"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

«Çapagy» esaslandyran zenan

Geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň bosagasynda Saýat sebitlerinde dörän «Çapak» topary çeper höwesjeňlerden düzülen hem bolsa, gysga wagtda uly meşhurlyk gazandy. Çünki toparyň başynda başarjaň zenan, şol wagtky Türkmen oba hojalyk institutyny tamamlap, ozalky Kalinin adyndaky kolhozda (häzirki «Bereket» daýhan birleşigi) ferma müdiri, oba geňeşiniň başlygy bolup işlän Jumagül Hallyýewa durdy. Onuň yhlasy «Çapagy» halkara bäsleşikleriň ýeňijisi derejesine çenli ýetirdi. Meşhur «Çapagy» döreden ene şu ýylyň aprelinde ömrüniň sekizinji onlugyny tegeledi.

At-abraýyň arşdadyr, Arkadag!

Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň ýokary göterilmegine uly goldaw beren, goşa ganat geren Gahryman hem Mähriban Arkadagymyzy, jebis halkymyzy medeniýetiň hepdeläp geçirilýän baýramy bilen gyzgyn gutlaýaryn! Şowhunly baýramyň altyn şahalarynyň barlygy, her haýsynyň dünýäligi bizi hasam begendirýär, guwandyrýar.

Toý tutmak medeniýeti

Lebap welaýatynda bolan dabaralar türkmeniň toý tutmak medeniýetini dünýä ýaýdy “Döwür medeniýete, medeniýetem döwre täsir edýär, olar hemişe-de alyş-berişde” diýilýär. Şol alyş-berşiň bolan ýerinde medeniýetem, durmuşyň beýleki ugurlaram ösýär. Islendik halkyň medeniýetine, sungatyna nazar aýlap görsek, onuň medeniýetiniň, sungatynyň belent derejelere galan döwrem, pese gaçan döwrem hut, umumy ösüşiniň depgini bilen baglydyr. Ýöne milli medeni gymmatlyklaryň şol halklaryň soňraky ykballaryna diýseň uly täsir edendigini-de biz taryha nazar aýlanymyzda bilýäris. Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurduň ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri hökmünde milli medeniýetimizdäki özgerişliklere ünsi gönükdirmegi hem halkymyzyň şu güni, ertiri baradaky öňdengörüjilikli aladalarydyr.

Türkmeniň ak öýi — döwletlilik ojagy

Halkymyzyň keramat hasaplap, gözüniň göreji ýaly gorap gelen gymmatlyklarynyň arasynda öý-ojak mukaddesligi her bir ynsanyň, her bir maşgalanyň buýsanjy, mertebesi. Öý — Watanyň başlanýan hem maşgalanyň bir ýere jem bolýan ýeri. Türkmen halky «Öýe o:t girdi, gut girdi» diýip, öý-ojakly bolmagyň gymmatyny ezizläpdir. Ak öýüň töründe, ody alawlaýan ojagyň başynda halkymyz döwre gurap, il-ýurt ähmiýetli meseleleri çözüpdir. Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň welaýatlarynda bina edilýän döwrebap «Türkmeniň ak öýi» binalary hem bu günki gün halkymyzyň milli gymmatlyklaryny sarpalaýandygynyň, oňa ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bölegi hökmünde garaýandygynyň alamatydyr. Öňňin, ýagny 23-nji iýunda Lebap welaýatynda uly ruhubelentlik bilen geçirilýän Medeniýet hepdeligi mynasybetli Türkmenabat şäheriniň iň gözel künjeginde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabarasy boldy. Binanyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz onuň bezeginiň aýratynlyklary hem-de umumy milli we halkara ähmiýetli dürli çäreleri, baýramçylyk dabaralaryny geçirmek üçin bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy. Bu bina halkymyzyň milli däpleriniň özboluşlylygyny, bezeg aýratynlygyny özünde jemlemek bilen, häzirki zamanyň ösen binagärlik-gurluşyk şertlerine hem doly laýyk gelýär. Onda dürli maksatly otaglar bilen birlikde haly gölleri, türkmen ak öýüne mahsus bolan bezeg us

Medeniýet hepdeligi dabaralara beslenýär

Lebap welaýatynyň edara ediş merkezinde Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen giň gerimli döredijilik çäresi 2013-nji ýyldan başlap, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde geçirilýär. Bu möhüm ähmiýetli çäre milli medeniýetiň köpöwüşginliligini, onuň döwletiň we jemgyýetiň ösüşindäki ornuny, ägirt uly parahatçylyk dörediji kuwwatyny görkezýär. Munuň özi ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýylda aýratyn ähmiýetlidir. Şu ýyl bu giň gerimli çäre eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de ak mermerli türkmen paýtagtynyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy ýaly ajaýyp senelere gabat geldi.

Bilbil sahnada saýranda

Düýn Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda täze sahnalaşdyrylan «Gül-Bilbil» atly operanyň ilkinji görkezilişi boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde sahnalaşdyrylan «Gül-Bilbil» operasynyň täze zehinleri ýüze çykarmakdaky ähmiýeti barada bu sahna eserini döretmäge gatnaşan zehinleriň käbiri bilen söhbetdeş bolduk. Täze sahnalaşdyrylan «Gül-Bilbil» operasy halypa-şägirtlik mekdebiniň özboluşly dowamyna öwrüldi. Operanyň sahna hem saz bezegi gahrymanlaryň ruhy ahwalyny çeper beýan edýär. Bu bolsa döredijilik toparynyň yhlasly zähmeti netijesinde hasyl bolýar. Milliligi hem döwrebap öwüşgini bilen bagtyýarlyk döwrümiziň belent ruhuna kybap gelýän sahna eserleriniň teatrlaryň sahnalaryny bezäp durmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris. Milli opera sungatymyzy täze derejelere çykaran Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaç alsyn!

Aýdymly dünýäniň aşygy

Aýdym-saz — adamlaryň göwün ganaty. Aýdymda jady, mähribanlyk we ýakym bar. Şonuň üçin hem aýdym ýaňlansa, kalbymyz gobsunyp gidýär. Şu günler toý ruhuna beslenen ülkämizde aýdym-sazyň sesi belentden ýaňlanýar. Gadymy Lebap topragynda dowam edýän medeniýet hepdeligi şatlyk-şagalaň bilen gurşalýar. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guralan bu uly medeni baýramçylyk ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Ata-baba dowam edip gelýän ýedi gije-gündizläp toý tutmak däbi, häzirki ajaýyp döwrümiziň hem täzeçe röwşi bolup şuglalanýar. Toý gününde bu ýere ýygnanan mähelläniň bolsa, begenjiniň, buýsanjynyň çägi ýok. Biz hem şeýle ajaýyp pursatlarda Medeniýet hepdeligine Ahal welaýatyndan gatnaşýan zehinli ýaş aýdymçy, welaýat Medeniýet müdirliginiň ikinji derejeli artisti Laçyn Hudaýgulyýewa bilen söhbetdeş bolmagy onuň baýramçylyk buýsanjyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. — Laçyn, bu baýramçylyk günleri kalby sungata maýyl hiç bir adamy hem biparh goýmaýar. Çünki toýuň tutumy uludan. Şonuň üçin hem Medeniýet hepdeligine gatnaşyjy hökmünde Lebap topragyndaky toý tutumlarynyň täsirini okyjylarymyz bilen paýlaşaýsaň.

Sungatyň güýji

Sungatyň güýjünden özgerýär ynsan,Onuň kalby dury, niýeti gözel.Baýlygy — tükenmez bu haýyr-yhsan,Ýürekler seslenýär: «Ýaşamak hezil!». Beýik binalarda bagt guşy parlap,Parahatlyk guşy uçýar asmanda.Gör, medeniýet barýar Ýer-gögi zerläp,Taýyn giň älemi bagra basmaga.

Şatlyga beslenen dabara

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde aýdym-sazly dabara geçirildi. Ony etrap häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi hem-de etrap medeniýet bölümi bilelikde gurady.

«Saz rowaýatyndaky» sungat hakykaty

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatry «Saz rowaýaty» atly täze oýny bilen Medeniýet hepdeligine sowgatly geldi. Bu oýun Lebap sebitlerinde irki döwürlerden bäri aýdylyp gelinýän «Gelin ýöreýşi» atly dessan esasynda sahnalaşdyryldy. Oýnuň sahna bezegini Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Myrat Haýtyýew bilen Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň baş suratkeşi Merdan Akmämmedow, saz bezegini Türkmenistanyň halk bagşysy Gurbandurdy Öwezow ýerine ýetiripdir. Türkmenistanyň halk artistleri Akjagül Suhanowanyň, Babageldi Rejepowyň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Babamyrat Aşyrowyň, zehinli artistler Jemal Saparowanyň, Şöhrat Illiýewiň, Döwlet Hojanazarowyň we beýlekileriň ýerine ýetirýän keşpleri arkaly wakalar janlandyrylýar. Sahna oýnunyň awtory we režissýory Perhat Hudaýbergenow bilen guran söhbetimiz hem bu sahna oýnunyň döredijilik pursatlary hakynda boldy. Awtordan: Hawa, şygyrda her bir jümläniň alaw dek ýanyp durşy ýaly, teatryň sahnasynda her bir hereket, her bir söz duýgularyňa, aňyňa täsir edýär. Teatryň her bir artisti hem ýüreginiň odundan bir ülşüni sahna çykarýar. Teatr halkyň ruhy hasaplanýar. Ol durmuşyň aýnasy. Pederlerimiz saza we söze gadyr goýupdyrlar. Halk hakydasy mundan birnäçe asyr öň Lebap sebitlerinde ýaşap geçen Nowgül atly zenanyň ykbaly hakyndaky wakalary biziň günlerimize alyp geldi. Teatr

Gahryman Arkadagymyzyň beýik tagallalary

Arkadagly eýýamymyzda döwrebap öwüşginler bilen barha baýlaşýan medeniýetimiz dünýäniň Gün tertibinde duran meseleleri çözmekdäki tagallalaryň birleşmegine hem aýdyň ýollary açýar. Munuň özi ykdysady ösüşleri hem ilerledip dünýä hojalygynyň sazlaşykly ösüşini gazanmaga oňyn itergi berýär. Çünki halklaryň medeniýetleriniň dostlaşmagy bilen ykdysady bähbitler öz ornuny tapýar. Ykdysady bähbitler bolsa döwletleriň ösüşini, ösüşler bolsa dünýäniň iň möhüm meselelerini çözmekde garaýyşlary birleşdirýär. Döwlet Baştutanymyzyň taryhy başlangyçlary esasynda 2013-nji ýyldan bäri geçirilmegi ýola goýlan Medeniýet hepdeligi milli ýörelgelerimizi barha baýlaşdyrýan däbimize öwrüldi. Bu iri medeni forum çuň mazmunly çäreleri bilen ykdysady ösüşlerimizi hem dabaralandyrýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 22-nji iýunynda Lebap welaýatynda açylan Medeniýet hepdeliginiň Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we dünýäde geçirilýän çäreleriň baý mazmunyny özünde jemleýän ajaýyp toý öwüşgini hem muny aýan edýär.

Medenýetiň sarpasy

Medeni miraslarymyz halkymyz üçin aýratyn sarpalanýan gymmatlyk bolmak bilen, bütindünýä medeni mirasynyň hem aýrylmaz bölegidir. Senagat, ykdysadyýet, ylym-bilim bilen bir hatarda milli medeniýetimiziň galkynyşly gadamlarynda taryhy we medeni mirasyň baýlyklary mynasyp orun tutýar. Milli medeniýetiň döwletliligi berkitmekde, sungatyň dürli ugurlarynyň kämilleşmeginde wajyp ähmiýeti bar. Medeni gymmatlyklar adamyň döredijilik mümkinçilikleriniň artmagyna hem oňyn täsir edýär. Gahryman Arkadagymyzyň mähriban halkyna sowgat beren «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Ile döwlet geler bolsa...», «Çaý — melhem hem ylham», «Arşyň nepisligi», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýaly birnäçe kitaplary türkmen medeniýetiniň we sungatynyň kämilleşmeginde ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Medeniýet we sungat ynsan kalbynyň owazydyr.

Medeniýet, sungat hakynda

Sungatyň ähli görnüşleri olaryň iň beýigine — ýaşamak sungatyna hyzmat edýär. Bertolt Breht, nemes şahyry we dramaturgy.

Medeniýetim, sungatym ösýär Arkadag bilen!

Watan goýny jennetidir, ýylysyna döneýin, Sowuk suwly çeşmelerin içip-içip ganaýyn,Şygyr ýazyp, ykbalymy ykbalyna garaýyn,Medeniýetim, sungatym ösýär Arkadag bilen! «Ajap sungat eserine meňzeş diýsem — Garagum»,Begenjinden gürs-gürs urup başlar meniň ýüregim,Durmuş — deňiz, öňe sary alyp gidip küregim,Medeniýetim, sungatym ösýär Arkadag bilen!

Milli ýörelgelere buýsanç

Watanymyzyň gündogarynda elwan säheriň mährem salamyny ilkinji bolup ýollaýan bereketli Lebap topragynda bäş welaýat bir supra jem bolup, uly tutumda, mäkäm jebislikde tutuş hepdeläp, medeniýetiň we sungatyň toýuny toýlaýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2021-nji ýylda Lebap welaýatynda bellenilýän Medeniýet hepdeligi giň gerimli çäreleri öz içine alýar. Hepdeligiň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda durmuş-ykdysady ähmiýetli, medeni maksatly desgalaryň açylmagy toý dabarasyny has-da baýlaşdyrdy. Hepdeligiň maksatnamasynda meýilleşdirilen baýramçylyk dabaralary, maslahatlar, sergiler, duşuşyklar, çeper okaýyşlar we döredijilik söhbetleri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasly eserleriniň watançylyk taglymaty, beýik pikir-ýörelgeleri bilen utgaşyp gidýär. Hepdeligiň ilkinji dabaralarynyň biri belent mertebeli döwlet Baştutanymyzyň ajaýyp jümlelerine esaslanýan «Perzent çeşme bolsa, gözbaşy ata-enedir» atly maslahat boldy. Maslahat merdana türkmen halkynyň gadymy maşgala däpleriniň bagtyýar döwrümizde özboluşly medeniýet bolup dabaralanýandygyny äşgär görkezýär. Türkmen halkynyň dünýä medeniýetini has hem gözelleşdirýän maşgala gatnaşyklarynyň özenini saldamlylyk, Garagumuň özi ýaly agraslyk, merdana ärler kimin ygrarlylyk, geçirimlilik, iň esasy bolsa, mähribanlyk, wepadarlyk häsiýetleri düzýär. Ata-ene, perzent ojagyň sütüni bolup, öýümizde bitewi maşgala

Toýlara beslenýän eziz Diýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işjeň medeni-durmuş syýasatynyň netijesinde medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikler has-da guwandyryjydyr. Milli medeniýeti we sungaty wagyz etmekde, dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda bellenilip geçilýän Medeniýet hepdeliginiň ähmiýeti juda uludyr. «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýip belleýän hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän işler jemgyýetde mynasyp dowam edýär. Däp-dessurlarymyz, milli medeniýetimiz, sungatymyz, edebiýatymyz baýlaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde medeniýet we sungat işgärleri bu günki günde ykdysady, medeni-durmuş taýdan gülläp ösýän welaýatlarda durmuşa geçirilýän beýik işler bilen ýakyndan tanyşýarlar. Olar gadymy taryhy-medeni ýadygärliklere, täsin tebigatly ýerlere seýran edýärler. Geçmişde möhüm yz goýan ýazyjy-şahyrlarymyzyň edebi mirasy içgin öwrenilýär. Şu günler medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň gatnaşmaklarynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň toý dabaralary Lebap topragynda uly joşgun bilen dowam edýär. Göwün göteriji aýdym-sazlaryň belent owazy asuda asmanymyzda, abadan durmuşymyzda ýaňlanýar. Bu sungat baýramynda guralýan sergiler, döredijilik duşuşyklary, maslahatlar, sahna oýunlary türkmen medeniýetiniň baý many-mazmunyny ýüze ç

Döredijilik ylhamynyň çeşmesi

Medeniýeti halkyň kalbyna deňeýän hormatly Prezidentimiz bu ulgamyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, sungatymyzy ylmy taýdan öwrenip, dünýä ýaýmak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Halkymyz Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa, watançylyga ýugrulan goşgularynda beýan edilen belent arzuwlaryň hasyl bolýan döwründe ýaşaýar. Parasatly şahyr indi üç asyr bäri diňe bir türkmenleriň däl, eýsem, dünýäniň dürli künjeklerinde söze sarpa goýup bilýän millionlarça ynsanlaryň aňynda, ýüreginde ýaşaýar. Häzirki döwre çenli Magtymguly Pyragynyň kitaplary dünýäniň birnäçe döwletinde neşir edildi. Bu kitaplar ynsanperwerligiň, halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň ajaýyp köprüsiniň emele gelmegini üpjün etdi. Dürli ýurtlaryň meşhur alymlarydyr edebiýatçylary onuň döredijiligini ürç edip öwrenýärler. Ýeri gelende aýtsak, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ýygyndysy dünýäniň köp dillerine, şol sanda türk, rus, iňlis, azerbaýjan, arap, ermeni, belarus, gazak, özbek, täjik, gruzin, ukrain, hytaý, ýapon, rumyn dillerine terjime edildi.

Sahnada taplanan zehin

Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bu baýramçylyk Lebap welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligi bilen utgaşyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen medeniýetinde we sungatynda gazanylan uly üstünlikleriň, ýetilen belent sepgitleriň aýdyň şöhlelenmesine öwrüldi. Garaşsyz Diýarymyzda Medeniýet hepdeligini edil türkmen toýy ýaly edip geçirmek indi däbe öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň bellenilýän ýylynda gojaman Jeýhunyň kenarynda geçirilen medeniýet baýramçylygy ýurdumyzyň çar künjeginden ýazyjy-şahyrlary, aýdymçy-sazandalary, suratkeşleri, teatr we kino artistlerini, heýkeltaraşlary bir supranyň başyna jemledi. Onuň çäklerinde uly maslahat geçirilip, aýdym-sazly çykyşlara, täze desgalaryň açylyş dabaralaryna, döredijilik duşuşyklaryna, amaly-haşam, surat sergilerine, teatr, kino sungatynyň ýaýbaňlandyrylmagyna giň orun berildi. Milli medeniýet, onuň däp-dessurlary we ýörelgeleri türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň esasyny düzýär. Ol halkymyzyň ruhy dünýäsi bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin-de, «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýilýär. Milli medeniýete we sungata çuňňur sarpa goýýan mähriban Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk

Milli gymmatlyklarymyza sarpa

Toý şatlygyna beslenen welaýatymyzda dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň her güni milli medeniýetimiziň köpöwüşginliligini açyp görkezýän çärelere baýdygy bilen tapawutlanýar. Ynha, şeýle çäreleriň biri hem welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirildi. Bu ýerde ýurdumyzyň muzeý işgärleri «Mirasymyz — buýsanjymyz» atly döredijilik duşuşygyna hem-de oba we öý muzeýleriniň işini kämilleşdirmek boýunça usuly maslahata gatnaşdylar. Muzeýiň esasy girelgesinde maslahata gatnaşyjylary welaýatymyzyň çagalar fleýtaçylar topary ajaýyp sazlary bilen garşy aldy. Maslahatda muzeý işgärleri oba we öý muzeýlerini hasaba almak we olara usuly kömekleri bermek işini guramak barada özara tejribe alyşdylar. Maslahatyň dowamynda Halaç etrabynyň Esenmeňli geňeşliginiň Magtymguly obasynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi Dursun Jumaýewa özüniň döreden öý muzeýinde alyp barýan işleri dogrusynda täsirli çykyş etdi. Ol ýaşlygyndan oba adamlarynyň durmuşy, olaryň ulanan zähmet gurallary, däp-dessurlary bilen içgin gyzyklanyp, olar dogrusynda täsirli maglumatlary toplaýar. Onuň belleýşi ýaly, öý muzeýinde oba adamlarynyň arasynda bolup, gymmatlyk hökmünde toplan gap-çanaklary, ekerançylykda ulanylan esbaplar, milli şaý-sepler, haly we haly önümleri esasy orny eýeleýär. Muzeýde 2 müňe golaý tapyndy bolup, olaryň aglabasy halk hojalygynda peýdalanylan gurall

Waspyň dilde dessan, Arkadagly Türkmenistan!

Welaýatymyzyň ähli künjegini toý lybasyna beslän Medeniýet hepdeliginiň ikinji gününde welaýat kitaphanasynda ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň gatnaşmaklarynda «Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda Garaşsyzlyk döwründe ýetilen sepgitler» atly sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi. Onda kitaphana işgärleriniň Gahryman Arkadagymyzyň kitaphana işini guramakdaky alyp barýan döwlet syýasaty, kitaphana işinde döwrebap innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň häzirkizaman talaplary, kitaphanalaryň resmi saýtlarynyň işi, olary guramak we alyp barmak baradaky eden çykyşlary çuňňur many-mazmuna beslendi. Onlaýn maslahatyň dowamynda oba kitaphanalarynyň işlerini talabalaýyk guramakda we ösdürmekde usuly kömek bermek boýunça amala aşyrylýan işler dogrusynda hem gürrüň edildi. Ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndan gelen kitaphana işgärleri oba kitaphanalarynyň şahamçalarynyň hünärmenleri bilen özara pikir alyşdylar we özleriniň baý tejribelerini paýlaşdylar.