Milli ýörelgelere buýsanç

24 Iýun 2021
881

Watanymyzyň gündogarynda elwan säheriň mährem salamyny ilkinji bolup ýollaýan bereketli Lebap topragynda bäş welaýat bir supra jem bolup, uly tutumda, mäkäm jebislikde tutuş hepdeläp, medeniýetiň we sungatyň toýuny toýlaýar.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2021-nji ýylda Lebap welaýatynda bellenilýän Medeniýet hepdeligi giň gerimli çäreleri öz içine alýar. Hepdeligiň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda durmuş-ykdysady ähmiýetli, medeni maksatly desgalaryň açylmagy toý dabarasyny has-da baýlaşdyrdy. Hepdeligiň maksatnamasynda meýilleşdirilen baýramçylyk dabaralary, maslahatlar, sergiler, duşuşyklar, çeper okaýyşlar we döredijilik söhbetleri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasly eserleriniň watançylyk taglymaty, beýik pikir-ýörelgeleri bilen utgaşyp gidýär. Hepdeligiň ilkinji dabaralarynyň biri belent mertebeli döwlet Baştutanymyzyň ajaýyp jümlelerine esaslanýan «Perzent çeşme bolsa, gözbaşy ata-enedir» atly maslahat boldy. Maslahat merdana türkmen halkynyň gadymy maşgala däpleriniň bagtyýar döwrümizde özboluşly medeniýet bolup dabaralanýandygyny äşgär görkezýär. Türkmen halkynyň dünýä medeniýetini has hem gözelleşdirýän maşgala gatnaşyklarynyň özenini saldamlylyk, Garagumuň özi ýaly agraslyk, merdana ärler kimin ygrarlylyk, geçirimlilik, iň esasy bolsa, mähribanlyk, wepadarlyk häsiýetleri düzýär. Ata-ene, perzent ojagyň sütüni bolup, öýümizde bitewi maşgala bagyny kemala getirýär. Ol ruhy bag birlik bagydyr. Jan-ten birligidir, ýürek birligidir. Ata-enä wepadarlyk, borçlulyk, bergidarlyk duýgusy türkmeniň zandynda bar. Şonuň üçin geçirilen maslahatdaky çykyşlarda bellenişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň mähriban kyblasy Mälikguly aganyň ýagty ýadygärligine bagyşlap ýazan goşgusy edebi akabalara esaslanmak bilen, ýaşlary watansöýüjilige, ynsanperwerlige ruhlandyrýar. Ata sarpa goýmak däp-dessurlary hem halkymyzda gadymdan gelýär. Ata — biziň goragymyz, direg sütünimiz bolsa, ene bizi asman belentliklerine ýetirýän gudratdyr. Ata — dünýä! Ene — Zemin! Eneň toprak bolsa, ataň asman kimin başyňy goraglaýar. Ata bilen ene üçin perzent jiger, janyň özi! Ýaşaýşyň mazmuny we hili! Halkymyzda baldan hem süýji görülýän balanyň ezizlenmegi, terbiýelenmegi asylly ýörelge bolup durýar. Perzentler ýaşaýyş baradaky garaýyşlaryňy özgerdýär. Maşgala bitewüligi türkmençilik ýörelgelerinde juda eý görülýär. Maşgala medeniýeti baradaky söhbetler medeniýet-sungat ussatlarynyň täsirli çykyşlaryna, aýdym-sazlaryna utgaşyp, täsin sazlaşygy döretdi. Her gün agşam Türkmenabadyň merkezinde welaýatlardan we paýtagtymyzdan gelen ussatlarymyzyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazlar ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Döwürdeş şahyrlarymyzyň lirikanyň dürli görnüşlerinden şygyr okaýyşlary, publisistleriň ýaş žurnalistler, talyplar bilen duşuşygy Seýitnazar Seýdi ýaly gerçekleri dünýä beren bu toprakda bagtyýarlygyň waspy bolup ýaňlandy. Halypalarymyzyň belleýşi ýaly, dünýäniň şeýle abadan künjeginde medeniýetiň we sungatyň baýramy bellenilýär. Milli medeniýet düşünjesi bu ulgamda zähmet çekýän döredijilik işgärleriniň kalbynda şahyrana duýgulary oýarýar. Şonuň üçin ýaşlarymyz:
Medeniýet — seniň ykbal serpaýyň,
Ýüregiňde beslän iň näzik duýgyň,
Medeniýet — durmuşyň, asmanda Aýyň,
Arzuwyň, wysalyň, ilkinji söýgiň
— diýip, ykbalyny baglan kesbini ruhubelent wasp edýär. Baýramçylyk günlerinde Gahryman Arkadagymyza bolan alkyşlar, hoşallyk sözleri ýaňlanýar. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň ömri uzak, belent başy aman bolsun, rowaç menziller hemişe üstünliklere beslensin! Toýlarymyz, şatlygymyz dowamly bolsun!

Sähragül JANMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy.