Sungatyň aşygy

26 Maý 2021
1186

Eli gara gazma dutarly bu gyza Soltan Baýmyradowa diýýärler. Ol häzirki wagtda Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň 4-nji ýyl talyby bolmak bilen, göwün söýen hünärine yhlas edip ýapyşýar. Soltan Baýmyradowa mundan 4 ýyl ozal Akdepe etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň bagşyçylyk synpynda Şatlyk Gylyjowdan tälim alýar. Soňra ýüregi joşgunly ýaş bagşy gyzy ykbal bu mukamlar mesgenine alyp gelýär. Häzirki wagtda ol sungat mekdebiniň iň bir göreldeli talyplarynyň hatarynda tanalýar.

Bu ýerde oňa Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Söýün Amanow halypalyk edýär. Dutara ussatlyk bilen erk edýän talyp gyz häzirki zaman mukamçy kompozitorlaryň döreden nusgawy hem-de halk aýdymlaryna aýratyn sarpa goýmak bilen, olary ürç edip öwrenýär.

Gurbannazar GÜRGENÇLI,
žurnalist, sazanda.