara beslenýär. Giň şäheriň çäginde köpçülikleýin ýowarlar, arassaçylyk işleri barha ýaýbaňlandyrylýar. Bag ekmek işleri we yzygiderli geçirilýän ýowarlar görkana Aşgabadyň täsin durkunyň tämizligini hasam artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň Şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde barha gülleýän Aşgabadyň tarypy aýratyn bir dessan. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 24-nji fewralynda Aşgabat şäher häkimliginde Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna taýýarlyk görmek we şäherimizi mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahaty geçirdi. Aşgabadyň gujagynda hakyky lälezarlygy döretmek babatdaky işler badalga aldy. Ese-boýa galyp duran ýaş nahallar we şäheriň daş-töweregini gurşap oturan arça tokaýlyklary Gahryman Arkadagymyzyň Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky belent başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň alamatydyr.

Belentden ýaňlanan owazlar

Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň döredýän mümkinçilikleriniň netijesinde ýaşlar milli medeniýetimizi, ata Watanymyzyň şanly ösüşlerini, bagtyýarlyk döwrümiziň rowaçlyklaryny wasp edip, aýdym-saz sungatynda öz ukyp-başarnyklaryny äşgär edýärler. Biz bu hakykata Türkmenabat şäher medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym — 2021!» telebäsleşiginiň deslapky saýlama tapgyryna gatnaşan zehinli ýaşlary görüp ýene bir mertebe göz ýetirdik. Oňa etraplarda ýeňiji bolan ýaş aýdymçylaryň 52-si gatnaşdy. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we olary höweslendirmek maksady bilen geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu bäsleşik ýylyň-ýylyna täze röwşe eýe bolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, şeýle-de paýtagtymyz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygy bilen utgaşykly geçirilen bäsleşik milli medeniýetimizi wasp edýän ajaýyp baýramçylyga öwrüldi. Bäsleşigiň şertine görä, çykyş eden zehinli aýdymçylar bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen uly ösüşlere beslenýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy wasp edýän hem-de arkama-arka dowam edip gelýän halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Olaryň her biriniň aýdan şirin aýdymlary tomaşaçylarda uly täsir galdyryp, joşgunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Türkmeniň kämil sungaty

Gökdepe etrabynyň Babarap obasyndaky Toý mekanynda dabaraly maslahat geçirildi. Welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, welaýat Medeniýet müdirliginiň hem-de Gökdepe etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen dabara halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işeňňir zenanlar we mährem eneler gatnaşdy. Dabaraly maslahaty welaýat häkiminiň orunbasary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň başlygy Akgül Toporowa açyp, ata Watanymyzyň häzirki ösüş döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan giň göwrümli işlere, gazanylýan üstünliklere zenanlarymyzyň goşýan goşandy, olaryň ýaş nesli watançylyk we ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklary esasynda terbiýelemekde bitirýän hyzmatlary barada söz açdy hem-de hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň yhlas bilen bejeren kürtesiniň, şeýle-de ören jorabynyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurylmagy bilen baglanyşykly taryhy wakanyň ähmiýetine ünsi çekdi.