«Çapagy» esaslandyran zenan

25 Iýun 2021
804

Geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň bosagasynda Saýat sebitlerinde dörän «Çapak» topary çeper höwesjeňlerden düzülen hem bolsa, gysga wagtda uly meşhurlyk gazandy. Çünki toparyň başynda başarjaň zenan, şol wagtky Türkmen oba hojalyk institutyny tamamlap, ozalky Kalinin adyndaky kolhozda (häzirki «Bereket» daýhan birleşigi) ferma müdiri, oba geňeşiniň başlygy bolup işlän Jumagül Hallyýewa durdy. Onuň yhlasy «Çapagy» halkara bäsleşikleriň ýeňijisi derejesine çenli ýetirdi.

Meşhur «Çapagy» döreden ene şu ýylyň aprelinde ömrüniň sekizinji onlugyny tegeledi.

(Öz habarçymyz).