«Watan» gazetiniň hormatly okyjylary!

26 Maý 2021
965

Eziz Watanymyzda gazanylýan üstünlikleri, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakalaryny gyzgyny bilen beýan edýän «Watan» gazetine 2021-nji ýylyň ikinji ýarym ýyllygy üçin abuna ýazylyşygyna başlanandygyny habar berýäris.

Hepdede üç gezek çap edilýän gazetimiziň sahypalarynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler syýasaty, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi, dürli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler şöhlelendirilýär. Şeýle hem redaksiýamyzyň agzybir işgärleri dürli temalary öz içine alýan gyzykly makalalary, söhbetdeşlikleri, oçerkleri, hekaýalary, goşgulary okyjylarymyzyň dykgatyna hödürleýärler.