Milli gymmatlyklarymyza sarpa

24 Iýun 2021
790

Toý şatlygyna beslenen welaýatymyzda dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň her güni milli medeniýetimiziň köpöwüşginliligini açyp görkezýän çärelere baýdygy bilen tapawutlanýar. Ynha, şeýle çäreleriň biri hem welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirildi. Bu ýerde ýurdumyzyň muzeý işgärleri «Mirasymyz — buýsanjymyz» atly döredijilik duşuşygyna hem-de oba we öý muzeýleriniň işini kämilleşdirmek boýunça usuly maslahata gatnaşdylar.

Muzeýiň esasy girelgesinde maslahata gatnaşyjylary welaýatymyzyň çagalar fleýtaçylar topary ajaýyp sazlary bilen garşy aldy. Maslahatda muzeý işgärleri oba we öý muzeýlerini hasaba almak we olara usuly kömekleri bermek işini guramak barada özara tejribe alyşdylar. Maslahatyň dowamynda Halaç etrabynyň Esenmeňli geňeşliginiň Magtymguly obasynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi Dursun Jumaýewa özüniň döreden öý muzeýinde alyp barýan işleri dogrusynda täsirli çykyş etdi. Ol ýaşlygyndan oba adamlarynyň durmuşy, olaryň ulanan zähmet gurallary, däp-dessurlary bilen içgin gyzyklanyp, olar dogrusynda täsirli maglumatlary toplaýar. Onuň belleýşi ýaly, öý muzeýinde oba adamlarynyň arasynda bolup, gymmatlyk hökmünde toplan gap-çanaklary, ekerançylykda ulanylan esbaplar, milli şaý-sepler, haly we haly önümleri esasy orny eýeleýär. Muzeýde 2 müňe golaý tapyndy bolup, olaryň aglabasy halk hojalygynda peýdalanylan gurallardyr. Duşuşyga gatnaşanlar Dursun Jumaýewanyň öý muzeýindäki gymmatlyklary bilen wideoşekilli görnüşde ýakyndan tanyş boldular.

Eneş JORAÝEWA,
ýörite habarçymyz.