"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Sport. Sport. Sport.

Ussat türgenler ýetişýär Tagtabazar etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň sport mekdebinde sportuň 7 görnüşi boýunça tälim berilýär. Sport mekdebinde ussat tälimçi Agzamguly Gurbangeldiýew ýaş woleýbolçy türgenleriň 30-a golaýyna tälim berýär. Mekdebiň ýaş woleýbolçy türgenleri etrap, welaýat boýunça guralýan ýaryşlarda baýrakly orunlary eýeläp gelýärler.

Güýçlüler öňe saýlandy

Gökdere jülgesindäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde sport ýaryşlary geçirildi. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň bilelikdäki meýilnamasy esasynda geçirilen ýaryşlara merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalar gatnaşdy. Mekdep okuwçylarynyň dynç alyş günleriniň manyly we netijeli geçmegini, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini gazanmak, sport-sagaldyş hereketlerine bolan höwesini ýokarlandyrmak we sportda tapawutlanýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryşlara gyzyklanma ýokary boldy. Şaşka, futbol, woleýbol, ýeňil atletika ýaly görnüşler boýunça guralan ýaryşlara toparlaryň birnäçesi goşuldy.

Türkmen futbolçylarynyň üstünligi

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Dünýä çempionaty — 2022-niň ikinji saýlama tapgyryny ýeňiş bilen tamamlady. Aziýa yklymy boýunça saýlama duşuşyklaryň «H» toparçasynda ýaryşan türkmen futbolçylary düýn — 9-njy iýunda Liwanyň ýygyndysyndan 3:2 hasabynda üstün çykyp, janköýerlerini begendirdi. Ýeri gelende aýtsak, Ýer ýüzüni gurşap alan koronawirus pandemiýasy sebäpli saýlama tapgyryň ahyrky duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşde geçirildi. Şeýlelikde, Aziýanyň Futbol konfederasiýasy «H» toparçanyň duşuşyklaryny Koreýa Respublikasynda geçirmek kararyna geldi. Şol karara laýyklykda, türkmen futbolçylary toparçadaky soňky iki duşuşygyny bu döwletde geçirdi. Olaryň ilkinjisinde ýer eýelerinden asgyn gelen ildeşlerimiz ikinji duşuşykda toparçada öňdäki iki ornuň birini eýelän bäsdeşini — Liwanyň ýygyndysyny ýeňmegi başardy. Duşuşykda biziň ýygyndymyzyň pökgülerini 59-njy minutda Zafar Babajanow, 85-nji minutda Güýçmyrat Annagulyýew, goşmaça wagtyň 1-nji minudynda Altymyrat Annadurdyýew geçirdi.

Ruhubelentligiň mekany

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda adam we onuň saglygy hakyndaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak babatynda alnyp barylýan ägirt uly işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda Halkara Olimpiýa komiteti we sport federasiýalary bilen ýygjam gatnaşyk alnyp barylýar, sportuň köp görnüşleri, şol sanda welosiped sporty barha uly ösüşlere eýe bolýar. Paýtagtymyz Aşgabadyň gözelligine gözellik goşýan ajaýyp Olimpiýa şäherçesi diňe bir halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýänliginiň nyşany däl-de, eýsem, halkymyzyň sporta bolan söýgüsiniň hem nyşanydyr. Bu ýerde 2017-nji ýylyň sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylyň noýabrynda bolsa Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi.

Eýranly türkmen russiýada ýylyň futbolçysy boldy

«Zenit» futbol klubunyň hüjümçisi, eýranly türkmen Serdar Azmun 2020 — 2021-nji ýylyň möwsüminde Russiýanyň Premýer ligasynyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi. Geçirilen ses berlişikde 76 utuk toplan eýranly türkmen ýigidi birinji orny eýeledi. Ol geçen möwsümde topary bilen 24 duşuşyga gatnaşyp, 19 gezek tapawutlanypdy. Şeýle hem bassyr üçünji gezek Russiýanyň çempiony boldy. Ýylyň iň gowy futbolçysyna berlen seslerde 61 utuk bilen ikinji orna «Zenitden» Artýom Dzýuba, 51 utuk bilen üçünji orna «Soçiden» Kristian Noboa mynasyp boldy. Ses berlişige Tinkoff ― RPL-niň baş tälimçileri, kapitanlary, Russiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Stanislaw Çerçesow we «Matç Premýer» teleýaýlymynyň sport teswirçileri gatnaşdylar.

Maradona — dünýä futbolynyň ägirdi

«Futbolyň Mikelanjelosy», «Altyn oglanjyk» diýen lakamlar bilen derejelenen, dünýä futbolynda gaýtalanmajak yz goýmagy başaran argentinaly Diýego Maradona, bilşimiz ýaly, geçen ýylyň noýabrynda, 60 ýaşandan soň kän wagt geçmänkä aradan çykdy. XX asyryň iň güýçli üç futbolçysynyň biri diýlip ykrar edilen, «The Times» gazeti tarapyndan bolsa dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky iň güýçli futbolçy diýlip saýlanan dünýä futbolynyň ägirdi Maradona hakynda aýdylanlar okyjylarymyzy biparh goýmaz diýip pikir edýäris. Fransisko Korneho,

Ylgaw bäsleşikleri

Balkan sement zawodynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan bu kärhananyň işgärleriniň arasynda 100 metr aralyga ylgamak boýunça geçirilen ýaryşlar sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň barha köpelýändiginiň, sport çäreleriniň ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny gurşap alandygynyň özboluşly subutnamasyna öwrüldi. Gyzykly geçen ýaryşyň netijesi boýunça erkekleriň arasynda Annadurdy Garabaýew birinji, Şatlyk Gurbanow ikinji, Akmyrat Salyhberdiýew üçünji orunlary eýelediler.

Görlüp-eşidilmedik şertnama

Sportda iň köp gazanç edýän türgenler amerikan futbolynyň wekilleri bolup durýarlar. Sportuň bu görnüşiniň ussatlarynyň biri bolan Patrik Mahoumsyň «Kanzas-Siti Çifs» topary bilen baglaşan şertnamasy hem muňa ikirjiňlenmäge ýer goýmady. 503 million dollara barabar bolan bu şertnama dünýä sportunda iň gymmat bahaly şertnama hökmünde taryha girdi. Amerikanyň milli futbol ligasynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, Patrik Mahoums diňe bir dünýäniň iň ýokary hak alýan türgeni bolmak bilen çäklenmän, eýsem, amerikan futbolyny oýnaýanlaryň arasynda ýarym milliarddan geçýän möçberde şertnama baglaşan ilkinji oýunçydyr.

Konkur barada kelam agyz

Atçylyk sportunyň iň kyn we gyzykly görnüşleriniň biri bolup durýan konkur öz gözbaşyny XIX asyryň 50-nji ýyllaryndan alyp gaýdýar. Şonda Parižde geçen sergileriň birinde ilkinji gezek atlaryň beýiklikden böküp geçmegi boýunça ýaryş guralyp, sportuň bu täze görnüşine «Konkur-tppik» diýen at berilýär. *  *  *

«Atasy üç ýaşynda, ogly bazara gider» (Janköýeriň ýazgylaryndan)

«Üzüm» diýýäňizmi?! Belki, şeýledir?! Ylalaşmanam duramok. Ýöne, geliň, bu mataly özüne mahsus ýeňillikli sowallar arkaly çözmäge synanyşalyň! JANLYMY, JANSYZ?!

Halkara ýaryşlaryň mekany

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň saglygyny berkitmek boýunça amala aşyrýan beýik işleri, ilkinji nobatda, döwletimiziň ýöredýän durmuş syýasatyna, onuň kanunçylyk taýdan üpjün edilişine, lukmançylyk hyzmatlarynyň ugurlaryny kämilleşdirmäge her bir ynsanyň aň-düşünjesine, sagdyn durmuş ýörelgelerini we endiklerini, ruhy hem-de ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmäge esaslanýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine, ugurdaş düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna we giňeldilmegine gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mähriban Arkadagymyz paýtagtymyzyň çäginde bar bolan sport meýdançalary, stadionlary netijeli peýdalanmak, ýaşyna garamazdan, her bir adamyň, aýratyn-da, ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin zerur mümkinçilikleri üpjün etmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Hut şu belent maksatlardan ugur alnyp, ýurdumyzyň künjekleriniň ählisinde köpsanly desgalar — iri sport we atçylyk sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri hem-de şypahanalar guruldy. Olar halkara ölçeglerine doly laýyk gelýär.

Ýaryş çekeleşikli geçdi

Sarahs etrabyndaky «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» ady bilen welosiped ýaryşy geçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli guralan ýaryşa müdirlikde zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy. Şöhratly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuny dabaralandyrmak, ýaşlary sport-sagaldyş hereketlerine, köpçülikleýin bedenterbiýä çekmek hem-de olaryň sporta höweslerini artdyrmak maksady bilen geçirilen ýaryş oňa gatnaşyjylar üçin özboluşly synaga öwrüldi. Olar ýaryşda bellenilen aralygy geçmek bilen, welosiped sportuny özlerine hemra edinendiklerini we bu ugurda barha taplanýandyklaryny görkezdiler.

Bütindünýä sport baýramy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji maslahatynda dünýäniň 56 döwletiniň awtordaşlygynda 3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni hakynda Kararnama (Rezolýusiýa) kabul edildi. Her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň parahatçylygy, dostlugy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky başlangyçlarynyň biragyzdan ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär. Bu taryhy waka döwletimiziň halkara abraýynyň artýandygyna, onuň parahatçylyk söýüji, ynsanperwerlik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny subut edýär. Şol ýylyň 1-nji iýunynda paýtagtymyzyň «Aşgabat» köpugurly stadionynda welosport boýunça geçirilen köpçülikleýin türgenleşik sapagyna 3 müň 246 sany welosiped söýüjileriň gatnaşmagy sportuň bu görnüşi boýunça dünýäde guralan iň köpçülikleýin okuw türgenleşigi hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hasaba alyndy. Şeýle hem, 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden sebitde deňi-taýy bolmadyk Aşgabat Olimpiýa şäherçesiniň töwereginden 2019 sany welosipedçiniň gatnaşmagynda «Iň dowamly — bir nyzamly» welosipedli ýörişi geçirildi hem-de Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hasaba alyndy. Bu çäreleriň netijesi boýunça degişli şahadatnamalar türkmen

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy

3-nji iýunda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Şol gün milli Liderimiz Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy.

Bagtyýar durmuşyň girewi

Welaýat häkimliginiň, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, «Türkmenistan»  ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, welaýat Polisiýa müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda maslahat geçirildi. Onda çykyş edenler ekologiýa taýdan arassa ulag bolan welosipediň ynsan saglygyna ýetirýän täsiriniň uludygy barada gürrüň etdiler. Welosipediň döreýiş taryhy, ekologiýa taýdan peýdalydygy barada aýdyp, ony sürmegiň adamyň ömrüni uzaldýandygyny, işe ukyplylygyny artdyrýandygyny, şähdini açyp, ruhuny has-da belende göterýändigini nygtadylar. Hormatly Prezidentimiziň döwlet hem-de il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli möhüm işleriniň örän köpdügine garamazdan, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda welosiped sporty bilen meşgullanmaga wagt tapyp, halkymyza nusgalyk görelde bolup durýandygyny bellediler. Türkmen sportunyň hak howandary milli Liderimiziň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, il-halkyň bähbidini nazarlaýan beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Sport — ýaşaýşyň gözelligi

Ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi 3-nji iýunda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň ähmiýetini açyp görkezýän bu halkara baýram parahatçylygyň ilçisi hökmünde sporty giňden wagyz etmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Ýer ýüzüniň halklarynyň sarpalaýan senesi

Eýýäm ençeme ýylyň içidir, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz sporta uly üns berýän ýurt hökmünde dünýäde meşhurlyga eýe bolup gelýär. Sportuň ähli görnüşlerem peýdalydyr welin, onuň ynsan saglygy üçin örän haýyrly görnüşleriniň biriniň welosiped sportudygy ykrar edilen hakykatdyr. Şonuň üçin Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen welosiped sportuny ösdürmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylan işleri dünýä nusgalyk diýip häsiýetlendirmek bolar. Hut şol esasdanam, döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, welosiped sportunyň häzirki döwürde köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy halkymyzyň sportuň bu görnüşine bolan höwesiniň ýokarlanýandygyny görkezýär, welosipedli gezelenç etmek täsirli dynç alyş bilen utgaşdyrylýar, welosiped sporty bilen meşgullanmak, milli baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli işjeň welosipedli ýörişleri guramak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Eýsem-de, milli baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli welosipedli ýörişleri guramaklyk asylly däbe öwrülen eziz Diýarymyzda sportuň bu görnüşine gönüden-göni dahylly senede — milli Liderimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Bütindünýä welosiped gününde şeýle ýörişleriň has-da giň gerime eýe boljakdygy öz-özünden düşnüklidir. Hawa, Bütindünýä welosiped güni «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda

Sportuň ösen Diýary

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şol sanda sport ulgamynda hem özgertmeler geçirilýär. Watanymyzda bedenterbiýäniň we sportuň kämilleşmegi, raýatlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýe bolmagy, şeýle hem sport ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyň giňelmegi döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri. Şeýle syýasaty durmuşa geçirmek maksady bilen Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyz Aşgabatda köpugurly stadionlar, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlary, aýlawlar, sport mekdepleri we başga-da ençeme desgalar bina edildi. Hormatly Prezidentimiziň sport ulgamynda alyp barýan syýasaty halkara we sebitleýin sport guramalary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmaga we giňeltmäge uly mümkinçilik berýär. Öňňin ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şeýle hem paýtagtymyz Aşgabatda Bütindünýä welosiped güni giňden bellenilip geçildi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen bu baýramçylyk Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda mähriban Watanymyzyň sportuň ösen Diýaryna öwrülendiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Goý, türkmen sportuny ösdürmekde we ony dünýäde belent derejelere ýetirmekde bimöçber tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, belent maksatlary elmydama rowaç bolsun!

Belent ruhuň ýaýrawy dünýä ýaýylýar

Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan döredilen Bütindünýä welosiped güni biziň welaýatymyzda hem hakyky baýramçylyk ruhuny emele getirdi. 3-nji iýun güni bu ählihalk sport baýramçylygy mynasybetli guralan dabaralar etrapdyr şäherlerimiziň ählisini gurşap aldy. Köpçülikleýin welosipedli ýörişler bolsa dabaralaryň esasy aýratynlygyna öwrüldi. Welaýat merkezinde geçirilen weloýörişe bagtyýar ildeşlerimiziň ýüzlerçesi gatnaşdy. Oňa Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat ― Farap awtomobil köprüsiniň golaýyndan badalga berildi. Ir säherden Jeýhunyň sag kenaryna ýörişe gatnaşmak üçin ýygnanyşan welosiped sportunyň muşdaklary welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen garşylanyldy. Olar «Ýüpek ýoly» binasynyň daşyndan aýlaw edip, welaýat merkezine tarap bat aldylar. Ýörişe gatnaşyjylar Türkmenabadyň iň gözel ýerleriniň üstünden geçip, Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugry bilen baýramçylyk ruhuna beslenen ýörişi dowam etdirdiler. Ýörişe gatnaşyjylar Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň, welaýat kitaphanasynyň öňündäki meýdançalarda guralan aýdym-sazly çykyşlara hem tomaşa etdiler. Köpçülikleýin welosipedli ýöriş welaýat merkezindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda tamamlandy. Bu ýerde guralan ýaryşlar türgenlerimiziň görkezme

Möhüm ugra öwrüldi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda her bir adamda sporta, sagdyn durmuş ýörelgesine bolan höwesi artdyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän ägirt uly işler özüniň netijesini berýär. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän sport we sagdynlyk syýasaty, daşky gurşawy gorap saklamak babatda ekologiýa syýasaty diňe bir halkymyz tarapyndan goldanman, eýsem, dünýä derejesinde giňden ykrar edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň öňe süren başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni” diýlip ykrar edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ine, şol günden bäri hem biziň döwletimizde welosipedli ýörişler, ýaryşlar yzygiderli we guramaçylykly ýagdaýda geçirilýär. Welosiped sürmek halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň sportuň bu görnüşine bolan söýgüsini artdyrýar