"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Tä­miz­li­giň we päk­li­giň baý­ra­my

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hal­ky­my­zyň kö­pa­syr­lyk däp-des­sur­la­ry­na aýaw­ly ga­ra­mak, ru­hy baý­ly­gy­my­zy gorap sak­la­mak ba­ra­da ed­ýän taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de Ora­za baý­ra­my ýur­du­myz­da mil­li däp­le­ri­mi­ze la­ýyk­lyk­da giň­den bel­le­nil­ýär, jem­gy­ýe­ti je­bis­leş­dir­ýän, yn­san­per­wer­lik we wa­tan­çy­lyk duý­gu­la­ry­ny ter­bi­ýe­le­ýän me­de­ni çä­re­ler gu­ral­ýar. Met­jit­ler­de ata Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň, hal­ky­my­zyň bagt­ly we aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­nyň, ru­hy-me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­my­zy hem-de pa­ra­hat­çy­lyksö­ýü­ji­lik, yn­san­per­wer­lik, raý­daş­lyk ýa­ly ýö­rel­ge­le­ri­mi­zi art­dyr­ma­gyň bäh­bi­di­ne, mil­li ag­zy­bir­li­gi­mi­zi we je­bis­li­gi­mi­zi has-da ber­kit­me­giň ha­ty­ra­sy­na do­ga-di­leg­ler edil­ýär.

Ar­ka­dag şä­he­ri — ösüş­le­riň göz­ba­şy

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz dost-do­gan­ly­gyň, pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dün­ýä de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän yl­my-ama­ly mas­la­hat­la­ryň, fo­rum­la­ryň mer­ke­zi­ne öw­rül­di. Ýur­du­my­zyň ýü­re­gi bo­lan paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat se­bit­de yla­laş­dy­ry­jy mer­kez hök­mün­de ta­nal­ýar. Çün­ki köp­ta­rap­ly hyz­mat­daş­lyk­la­ra esas­lan­ýan hal­ka­ra mas­la­hat­lar­dyr ýyg­nak­lar şu şä­her­de baş­la­nyp, hem­me­ta­rap­la­ýyn bäh­bit­li çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi bi­len hem ta­mam­lan­ýar.

Ar­ka­dag şä­he­rin­de Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my my­na­sy­bet­li bäsleşikler geçiriler

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 Ýur­du­myz­da bel­le­nil­ýän toý­dur baý­ram­lar öz­bo­luş­ly şow­hu­ny bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Her ýyl uly da­ba­ra bi­len bel­len­ilýän Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­myn­da türk­men at­la­ry­nyň gö­zel­lik bäs­le­şi­gi­ni, ça­py­şyk­la­ry, ser­gi­le­ri, aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ry gu­ra­mak in­di dä­be öw­rül­di. Baý­ram­çy­lyk­la­ryň bi­ri-bi­rin­den özboluşly bol­şy ýa­ly, ola­ryň her ýyl­da bel­le­ni­li­şi hem aý­ra­tyn tapawutlan­ýar. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek bäs­le­şik­ler Ar­ka­dag şä­he­rin­de da­ba­ra­lan­dyrylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işler hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ilkinji gezek bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňledi. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Gahryman Arkadagymyz aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL Karbamidiň möçberi ýokarlanýar

Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň da­ba­ra­lan­ma­sy

«Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň dur­muş-yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty, me­de­ni ösü­şi hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy we aba­dan­çy­ly­gy, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň sag­dyn­ly­gy, ne­sil­le­ri­mi­ziň be­den hem-de ru­hy taý­dan saz­la­şyk­ly ösü­şi bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr» di­ýip nyg­ta­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni has-da giň ge­rim bi­len jem­gy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ul­gam­la­ry­na or­naş­dyr­mak ba­bat­da hem dün­ýä nus­ga­lyk iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mu­nuň özi Gahryman Arkadagymyzyň bin­ýa­dy­ny go­ýan be­ýik iş­le­ri­niň üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň gü­wä­si bo­lup da­ba­ra­lan­ýar. Ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän şan­ly baý­ram­çy­lyk­lar­da, esa­san hem, Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­nün­de we Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nün­de köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş­le­ri ge­çir­mek bol­sa asyl­ly dä­be öw­rül­di. Ine, ge­çen ýek­şen­be gü­ni Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li paý­tag­ty­myz­da hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş hem mil­li se­ne­na­ma­myz­da my­na­syp orun alan bu se­nä­niň her ýyl uly ru­hu­be­lent­lik­de giň­den bel­le­nil­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy bol­dy.

Sylag gowşurylyş dabaralary

7-nji ap­rel­de Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň «Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty» sport top­lu­myn­da ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, al­tyn me­dal­la­ry ga­za­nan tür­gen­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Ola­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň adyn­dan sow­gat­lar, şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Ýaş­lar – Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly ki­ta­by gow­şu­ryl­dy. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­niň, ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­tuň ös­dü­ril­me­gi, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz et­mek bo­ýun­ça çä­re­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan mak­sat­na­ma­la­ýyn stra­te­gi­ýa­nyň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­dir. Spor­tuň Olim­pi­ýa gör­nüş­le­ri üçin ni­ýet­le­nen hä­zir­ki za­man sport des­ga­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy, tür­gen­le­riň, tä­lim­çi­le­riň we beý­le­ki sport hü­när­men­le­ri­niň taý­ýar­la­nyl­ma­gy üçin döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan ägirt uly ma­ýa go­ýum­lar gö­nük­di­ril­ýär.

Hereketli we sanly sport

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda «Hereketli we sanly sport – sportda innowasiýalar» atly sportuň täze fijital görnüşleri (physical+digital) boýunça ýaryşlar hem-de açyk gapylar hepdeligi geçirildi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň köpugurly sport toplumynda guralan ýaryşlar gyzgalaňly häsiýete eýe boldy. Bäsleşikde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 33-sinden okuwçylar, ýokary okuw mekdepleriniň 21-sinden talyplar çykyş etdiler. Netijede, ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen fijital-futbol ýaryşynda Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebiniň topary 1-nji orny eýeledi. Fijital-basketbol ýaryşynda «Olimp» orta sport mekdebiniň topary öňdeligi eýeledi. Fijital-stol tennisi ýaryşynda Aşgabat şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň topary tapawutlandy. Fijital-karatedo ýaryşynda Allanur Ýalkabow (-52 kg), Jora Öwezmyradow (-57 kg), Garamämmet Garamämmedow (-63 kg), Amangeldi Ataýew (-70 kg), Silapberdi Orazgeldiýew (+70 kg) dagy 1-nji orunlara mynasyp boldy.

Türk­me­nis­tan – sport ýur­dy

Eziz Di­ýa­ry­myz Türk­me­nis­tan hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mö­hüm ug­ry hök­mün­de spor­ty ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet ber­ýär. Şu­nuň esa­syn­da hem, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz sport ýur­du­na öw­rül­ýär. El­bet­de, mu­nuň özi Gahryman Arkadagymyzyň bin­ýa­dy­ny go­ýan sport sy­ýa­sa­ty­nyň mi­we­si­dir, şol döw­let­li ýö­rel­gä­niň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan my­na­syp do­wam et­di­ril­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de ýe­ti­len be­lent sep­git­dir. Eziz Di­ýa­ry­myz­da iň iri sport baý­ram­çy­lyk­la­ry­nyň yzy­gi­der­li gu­ral­ma­gy di­ňe mil­li spor­tu­my­zyň saz­la­şyk­ly ösü­şi­niň gi­re­wi bol­man, eý­sem, Wa­ta­ny­my­zyň sport ýur­dy hök­mün­de hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­dä­ki ab­raý-mer­te­be­si­ni pug­ta­lan­dyr­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Äh­li üs­tün­lik­le­riň sa­ka­sy

Äh­li üs­tün­lik­le­riň, ro­waç­lyk­la­ryň sa­ka­sy sag­lyk­dyr. Şol esas­dan hem, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­myz­da adam we onuň sag­ly­gy baş gym­mat­lyk hök­mün­de äh­li zat­dan ile­ri tu­tul­ýar. Hä­zir­ki za­ma­nyň iň ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, luk­man­çy­lyk yl­my­nyň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry or­naş­dy­ry­lan sag­ly­gy go­ra­ýyş des­ga­la­ry Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de hal­kyň hyz­ma­tyn­da. Olar­da yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ber­kit­mek, be­jer­mek üçin äh­li amat­lyk­lar üp­jün edi­len­dir. Aja­ýyp za­ma­na­myz­da dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän şy­pa­ha­na­lar, sport top­lum­la­ry, sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­ri hem äh­li et­rap-şä­her­le­ri­mi­ziň be­ze­gi­ne öw­rü­lip, olar hal­ky­my­zyň sag­dyn, bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek­li­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň adam­la­ryň gün­de­lik dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne öw­rül­mek­le­ri üçin dün­ýä nus­ga­lyk şert-müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­di­len­di­gem buý­sanç bi­len bel­le­nil­me­li ha­ky­kat­dyr. Ýa­ra­maz en­dik­le­re gar­şy gö­reş­mek, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni, spor­ty wa­gyz et­mek bo­ýun­ça dür­li çä­re­ler hem asyl­ly dä­be öw­rü­lip, olar­da ýa­şy­na, kä­ri­ne ga­ra­maz

Gyzykly bäsleşikler

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda «Gökje» sport desgasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Ýaş türgenleriň çykyşlarynda, hereketlerinde milli sportumyzyň gelejeginiň diňe ýeňişlere hem-de ajaýyp netijelere beslenjekdigi öz beýanyny tapdy. Bäsleşikleriň bütin dowamynda ýurdumyzda sportuň ösmeginde, onuň halkara derejesinde dabaralanmagynda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri beýan edildi.

Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet

Eziz Diýarymyzda ýaş nesillerimiziň bagtyýar, asuda ýaşaýşy barada alada edilip, häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda, köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sport medeniýetini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri guruldy. Paýtagtymyz Aşgabatda bina edilen sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi bolsa sport mümkinçilikleri bilen göreni haýrana goýýar. Bu gün Türkmenistan sporty parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine gönükdirmegiň tarapdary hökmünde çykyş edýär. Olimpiýa hereketiniň belent maksatlaryna ygrarlylyk, ýokary netijeli sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmegi we wagyz edilmegi, ýurdumyzda häzirki zaman sport düzümleriniň kemala getirilmegi beden taýdan berk ýaş nesliň terbiýelenmegi, jemgyýetimizde sagdyn-durmuş ýörelgesiniň dabaralanmagy üçin möhüm binýat bolup hyzmat edýär. Türkmenistanlylaryň sport bilen meşgullanmagy hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýarys.

Geçmişiň hem geljegiň altyn halkasy

Uzak Gündogardan gözbaş alyp, Günbatarda Ortaýer deňzine çenli uzap gidýän Beýik Ýüpek ýoly Türkmenistanyň çäginde hem birnäçe şäherleriň, galalaryň, kerwensaraýlaryň üstünden geçipdir. Bu bolsa türkmen topragynda ýerleşen şäherleriň ählitaraplaýyn gülläp ösmegine amatly şert döredipdir. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen halkymyzyň baý taryhyny öwrenmäge we ýaş nesle wagyz etmäge uly ähmiýet berilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistan dürli ulag ýollarynyň sazlaşykly ösüşi bilen özüniň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky möhüm söwda merkezleriniň biri hökmündäki gadymy şöhratyny döwrebap görnüşde dikeldýär. Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ýollarynyň köp ugurlary Ortaýer deňzinden tä Hytaýa çenli baryp, gadymy geçmişde we orta asyrlarda söwda gatnaşyklary we Günbatar bilen Gündogaryň medeniýetleriniň arabaglanyşygyny üpjün etdi. Beýik Ýüpek ýolunyň has köp bölegi Orta Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň üstünden hem geçipdir. Hytaýyň ýüpegi, Hindistanyň hoşboýlary we gymmat baha tebigy reňkli daşlary we ençeme başga-da harytlar bilen ýüklenen kerwenler Garagumuň içinden Merwiň we Horezmiň jülgelerinden, Murgabyň we Amyderýanyň üstünden aşypdyrlar. Kerwenleriň ugrunda baý-baý şäherler, söwda-senetçilik ilatly ýerler, kerwensaraýlar, metjitler we medreseler güll

Ynam – adamzadyň zynatydyr

“KODAK” kompaniýasynyň düýbini tutan Jorj Istman 1935-nji ýylda ýönekeýje fotoapparat bilen Afrikadaky ýyrtyjy haýwanlaryň suratyny örän golaýdan düşürmegi başarypdyr. Şeýle golaýdan, hat-da ýanynda duran ýaly edilip düşürilen suratlary görüp, onuň dostlary: “Sen muny nädip başardyň?” diýip, geň galyp sorapdyrlar. Şonda Istman şeýle jogap beripdir: “Suratlary düşürýän wagtym meniň ýanymda örän ynamdar bir awçy bardy. Men ol mergene göz çaky bilen 10 metr aralygy görkezdim we “Haýwanlar ürküp, maňa tarap topuljak bolaýsalar, şol bellenen aralykdan geçmänkäler at” diýip tabşyrdym”. Muňa onuň dostlary şeýle bir haýran galyp: “Eger, bardy-geldi awçy olary atyp ýetişmedik bolsa, şonda näderdiň? Sen oňa nädip janyňy ynanyp bildiň?” diýip sorapdyrlar. Istman bolsa olara: “Dostlar, eger siz durmuşda üstünlik gazanaýyn, belent sepgitlere ýeteýin diýseňiz, onda bile iş salyşýan ýoldaşlaryňyza ynanmaklygy başarmalysyňyz” diýipdir. Hakykatdan-da, biz gündelik durmuşymyzda ençeme adamlar bilen aragatnaşyk we hyzmatdaşlyk saklaýarys. Biri-birinden tapawutly, dürli gylyk-häsiýetli adamlara gabat gelýäris. Ýaşaýyş, durmuş biziň ynanýan, söýýän, sylag-sarpa goýýan zatlarymyz bilen aýratyn mana eýe bolýar, has-da gözelleşýär, ajaýyplaşýar. Biz mydama öz begenjimizi, gam-gussamyzy, derdimizi şeýle ynamdar adamlar bilen deň paýlaşýarys. Biz şeýle adamlaryň ýanynda bolsak, özümizi has ynamda

Şöhratly geçmişden aýdyň geljege çyrag

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan gadymy hem şöhratly taryhyň, baý mirasyň eýesi bolmak bilen, dünýäde belent abraýa eýedir. Häzirki wagtda ata-babalarymyzyň mukaddes ýol-ýörelgesi dowam etdirilýär, döwre görä ösdürilýär. Her bir türkmenistanly bu beýik hakykata guwanyp, buýsanyp ýaşaýar. Şol buýsanç halkymyzy röwşen geljegiň belentliklerine ruhlandyrýar. Şoňa görä-de, Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy tutuş halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Bu waka Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabarasyny hem artdyrýar. Täze kitap «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly üç bapdan we bölümlerden ybarat bolmak bilen, onda okyjylar köpçüligine, ylmy jemgyýetçilige Watanymyzyň şöhratly taryhy, halkymyzyň baý medeni mirasy barada giň düşünje berilýär. Şunda türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň ösüşine goşan goşandy gadymy Änew medeniýetiniň mysalynda giňişleýin beýan edilýär. Bu neşiriň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň işgärleri üçin örän ähmiýetli bolandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Guwandyrýan görkezijiler bilen

Halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluna wepaly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşlarynda berk jebisleşip, 2024-nji ýyly ruhubelentlik bilen garşylany ýap-ýaňy ýalydy. Hasaplap otursaň, şol şatlyk-şagalaňa, ýagşy arzuw-umytlara beslenen günlerden bäri eýýäm üç aý geçip, «Pähim-paýhas ummamy Magtymguly Pyragy» ýylynyň birinji çärýegi tamamlandy. Munuň özi gazanylan önümçilik netijelerine ser salmaga we olara baha bermäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň Gündogar sebitiniň senagat kärhanalarynda geçen döwürde gowy görkezijilere eýe bolnandygy bellärliklidir. Has takygy, welaýatymyzda şu ýylyň tamamlanan üç aýynda senagat önümleriniň 5,3 milliard manatlykdan gowragy öndürildi. Iri we orta senagat kärhanalarynda öndürilen önümleriň artyş depgini himiýa, ýangyç-energetika we azyk senagatynyň kärhanalarynda emele geldi. Üstümizdäki ýylyň geçen döwründe senagat kärhanalary tarapyndan sarp edijilere ugradylan senagat önümleriniň möçberi (ýylyň başyna önümleriň galyndylaryny goşmak bilen) 1,5 milliard manatlykdan gowrak boldy. Şonça önümiň 61,2 göterimi bolsa ýurdumyzyň daşyna ugradyldy. Geçen çärýekde sarp ediş harytlarynyň jemi öndürilişi 822,1 million manatlyga barabar boldy. Şonda döwlete degişli kärhanalarda bu önümleriň 206,8 million manatlygy öndürildi.

Kalbymyzda kuýaş, göwnümizde güneş

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bosagasynda bize «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabyny serpaý ýapdy. Çuňňur many-mazmuna ýugrulan bu ajaýyp eser biziň ruhy ganatymyza, ylham çeşmämize öwrüldi. Hut şu kitapdan täsirlenip, ýaşlaryň ylym-bilime, sportuň we sungatyň dürli ugurlaryna bolan gyzyklanmalarynyň artmagy biziň gündelik işimize-de täzeçe öwüşgin çaýdy. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimiziň giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenilen «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze eseriniň çapdan çykmagy bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň şanyna şan goşup, her birimiziň kalbymyzy egsilmez joşguna besledi.

Täze many-mazmun bilen baýlaşýan dost-doganlyk gatnaşyklary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen okgunly öňe barýan eziz Diýarymyzda dünýä döwletleri — ýakyn goňşy we alysdaky ýurtlar bilen dost-doganlyga, özara bähbitli hoşniýetli gatnaşyklara esaslanýan syýasat alnyp barylýar. Sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilýän syýasatyň netijesinde gazanylýan üstünlikler halkymyzyň köňül buýsanjyna öwrülýär. Biz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň goňşy Täjigistan Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda hem şeýle guwandyryjy wakalaryň şaýady bolduk. Milli Liderimiziň Täjigistana bolan döwlet sapary goňşy döwletleriň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna baha bermekde, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmakda we türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny täze derejelere çykarmakda aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Ösüşlerimiziň ygtybarly esasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýady berkidilip, döwrebap kanunlar kabul edilýär. Munuň özi ösüp özgerýän döwrümiziň möhüm talaby bolup durýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilýän maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde kämil milli kanunçylygyň ähmiýeti uludyr. Jemgyýetimiziň we döwletimiziň ösüşini üpjün edýän kanunlar bolsa hukuk syýasatynyň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Ýurduň kanunçylyk hukuk namalarynyň halkymyzyň asyrlardan dowam edip gelýän demokratik, ynsanperwer ýörelgelerine esaslanmak bilen, bagtyýar raýatlarymyzyň bähbidinden ugur alýandygyny bellemek gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda şu ýylyň 22-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde hem «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» kanunçylyk wezipeleriniň öňde goýlandygyna aýratyn üns çekildi. Gahryman Arkadagymyz bu ugurda ýerine ýetirilmeli işleriň möhüm ugurlary barada aýtdy. Hususan-da, maýa goýumlary çekmegiň hem-de maýadarlary goramagyň we goldamagyň, intellektual eýeçiligi goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, intellektual eýeçilik hukuklaryny döwlet we halkara derejede goramagyň kepilliklerini üpjün etmek, milli ykdysadyýetiň dünýä bazaryna goşulyşmagy üçin işewürlik gurşawyny

Gadymy şäheriň buýsançly tarypy

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby nesil terbiýesinde, aň-düşünje kämilliginde milli medeni mirasyň, taryhyň, däp-dessurlaryň, durmuş ýörelgeleriniň aýratyn hyzmatyny mynasyp beýan edýär. Çünki bu gymmatlyklar halkymyzyň umumadamzat ösüşine goşan saldamly goşandyny dolulygyna açyp görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserinde nygtaýşy ýaly, iňňän baý taryhyň mirasdüşeri bolan Änew şäheriniň geçmiş taryhyny ylmy taýdan içgin öwrenmekde Rafael Pampelli, Wadim Masson, Wiktor Sarianidi ýaly ägirtleriň bitiren işleri uludyr. Ol işler Änew medeniýetiniň dünýäde ykrar edilmeginde wajyp ähmiýetli boldy. Täze eser bolsa dünýä ykrarnamasyna eýe bolan gadymy Änew medeniýetiniň jümmüşine gaýybana syýahata alyp gidýär. Mazmun taýdan örän sazlaşykly ýagdaýda biri-biriniň üstüni ýetirýän baplardan hem-de bölümlerden ybarat bolan kitap türkmen halkynyň dünýäniň medeni ösüşindäki mynasyp orny bilen içgin tanyşdyrýar. Bu bolsa biziň her birimiziň geçmiş taryhymyza, ruhy-medeni gymmatlyklarymyza, asylly durmuş ýörelgelerimize bolan buýsanjymyzy artdyrýar. Täze eseriň öz okyjylaryna şeýle buýsanjy peşgeş bermegi ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişiniň, döreden maddy we ruhy gymmatlyklarynyň, ýol-ýörelgeleriniň täze taryhy eýýamyň nesilleri üçin ruhlandyryjy güýç bolup durýandygyny görkezýär. Şol bir wagtda munuň özi eziz Diýarymyzy